Bap 47
Şeýdip, Ýusup doganlaryndan bäşisini alyp, Goşen welaýatyndan gaýtdy we fyrownyň ýanyna gelip, oňa: «Kakam hem doganlarym özleriniň maşgalasy, ownukly-irili mallary we ähli goş-golamlary bilen Kengandan geldiler. Olar häzir Goşende» diýdi. Onsoň Ýusup doganlaryny fyrown bilen tanyş etdi.
3 Fyrown olardan: «Käriňiz näme?» diýip sorady. Olar fyrowna: «Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly çopandyrys» diýip jogap berdiler.
4 Olar fyrowna: «Ýowuz açlyk zerarly Kenganda dowarlarymyz üçin öri galmansoň, biz Müsürde gelmişek bolup ýaşamaga geldik. Şoňa görä-de siz öz gullaryňyza Goşen welaýatynda mesgen tutmaga ygtyýar ediň» diýdiler.
5 Fyrown Ýusuba şeýle diýdi: «Kakaňdyr doganlaryň seniň ýanyňa gelipdirler.
6 Müsüriň çar tarapy seniň üçin açykdyr. Olary ýurduň iň oňat ýerinde ýerleşdir. Goý, olar Goşen welaýatynda mesgen tutsunlar. Eger olaryň arasynda ukyplylary bar bolsa, olara meniň mallaryma seretdir».
7 Soňra Ýusup kakasyny fyrownyň huzuryna getirip, onuň bilen tanyş etdi. Ýakup fyrowna pata berdi.
8 Fyrown Ýakupdan: «Näçe ýaşyňda?» diýip sorady.
9 Ýakup: «Men göçüp-gonup ýüz otuz ýyl ýaşadym. Durmuşym gysga hem agyr boldy. Meniň ömrüm göçüp-gonup ýaşan ata-babalarymyňky ýaly uzak bolmady» diýdi.
10 Ýakup fyrowna ýene-de pata berip, onuň ýanyndan gaýtdy.
11 Ýusup kakasydyr doganlaryny Müsürde ýerleşdirdi. Ýusup fyrownyň özüne buýruşy ýaly edip, olara Müsüriň iň gowy ýeri bolan Ragmeses etrabyndan mülk berdi.
12 Ol kakasyny, doganlaryny we kakasynyň ähli hojalygyny – iň körpesine çenli azyk bilen üpjün etdi.
13 Açlyk juda ýowuzlaşyp, hiç ýerde iýmit ýokdy. Açlyk Müsürdir Kenganyň halklaryny halys ysgyndan gaçyrdy.
14 Ýusup galla satyp, Müsüriň hem Kenganyň ähli pullaryny syryp-süpürip aldy. Ol pullary fyrownyň köşgüne getirdi.
15 Şunlukda, Müsüriň-de, Kenganyň-da pulunyň soňuna çykylansoň, ähli müsürliler Ýusubyň ýanyna gelip, oňa: «Bize azyk ber. Indi biz gözüňiziň alnynda öläýmeli bolarysmy?! Pulumyzdan galan zat ýok» diýdiler.
16 Ýusup olara: «Eger puluňyz bolmasa, onda azygy mala çalşaýalyň» diýdi.
17 Şeýdip, olar öz mallaryny Ýusuba getirip berdiler. Ýusup hem olaryň atlaryny, ownukly-irili mallaryny we eşeklerini azyga çalyşdy. Şol ýyl Ýusup halkyň mallaryny alyp, olary azyk bilen üpjün etdi.
18 Bir ýyl geçdi. Indiki ýyl müsürliler ýene-de Ýusubyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: «Biz jenabymyzdan hiç zady ýaşyrmarys; bar pullarymyzy gutardyk, mallarymyzy bolsa biz size berdik. Size berer ýaly tenimizden we mülklerimizden başga galan zat ýokdur.
19 Indi biz gözüňiziň alnynda öläýmelimi, mülklerimiz çöle dönäýmelimi? Bizi mülklerimiz bilen bile al-da, bize azyk ber. Mülklerimiz bilen bile fyrowna gul bolaly. Biziň ölmezimiz ýaly, mülklerimiziň-de çöle dönmezi ýaly, siz bize tohum beriň».
20 Şeýdip, Ýusup Müsüriň ähli mülklerini fyrown üçin satyn aldy. Ähli müsürliler ýowuz açlyga döz gelip bilmän, öz mülklerini satdylar. Şeýlelikde, tutuş Müsür topragy fyrownyň eline geçdi.
21 Ýusup Müsüriň başdan-aýak ähli halkyny gula öwürdi.
22 Ol diňe ruhanylaryň mülk ýerine degmedi, çünki ruhanylara fyrown tarapyndan bellenen möçberde hak tölenilýärdi we olar şol tölenen hak bilen güzeran görýärdiler. Şol sebäpden hem olar öz mülklerini satmadylar.
23 Ýusup Müsür halkyna şeýle diýdi: «Fyrown üçin sizi ýerleriňiz bilen bile satyn aldym. Ine, tohum, alyň-da, ekiň.
24 Siz alan hasylyňyzyň bäşden bir bölegini fyrowna berersiňiz, dörtden bir bölegini bolsa özüňize tohum üçin, hojalyklaryňyza we çagalaryňyza azyk üçin alarsyňyz».
25 Olar: «Siz bizi halas etdiňiz; jenabymyz razy bolsa, biz fyrowna gul bolarys» diýdiler.
26 Şeýdip, Ýusup ruhanylardan başga hemmeleriň hasylynyň bäşden bir böleginiň fyrowna berilmelidigi hakynda höküm çykardy. Bu höküm şu günki güne çenli hem öz güýjündedir.
27 Ysraýyllar Müsüriň Goşen welaýatynda mesgen tutup, şol welaýatda özlerine mülk edindiler. Olar örňäp, juda köpeldiler.
28 Ýakup Müsürde on ýedi ýyl ýaşady. Ol ýüz kyrk ýedi ýyl ýaşady.
29 Ölüm pursaty golaýlanda, Ysraýyl Ýusuby ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Eger meni söýýäniň çyn bolsa, onda eliňi satanymyň arasyna goý-da, maňa wepaly boljakdygyňa hem sözümi tutjakdygyňa ant iç. Meni Müsürde jaýlamagyn.
30 Ata-babalarymyň ýanynda ýatarym ýaly, meni Müsürden äkidip, şolaryň ýanynda jaýla». Ýusup oňa: «Aýdyşyň ýaly ederin» diýdi.
31 Ysraýyl Ýusuba: «Ant iç!» diýdi. Ýusup ant içdi. Onsoň Ysraýyl düşeginiň başynda tagzym etdi.