Bap 6
Bütin dünýäde adamlar köpelip başlap, olardan ençeme gyzlar dünýä indi.
2 Ylahy barlyklar bu ynsan gyzlarynyň owadanlygyny görüp, olardan öz halanlaryny aýallyga aldylar.
3 Şol sebäpli Reb: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar» diýdi.
4 Şol zamanda hatda ondan gijräkki döwürlerde-de, dünýäde nefiller bardy. Olar ylahy barlyklar bilen ynsan gyzlarynyň nesilleridi. Nefiller gadym eýýämden bäri belli, at-abraýly gahrymanlardy.
5 Bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny Reb gördi.
6 Ol adamzady ýaradandygyna ökündi we ýürekden gynandy.
7 Reb «Öz ýaradan ynsanlarymy haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bilen birlikde ýer ýüzünden süpürip taşlaryn. Çünki Men olary ýaradandygyma ökünýärin» diýdi.
8 Ýöne Nuh Rebbiň nazarynda merhemet tapdy.
9 Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi.
10 Nuhuň Sam, Ham, Ýafes atly üç ogly bardy.
11 Hudaýyň nazarynda ýer ýüzi azgynçylykdan we zulumdan doludy.
12 Hudaý ýer ýüzündäki azgynçylygy gördi, çünki ähli janly-jandarlar azgynçylyga ýüz urupdy.
13 Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek.
14 Özüňe serwi agajyndan bir gämi ýasa; onda otaglar ýasap, gämä içinden hem daşyndan şepbik çal.
15 Gämini şeýle ýasamaly: onuň uzynlygy üç ýüz, giňligi elli we beýikligi otuz gez bolsun.
16 Oňa üçekde ýasa, üçegiň boýy bir gez bolsun; gäminiň gapysyny gapdaldan aç. Gämini aşaky, ortaky we üstki gatlardan ybarat edip ýasa.
17 Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler.
18 Emma Men seniň bilen äht baglaşaryn. Sen ogullaryň, aýalyň hem gelinleriň bilen gämä münersiň.
19 Diri galmaklary üçin, bir erkek, bir urkaçy edip, jandarlaryň-da her görnüşinden bir jübütini gämä alyp mün.
20 Diri galmak üçin guşlaryň, mallaryň we süýrenijileriň hersi öz taýy bilen jübüt-jübüt bolup, seniň bilen gämä münerler.
21 Şeýle hem sen özüňe hem ähli haýwanlara iýmit bolar ýaly öz ýanyň bilen dürli-dümen azyk-owkat alyp mün».
22 Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi.