Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 33

Ýakup töweregine seredip, Ysawyň dört ýüz adam bilen bile gelýändigini gördi. Şeýdip, ol çagalaryny Leýanyň, Raheliň we iki gyrnagynyň arasynda böldi.
2 Gyrnaklaryny öz çagalary bilen bile öňde, Leýany öz çagalary bilen bile olaryň yzyndan, Rahel bilen Ýusuby bolsa hemmesiniň yzyndan goýdy.
3 Ýakubyň özi bolsa tutuş maşgalasynyň öňüne düşüp, doganyna golaýlaşýança, oňa ýedi gezek iki bükülip tagzym etdi.
4 Emma Ysaw Ýakuba tarap ylgady; ol Ýakubyň boýnundan gujaklap, ony ogşady. Olar aglaşdylar.
5 Soňra Ysaw töweregine seredip, aýallary hem çagalary gördi. Ol: «Ýanyňdakylar kim?» diýip sorady. Ýakup Ysawa: «Bular Hudaýyň öz guluňa merhemet bilen beren çagalarydyr» diýip jogap berdi.
6 Onsoň gyrnaklar öz çagalary bilen, soňra Leýa öz çagalary bilen gelip, oňa tagzym etdiler. Iň soňundan bolsa Rahel bilen Ýusup gelip, oňa tagzym etdiler.
8 Ysaw Ýakupdan: «Men mal sürüsi bilen gelýän adamlara duşdum. Olary näme üçin iberdiň?» diýip sorady. Ýakup oňa: «Olary men sen jenabymyň göwnüni tapmak üçin iberdim» diýip jogap berdi.
9 Ysaw oňa: «Dogan, meniň özümiňki özüme ýeterlik, seniň öz zadyň özüňki bolsun» diýdi.
10 Şonda Ýakup oňa: «Ýok, beýtme. Eger men seniň göwnüňden turan bolsam, onda sen meniň sowgatlarymy kabul et. Men seniň ýüzüňi görüp, hut Hudaýyň ýüzüni gören ýaly boldum. Sen meni açyk ýüz bilen garşy aldyň.
11 Iberen sowgatlarymy kabul et. Hudaý meni ýalkady. Mende hemme zat bar» diýdi. Şeýdip, Ýakup Ysawy sowgatlaryny kabul etmäge yrdy; Ysaw olary kabul etdi.
12 Soňra Ysaw Ýakuba: «Indi bu ýerden ugralyň, men siziň gapdalyňyzdan ýörärin» diýdi.
13 Ýakup oňa şeýle jogap berdi: «Çagalaryň näzikdigini, sagylýan ownukly-irili mallaryň maňa aladadygyny, meniň jenabym bilýändir. Eger dowarlary gaty gyssasak, olaryň bary haram öler.
14 Şoňa görä-de jenabym, sen öz guluňyň öňünden gidiber. Men mallaryň hem çagalaryň aýagyna ýöräp, howlukmanrak barybererin. Jenabym, seniň bilen Segirde duşuşarys».
15 Ysaw oňa: «Men hem öz adamlarymdan birnäçesini seniň ýanyňda galdyraýyn» diýdi. Emma Ýakup oňa: «Beýtmek näme gerek? Jenabym maňa eýýäm ýeterlik merhemet etdi» diýip jogap berdi.
16 Ysaw öňden gaýdyp, şol gün Segire tarap ýola düşdi.
17 Emma Ýakup Sukoda tarap gitdi. Ol ýerde özüne öý gurdy, mallaryna bolsa agyllar ýasady. Şol sebäpden-de ol bu ýeri «Sukot» diýip atlandyrdy.
18 Ýakup Padanaramdan Kengandaky Şekem galasyna sag-aman geldi. Ol galanyň eteginde düşledi.
19 Ýakup çadyryny diken ýerindäki bir bölek ýeri, Şekemiň atasy Hamoryň ogullaryndan ýüz teňňä satyn aldy.
20 Soňra Ýakup bu ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ony El-Elohe-Ysraýyl diýip atlandyrdy. ‎