Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 14

Amrapel Şingaryň, Arýok Elasaryň, Kedorlagomer Eýlamyň, Tidal bolsa Goýimiň patyşasydy.
2 Bular Sodom şasy Beranyň, Gomora şasy Birşanyň, Adma şasy Şinabyň, Seboýym şasy Şemeberiň we Sogar diýip atlandyrylýan Bala şasynyň garşysyna urşa başladylar.
3 Sidim deresinde, ýagny Duz deňzinde bular öz güýçlerini birleşdirdiler.
4 Bu şalar on iki ýyllap, Kedorlagomere gulluk etdiler, on üçünji ýyl bolsa oňa garşy baş göterdiler.
5 On dördünji ýylda Kedorlagomer we onuň bilen birleşen şalar, Aşterotkarnaýymda rapalary, Hamda zuzylary, Şawekyrýataýymda eýmimleri we çöl etegindäki Eýlparana çenli uzalyp gidýän Segir daglarynda horylary derbi-dagyn etdiler.
6
7 Olar Segir daglaryndan yzlaryna öwrülip, Eýnmişpata (ýagny Kadeş) galalaryna geldiler we amalekleriň tutuş topragyny basyp alyp, Hasesontamarda ýaşaýan amorlary-da ýeňlişe sezewar etdiler.
8 Onsoň Sodom, Gomora, Adma, Seboýym we Bala, ýagny Sogar şalary söweş meýdanyna çykdylar we bäş şa bolup, Sidim deresinde dört şanyň – Eýlam şasy Kedorlagomeriň, Goýim şasy Tidalyň, Şingar şasy Amrapeläniň, Elasar şasy Arýogyň garşysyna söweşe girdiler.
9
10 Sidim deresi içi şepbikli çukurlardan doludy. Sodom bilen Gomora şalary gaçyp barýarkalar, olaryň adamlaryndan käbirleri şol çukurlara ýykyldylar, beýlekileri bolsa daglara gaçdylar.
11 Dört şa bolsa Sodomyň hem-de Gomoranyň olja alnan ähli mal-mülküdir azyklaryny alyp gitdiler.
12 Olar Ybramyň doganoglany Luty-da ähli mal-mülki bilen bile äkitdiler. Ol hem Sodomda ýaşaýardy.
13 Gaçyp gutulanlardan biri gelip, bolan wakany Ybram ýewreýe habar berdi. Şol wagtlar Ybram Eşkol bilen Aneriň dogany amor Mamräniň dub tokaýjygynyň gapdalynda ýaşaýardy. Olar Ybramyň arkadaşlarydy.
14 Öz doganoglany Lutuň ýesir düşendigini eşidip, hojalygynda doglup, söweşe türgenleşdirilen üç ýüz on sekiz sany esgeriň öňüne düşüp, Ybram Dana çenli şol dört şanyň yzyndan kowdy.
15 Ybram esgerlerini toparlara bölüp, gije şalaryň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi. Soňra Ybram olary ýene Damaskdan demirgazykda ýerleşen Hobaha çenli kowdy.
16 Ybram olja alan ähli mal-mülküni, doganoglany Luty, onuň ähli emlägini, aýallary hem halky yzyna gaýtaryp getirdi.
17 Ybram Kedorlagomeri we onuň ýanyndaky şalary derbi-dagyn edip gelenden soň, Sodom şasy ony garşylamak üçin Şawe deresine, ýagny şa jülgesine gitdi.
18 Beýik Allanyň ruhanysy bolan Salym şasy Mäliksadyk Ybrama çörek bilen şerap getirdi.
19 Ol Ybrama pata berip: «Ýeri-gögi ýaradan Beýik Alla Ybramy ýalkasyn!
20 Duşmanlaryny onuň eline beren Beýik Alla alkyş bolsun!» diýdi. Ybram ähli zadyň ondan bir bölegini Mäliksadyga berdi.
21 Onsoň Sodom şasy Ybrama: «Meniň adamlarymy yzyna ber, ähli mal-mülki bolsa özüň al» diýdi.
22 Ybram Sodom şasyna şeýle diýdi: «„Ybramy men gurplandyrdym“ diýmeziň ýaly, saňa degişli zatlaryň hiç birini, hatda bir guşajygy ýa-da sapajygy hem almajakdygyma ýeri-gögi ýaradan Beýik Alla Rebbiň adyndan ant içýärin.
24 Ýöne ýigitleriň iýen iýmitleri muňa degişli däldir. Şeýle hem meniň bilen giden Aner, Eşkol we Mamre hem öz paýlaryny alsynlar». ‎