Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 15

Şu wakalardan soň Reb Ybrama görnüp, oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».
2 Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen maňa näme berjek? Men perzentsiz öterin! Hojalygym damaskly Eligezere miras galar.
3 Sen maňa perzent bermänsoň, hojalygymdaky gulum maňa mirasdar bolar» diýdi.
4 Ybrama Rebbiň şu sözi geldi: «Ol seniň mirasdaryň bolmaz, öz biliňden önjek seniň mirasdaryň bolar» diýdi.
5 Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesilleriň bolar» diýdi.
6 Ybram Rebbe iman etdi we Reb ony dogruçyl hasaplady.
7 Reb Ybrama: «Şu ýurda eýe bolmagyň üçin seni babyllaryň Ur galasyndan çykaran Reb – Mendirin» diýdi.
8 Ybram: «Eý Hökmürowan Reb! Özümiň şu topragyň eýesi boljakdygymy men nädip bilerin?» diýdi.
9 Reb oňa: «Maňa üçýaşar göle, üçýaşar geçi, üçýaşar goç, gumry hem-de ýaş kepderi getir» diýdi.
10 Ybram getirip, olaryň hersini iki bölege böldi we her bölegi öz jübütiniň garşysynda goýdy. Ýöne ol guşlary bölmedi.
11 Ybram läşleriň üstünde aýlanyşýan çaýkelleri kowdy.
12 Gün ýaşyp barýarka, Ybramy agyr uky basmarlady; onuň üstüne elhenç gorky howpy abandy.
13 Reb Ybrama şeýle diýdi: «Sen şuny bilip goýgun, seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar we şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer.
14 Emma Men seniň nesliňi gul eden halkyň jezasyny bererin. Şondan soň olar ummasyz mal-mülki bilen ol ýerden çykarlar.
15 Sen bolsaň uzak ýaşap, asudalykda ölüp, ata-babalaryňa gowuşarsyň.
16 Nesliňiň dördünji arkasy bu ýere dolanyp geler, çünki amorlaryň günäsi heniz jeza almak derejesine ýetenok».
17 Gün ýaşyp, garaňky düşende, tüsseli ojak hem-de ýalynly çyra görnüp, bular haýwan bölekleriniň arasyndan geçipmiş.
18 «Müsür derýasyndan tä beýik Perat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy – kabyllaryň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesilleriňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi. ‎