Bap 22
Şol wakalardan soň Hudaý Ybraýymy synady. Hudaý oňa: «Ybraýym!» diýip seslendi. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.
2 Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.
3 Ybraýym daň bilen turup, eşegini gaňňalady. Öz hyzmatkärlerinden ikisini hem-de Yshagy ýanyna aldy; ýakma gurbanlygy üçin odun döwüşdirdi we Hudaýyň özüne aýdan ýerine gitdi.
4 Üçülenji gün Ybraýym ol ýeri uzakdan gördi.
5 Ybraýym hyzmatkärlerine: «Siz şu ýerde, eşegiň ýanynda galyň. Oglum ikimiz beýleräge gidip, sežde edip, onsoň yzymyza dolanyp geleris» diýdi.
6 Ol ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen odunlary ogly Yshagyň omzuna goýdy, ot bilen pyçagy bolsa Ybraýymyň özi göterdi. Şeýdip, ikisi tirkeşip gitdiler. Olar gidip barýarkalar, birden: «Kaka!» diýip, Yshak Ybraýyma ýüzlendi. Ybraýym: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Ot-da, odun-da bar, ýöne ýakma gurbanlygy üçin guzy nirede?» diýdi.
8 Ybraýym: «Ýakma gurbanlyk guzusy bilen Hudaýyň özi üpjün eder, oglum» diýip jogap berdi. Olar ýollaryny dowam etdirdiler.
9 Olar Hudaýyň Ybraýyma görkezen ýerine gelip ýetdiler. Ybraýym ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasady. Odunlary onuň üstüne üýşürdi we ogly Yshagy daňyp, ony odunlaryň üstünde ýatyrdy.
10 Soňra ogluny gurban etmek üçin pyçagyny eline aldy.
11 Onsoň Rebbiň perişdesi oňa gökden: «Ybraýym! Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.
12 Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.
13 Şol wagt Ybraýym başyny galdyryp, aňyrrakda gyrymsy agaçlaryň gür çybyklaryna şahy çolaşan bir goçuň durandygyny gördi. Ybraýym baryp goçy tutdy we ony oglunyň deregine Rebbe ýakma gurbanlyk edip berdi.
14 Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire» diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan «Rebbiň dagynda üpjün edilýär» diýen söz hem şondan galandyr.)
15 Rebbiň perişdesi gökden Ybraýymy ikinji gezek çagyryp, oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin, Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.
18 Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar“» diýdi.
19 Ybraýym hyzmatkärleriniň ýanyna gaýdyp geldi. Olar ol ýerden Beýerşeba gaýtdylar. Ybraýym Beýerşebada ýaşady.
20 Şol wakalardan soň Ybraýyma şeýle habar geldi: «Milka doganyň Nahora ençeme ogul dogrup berdi.
21 Ilkinji ogly Us, onuň dogany Buz hem-de Kemuwal (bu Aramyň kakasydyr),
22 Keset, Hazo, Pildaş, Ýidlap hem Betuwel.
23 Betuwelden Rebeka doguldy». Milka şu sekiz ogly Ybraýymyň dogany Nahora dogrup berdi.
24 Onuň Rewuma atly gyrnak aýaly-da Tebany, Gahamy, Tahaşy hem-de Magakany dogurdy.