Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 23

Sara ýüz ýigrimi ýedi ýaşady; şu onuň ömür süren ýyllarydy.
2 Sara Kengan ýurdundaky Kirýatarbada, ýagny Hebronda dünýäden ötdi. Ybraýym Sara üçin matam tutup, ýas baglamaga geldi.
3 Ol Saranyň jesediniň ýanyndan turdy we hetleriň ýanyna baryp, olara:
4 «Men siziň araňyzda ýaşaýan bir gelmişekdirin. Maňa öz araňyzdan aýalymy jaýlar ýaly ýer beriň» diýdi.
5
6 Hetler Ybraýyma: «Bizi diňle agam, biz saňa Hudaýyň hormatlaýan adamy hökmünde garaýarys. Sen aýalyňy biziň iň gowy gonamçylygymyzda jaýla. Biziň hiç birimiz öz gonamçylygymyzy senden gaýgyrmarys we merhumyňy jaýlamakdan saklamarys» diýdiler.
7 Ybraýym ýerinden turup, ol ýurduň halky bolan hetlere tagzym etdi.
8 -
9 Ol olara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger-de meniň merhumymy öz araňyzda jaýlamagyma razy bolsaňyz, onda Soharyň ogly Epronyň mülküniň çetindäki Makpela gowagyny maňa mülk hökmünde doly bahasyndan satmagyny haýyş edip beriň» diýdi.
10 Şol wagt hetleriň arasynda Epron hem otyrdy. Epron hetlere, gala derwezesindäkileriň hemmesine eşitdirip, gaty ses bilen:
11 «Ýok, jenabym, maňa gulak as. Men şol mülk ýeri öz kowumdaşlarymyň öňünde gowagy bilen bile saňa mugt berýärin. Arkaýyn merhumyňy jaýlaber» diýdi.
12 -
13 Ybraýym hetleriň öňünde tagzym etdi we ol halaýyk eşider ýaly edip, Eprona: «Onda diňle, men şol mülk ýeriň hakyny saňa tölärin, sen ony al-da, maňa ol ýerde merhumymy jaýlamaga ygtyýar et» diýdi.
14 -
15 Epron Ybraýyma: «Jenabym, maňa gulak as. Mülk ýeriň bahasy dört ýüz kümüş teňňedir. Ikimiziň aramyzda bu bir uly zat däl-le. Git-de, merhumyňy jaýlaber» diýdi.
16 Ybraýym Epron bilen ylalaşdy we Epronyň hetlere eşitdirip aýdan mukdarynda, söwdagärleriň arasyndaky ölçege görä ölçäp, oňa kümüş berdi.
17 -
18 Şunlukda, Epronyň Mamräniň gündogarynda ýerleşýän Makpeladaky mülki gowagydyr ähli baglary bilen bile Ybraýymyň eýeçiligine geçdi. Hetler-de, gala derwezesinde oturan ýaşulular-da muny ykrar etdiler.
19 Şondan soň Ybraýym öz aýaly Sarany Mamräniň, ýagny Hebronyň gündogarynda ýerleşen Makpeladaky mülkündäki gowakda, Kengan ýurdunda jaýlady.
20 Şeýlelikde, hetleriň şol mülki ondaky gowak bilen bile Ybraýyma gonamçylyk üçin berildi.