Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 2

Şeýdip, tutuş älem-jahanyň we ondaky ähli zatlaryň ýaradylyşy tamamlandy.
2 Hudaý ýedinji günde ähli işini tamamlap, Ol şol gün dynç aldy.
3 Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady, çünki Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy.
4 Reb Hudaý gögi we ýeri ýaradanda bolup geçen wakalar şulardyr: Reb Hudaý ýeri we gögi ýaradanda,
5 (ýer ýüzünde heniz gyrymsy agaç ösmändi we gök ot bitmändi, çünki Reb Hudaý ýere ýagyş ýagdyrmandy; ýeri bejermek üçin entek hiç kim ýokdy; ýöne ýeriň astyndan suw çykyp, ol tutuş ýeri suwarardy).
7 Reb Hudaý ýeriň topragyndan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.
8 Reb Hudaý gündogarda ýerleşen Eremde bag oturdyp, adamy şol ýerde ýerleşdirdi.
9 Reb Hudaý ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: ýaşaýyş berýän daragty hem-de ýagşy-ýamany saýgaryş daragty bardy.
10 Erem bagyny suwarýan derýa, Eremiň içinden akyp geçip, bagyň gutaran ýerinde dört derýa bölünýär.
11 Birinji derýanyň ady Pişondyr; ol derýa altyna baý bolan bütin Hawyla ýurdunyň içinden akyp geçýär. Ol ýerde sap altyn, bdolah hem-de hakyk diýen gymmatbaha daşlar bar.
13 Ikinji derýanyň ady – Gihondyr. Ol tutuş Kuş ýurdunyň içinden akyp geçýär.
14 Üçünji derýanyň ady – Tigrdir. Ol Aşuryň gündogaryndan akyp geçýär. Dördünji bolsa Perat derýasydyr.
15 Erem bagyny işläp bejereri we oňa gözegçilik ederi ýaly, Reb Hudaý adamy ol bagda ýerleşdirdi.
16 Reb Hudaý adama şeýle emr etdi: «Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň.
17 Ýöne sen ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň».
18 Reb Hudaý: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi.
19 Reb Hudaý ähli haýwanlary, guşlary toprakdan döretdi we adamyň olary atlandyryşyny görmek üçin, olary onuň ýanyna getirdi. Adam ähli janly-jandarlara näme at beren bolsa, şol-da olaryň ady boldy.
20 Şunlukda, adam ähli mallara, guşlara, ähli haýwanlara at berdi. Ýöne adamyň özüne laýyk kömekçi tapylmady.
21 Reb Hudaý adamy agyr uka giderdi; adam ukudaka, Reb onuň bir gapyrgasyny alyp, boşap galan ýerini et bilen örtdi.
22 Reb Hudaý adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi.
23 Adam ony görüp: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir; ol aýal bolar, çünki ol ärinden alnandyr» diýdi.
24 Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen ýapyşýar we olaryň ikisi bir ten bolýar.
25 Adam-da, onuň aýaly-da ýalaňaçdylar, olar heniz utanmany bilmeýärdiler. ‎