Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 4

Adam aýaly Howa ýanaşdy. How hamyla bolup, Kabyly dogurdy. How: «Rebbiň kömegi bilen men bir ogul dünýä inderdim» diýdi.
2 Soňra ol Kabylyň dogany Habyly dogurdy. Habyl goýun çopany, Kabyl bolsa daýhan bolup ýetişdi.
3 Birnäçe wagtdan soň Kabyl topragyň miwesinden Rebbe sadaka getirdi.
4 Habyl hem öz sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň ýagly ýerinden Rebbe sadaka getirdi. Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi.
5 Emma Reb Kabyly we onuň sadakasyny kabul etmedi. Kabylyň muňa gaty gahary gelip, ol ýüzüni sallady.
6 Reb Kabyla şeýle diýdi: «Näme üçin gaharlanýaň? Näme ýüzüňi sallaýarsyň?
7 Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň ahyryn? Eger sen nädogry iş etseň, günä bosagada peýläp ýatandyr; günäniň seniň üstüňden höküm süresi geler. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!»
8 Kabyl öz dogany Habyla: «Ýör, çeträge çykaly» diýdi. Meýdanda Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi.
9 Reb Kabyldan: «Doganyň Habyl nirede?» diýip sorady. Ol: «Habarym ýok, men näme doganymyň sakçysymy?» diýdi.
10 Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär.
11 Indi sen näletlendiň we doganyňyň seniň eliň bilen dökülen ganyny özüne siňdiren toprakdan mahrum bolduň.
12 Sen näçe jan çekseň-de, ýer saňa hasyl bermez; sen ýer ýüzünde gaçgak hem sergezdan bolarsyň».
13 Kabyl Rebbe: «Jezam çekerden agyr.
14 Ine, bu gün Sen meni mes toprakly ýerden kowduň. Men Seniň huzuryňdan gizlenip, ýer ýüzünde gaçgak we sergezdan bolaryn. Maňa duşan, meni öldürer» diýdi.
15 Emma Reb oňa: «Ýok! Kabyly öldüren adamdan ýedi gezek öç alnar» diýdi. Reb Kabyla duşanyň ony öldürmezi ýaly, oňa bellik goýdy.
16 Soňra Kabyl Rebbiň huzuryndan gidip, ol Eremiň gündogaryndaky Not ýurdunda mesgen tutdy.
17 Kabyl aýalyna ýanaşdy. Onuň aýaly hamyla bolup, Hanogy dogurdy. Kabyl gala bina edip, oňa ogly Hanogyň adyny dakdy.
18 Hanokdan Irat, Iratdan Mehuýaýyl, Mehuýaýyldan Metuşaýel, Metuşaýelden Lemek doguldy.
19 Lemek iki aýal aldy: olaryň biriniň ady Ada, beýlekisiniňki bolsa Sillady.
20 Ada Ýabaly dogurdy. Ýabal çadyrda ýaşaýan maldarlaryň atasydy.
21 Onuň doganynyň ady Ýubaldy. Ýubal barbat we tüýdük çalýanlaryň atasydy.
22 Silla Tubal-Kabyly dogurdy. Tubal-Kabyl bürünçden we demirden dürli gurallary ýasaýardy. Onuň Nagama atly aýal dogany bardy.
23 Lemek aýallaryna şeýle diýdi: «Eý, Ada we Silla, Maňa gulak asyň! Aýallarym, sözümi diňläň! Meni ýaralan adamy öldürerin, Meni uran juwan ýigidi öldürerin.
24 Kabyl üçin ýedi gezek öç alynsa, Lemek üçin ýetmiş ýedi gezek öç alnar».
25 Adam ýene aýalyna ýanaşdy. How bir ogul dogurdy. Ol: «Kabylyň elinden ölen Habylyň deregine Reb maňa başga bir ogul berdi» diýip, onuň adyna Şis dakdy.
26 Şisden hem bir ogul doguldy; ol onuň adyna Enoş dakdy. Şol wagtdan başlap adamlar Rebbiň adyna ybadat edip başladylar. ‎