Bap 41
Iki ýyldan soň fyrown bir düýş gördi. Ol Nil derýasynyň kenarynda durmuşyn.
2 Birdenkä ýedi sany bakylan, semiz sygyr derýadan çykyp, gamyşlygyň içinde otlamaga başlaýarmyş.
3 Olardan soň bolsa derýadan ýedi sany süňkleri çykyşyp duran hor sygyr çykyp, kenarda öňküleriň ýanynda durýarmyş.
4 Süňkleri çykyşyp duran şol hor sygyrlar beýleki ýedi semiz sygry iýýärmiş. Şol wagt hem fyrown ukudan oýandy.
5 Ol ýene uka gitdi we bu gezek başga bir düýş gördi. Bir baldakdan ýedi sany dok we oňat däne sümmüli ösüp çykýarmyş.
6 Olardan soň bolsa gündogar ýeline guran ýedi sany puç däne sümmüli ösüp çykýarmyş.
7 Soňra şol ýedi sany guran puç sümmül beýleki dok hem dykyz ýedi sümmüli iýýärmiş. Şol wagt hem fyrown ýene-de ukudan oýandy we munuň düýşüdigine düşündi.
8 Ir bilen fyrownyň ruhy ünjülidi. Ol Müsüriň ähli jadygöýleridir akyldarlaryny çagyryp, olara öz düýşüni gürrüň berdi, emma olaryň hijisi düýşleri ýorup bilmediler.
9 Baş saky fyrowna ýüzlenip, oňa şeýle diýdi: «Şu gün men hata iş edendigimi boýun alýaryn.
10 Bir gün fyrownyň baş nan bişiriji bilen maňa gahary gelip, bizi janpenalaryň baştutanynyň öýündäki zyndana saldy.
11 Bir gije biziň ikimiz-de düýş gördük. Düýşleriň hersiniň özüne laýyk ýorgudy bolmalydy.
12 Biziň ýanymyzda janpenalaryň baştutanynyň hyzmatkäri bolan bir ýewreý ýigit hem bardy. Biz öz düýşümizi şoňa gürrüň berdik we ol biziň gören düýşlerimizi, olaryň mazmunyna görä ýorup berdi.
13 Ýusubyň ýorgudy dogry bolup çykdy. Men öňki wezipäme dolanyp geldim, baş nan bişiriji bolsa dardan asyldy».
14 Fyrown Ýusuby çagyrtdy. Ony dessine zyndandan çykardylar. Ýusup özüne serenjam berdi, geýimlerini çalşyrdy we fyrownyň huzuryna geldi.
15 Fyrown Ýusuba: «Men bir düýş gördüm, ýöne ony ýorup bilýän ýok. Men sen düýş ýorup bilýärmişiň diýip eşitdim» diýdi.
16 Ýusup fyrowna: «Ony ýorýan men däldirin; diňe Hudaý fyrowna bähbitli düşündiriş berer» diýdi.
17 Fyrown Ýusuba düýşüni gürrüň berdi: «Men düýşümde Nil derýasynyň kenarynda durmuşym.
18 Birdenkä derýadan ýedi sany bakylan, semiz sygyr çykyp, gamyşlygyň içinde otlap başlaýarmyş.
19 Olaryň yzyndan bolsa derýadan ýene-de ýedi sany süňkleri çykyşyp duran hor sygyr çykýarmyş. Men şeýle hor sygyrlary bütin Müsürde hiç haçan görmändim.
20 Soňra şol hor süňkleri çykyşyp duran sygyrlar öňki ýedi semiz sygry iýýärmişler.
21 Emma olaryň semiz sygyrlary iýendigini hiç kim bilip biljek däldi, çünki olaryň entegem öňküleri ýaly süňkleri çykyşyp durmuşyn. Şol wagt hem men oýandym.
22 Soňra ýene başga bir düýş gördüm. Bir baldakda ýedi sany dok we dykyz sümmül gögerýärmiş.
23 Olardan soň bolsa ýedi sany gündogar ýeline guran puç sümmül ösüp çykýarmyş.
24 Şol puç sümmüller hem öňki ýedi dok sümmüli iýýärmişler. Men muny jadygöýlere gürrüň berdim, emma muny maňa düşündirip bilen tapylmady».
25 Ýusup fyrowna şeýle diýdi: «Jenabyň iki düýşüniň hem manysy birdir. Hudaý fyrowna Öz etjek zadyny aýan edipdir.
26 Ýedi semiz sygyr bilen ýedi dok sümmül bu ýedi ýyldyr. Bu ikisi bir düýşdür.
27 Soňky çykan ýedi hor sygyr bilen gündogar ýeline guran ýedi puç sümmül, ýedi ýyllap dowam etjek açlygy aňladýar.
28 Meniň aýdyşym ýaly, Hudaý fyrowna Öz etjek zadyny görkezipdir.
29 Bütin Müsür topragynda ýedi ýyl bol-elinlik bolar.
30 Soňra ýedi ýyl açlyk geler. Müsüriň öňki bolçulygy unudylar, çünki açlyk Müsüri ejizleder.
31 Soňky gelen açlyk bolçulygy unutdyrar, çünki ol juda agyr geler.
32 Fyrownyň şol bir düýşi iki gezek görmegi işiň Hudaý tarapyndan kesgitlenendigini we Hudaýyň ony tizara amala aşyrjakdygyny aňladýar.
33 Şoňa görä-de fyrownyň düşbi, pähim-paýhasly adamy tapyp, ony Müsüre baştutan edip bellemegi zerurdyr.
34 Fyrown bütin Müsürde häkimler bellemelidir we olar ýedi ýyllyk bolçulykda Müsür ýurdunyň hasylynyň bäşden birini almalydyrlar.
35 Goý, olar öňlerindäki geljek bolçulyk ýyllarynda galla toplap, ony galalarda fyrownyň ygtyýarlygynda saklasynlar.
36 Bu galla Müsür açlykdan heläk bolmaz ýaly, oňa ýedi ýyl azyk bolar».
37 Fyrown hem onuň ähli emeldarlaryna bu teklip ýarady.
38 Fyrown öz emeldarlaryna: «Biz Ýusupdan başga Hudaýyň ruhy bolan adamy tapyp bilmeris» diýdi.
39 Soňra ol Ýusuba: «Hudaý şu zatlaryň ählisini saňa aýan etdi, seniň ýaly düşbi, pähim-paýhasly adam ýokdur.
40 Sen meniň ýurdumda hökümdarlyk edersiň; halk saňa boýun eger. Men diňe şa tagtynda senden beýik bolaryn».
41 Soňra fyrown Ýusuba: «Ine, men seni tutuş Müsür topragyna hökümdar edip belleýärin» diýdi.
42 Fyrown barmagyndaky patyşalyk möhürini çykaryp, ony Ýusubyň barmagyna dakdy; oňa keteniden tikilen don geýdirdi we boýnuna altyn zynjyr dakdy.
43 Soňra fyrown Ýusuby özüniň weziriniň at arabasyna mündürtdi; Ýusubyň öňünden: «Tagzym ediň!» diýip jar çekdirdiler. Şeýdip, patyşa Ýusuby tutuş Müsür ýurduna hökümdar edip belledi.
44 Fyrown Ýusuba: «Fyrown men bolsam-da, Müsüriň hiç bir ýerinde senden rugsatsyz çöp başy gymyldamaz» diýdi.
45 Fyrown Ýusuba Sopnat-Pagnyýa diýip, müsürçe at dakdy; ony Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenata öýerdi. Şeýdip, Ýusup bütin ýurtda at-abraý gazandy.
46 (Müsür patyşasy fyrowna hyzmat edip başlanda, Ýusup otuz ýaşyndady.) Ýusup fyrownyň ýanyndan gaýdyp, bütin Müsüre aýlandy.
47 Ýedi ýyllyk bolçulykda toprak bol galla berdi.
48 Ýusup Müsür topragyndan ýedi ýylyň dowamynda önen ähli gallany ýygnap, galalarda ýerleşdirdi. Ol her galanyň töwereginden ýygnalan gallany şol galanyň özünde saklady.
49 Şeýdip, Ýusup deňiz çägeleri deý köp galla hasylyny toplady, hatda ol soňabaka olary ölçemesini-de goýdy.
50 Açlyk ýyllary başlamazyndan öň, Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenata Ýusuba iki ogul dogrup berdi.
51 Ýusup: «Hudaý maňa ähli muşakgatlyklarymy hem-de atamyň öýüni unutmaga ýardam etdi» diýip, ilkinji oglunyň adyna Manaşe dakdy.
52 Ol ikinji ogly bolanda: «Jebir çeken topragymda Hudaý meni örňetdi» diýip, onuň adyna Efraýym dakdy.
53 Müsüriň ýedi ýyllyk bolçulyk döwri tamamlandy.
54 Ýusubyň aýdyşy ýaly, ýedi ýyllyk açlyk başlandy. Ähli ýurtlarda açlyk boldy. Emma bütin Müsürde iýmit bardy.
55 Ahyry açlyk Müsür topragyna hem aralaşyp ugrady. Halk nalyş bilen fyrowndan azyk sorap başlady. Fyrown ähli müsürlilere: «Ýusubyň ýanyna baryň-da, şonuň diýeni bilen boluň» diýdi.
56 Açlyk Müsüriň ähli ýerine ýaýrap, gitdigisaýy güýjeýärdi. Ýusup ammarlary açyp, Müsür halkyna galla satyp başlady.
57 Ýusupdan galla satyn almak üçin, Müsüre dünýäniň ähli künjeklerinden adamlar geldiler, çünki bütin dünýäde açlyk barha güýjeýärdi.