Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 5

Adamyň nesilleriniň ýazylan kyssasy şeýledir. Hudaý ynsany ýaradanda, ony Öz keşbinde ýaratdy.
2 Hudaý olary erkek we aýal edip ýaratdy; onsoň olara pata berip, olary «ynsan» diýip atlandyrdy.
3 Adam ýüz otuz ýaşyndaka, ondan öz keşbinde, özüne meňzeş bir ogul dünýä indi. Ol oglunyň adyna Şis dakdy.
4 Şis doglandan soň, Adam sekiz ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
5 Şeýdip, Adam jemi dokuz ýüz otuz ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
6 Şis ýüz bäş ýaşyndaka, ondan Enoş doguldy.
7 Enoş doglandan soň, Şis sekiz ýüz ýedi ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
8 Şeýdip, Şis jemi dokuz ýüz on iki ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
9 Enoş togsan ýaşyndaka, ondan Keýnan doguldy.
10 Keýnan doglandan soň, Enoş sekiz ýüz on bäş ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
11 Şeýdip, Enoş jemi dokuz ýüz bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
12 Keýnan ýetmiş ýaşyndaka, ondan Mahalaleýel doguldy.
13 Mahalaleýel doglandan soň, Keýnan sekiz ýüz kyrk ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
14 Şeýdip, Keýnan jemi dokuz ýüz on ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
15 Mahalaleýel altmyş bäş ýaşyndaka, ondan Ýeret doguldy.
16 Ýeret doglandan soň, Mahalaleýel sekiz ýüz otuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
17 Şeýdip, Mahalaleýel jemi sekiz ýüz togsan bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
18 Ýeret ýüz altmyş iki ýaşyndaka, ondan Hanok doguldy.
19 Hanok doglandan soň, Ýeret sekiz ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
20 Şeýdip, Ýeret jemi dokuz ýüz altmyş bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
21 Hanok altmyş bäş ýaşyndaka, ondan Metuşela doguldy.
22 Metuşela doglandan soň, Hanok ýene üç ýüz ýyl ýaşady we Hudaýyň huzurynda gezdi. Ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
23 Şeýdip, Hanogyň ýaşan günleri üç ýüz altmyş bäş ýyl boldy.
24 Hanok Hudaýyň huzurynda gezdi; soňra ol birdenkä gaýyp boldy, sebäbi Hudaý ony öz ýanyna alypdy.
25 Metuşela ýüz segsen ýedi ýaşyndaka, ondan Lemek doguldy.
26 Lemek doglandan soň, Metuşela ýedi ýüz segsen iki ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
27 Şeýdip, Metuşela jemi dokuz ýüz altmyş dokuz ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
28 Lemek ýüz segsen iki ýaşyndaka, ondan bir ogul dünýä indi.
29 Lemek: «Rebbiň topragy näletländigi sebäpli, biz agyr zähmet çekmeli bolýarys. Bu çaga biziň elimize agyr zähmet çekmekden teselli berer» diýip, onuň adyna Nuh dakdy.
30 Nuh doglandan soň, Lemek bäş ýüz togsan bäş ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
31 Şeýdip, Lemek jemi ýedi ýüz ýetmiş ýedi ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
32 Nuh bäş ýüz ýaşyndaka, ondan Sam, Ham we Ýafes dünýä indi. ‎