Bap 9
Soňra Ol meniň gulagyma gaty ses bilen: «Şäheri jezalandyrjak bolýanlaryň her biri eline gyrýan ýaragyny alyp, golaýa gelsin» diýip gygyrdy.
2 Ine, demirgazyk tarapdaky ýokarky derwezäniň ýolundan alty adam geldi. Her biriniň elinde gyrýan ýaragy bardy, aralarynda bolsa eginbaşy zygyr matadan edilen we bili ýazuw esbaply bir adam bardy. Olar içeri girip, bürünç gurbanlyk sypasynyň ýanynda durdular.
3 Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty keruplaryň üstünden aýrylyp, Hudaýyň öýüniň bosagasyna geldi. Reb eginbaşy zygyr matadan edilen, bilinde ýazuw esbaby bolan adamy çagyryp,
4 oňa: «Iýerusalim şäheriniň içinden geç-de, onda edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna bellik et» diýdi.
5 Beýlekilere bolsa maňa eşitdirip: «Onuň yzy bilen şäheriň içinden geçiň we öldüriň; gözüňiz gaýgyrmasyn, haýpyňyz gelmesin.
6 Gojalary, ýigitleri, boý gyzlary, çagalar bilen aýallary öldüriň, emma maňlaýynda bellik bolanlara golaýlaşmaň. Meniň mukaddes öýümden başlaň» diýdi. Olar-da öýüň öňündäki ýaşululardan başladylar.
7 Soňra olara: «Baryň, ybadathanany murdar ediň, howlulary gylyçdan geçirilenlerden dolduryň!» diýdi. Şeýdip, olar gidip, şäherdäkileri öldürmäge başladylar.
8 Olar öldürip ýörkäler, men ýeke galdym we ýüzin ýykylyp, dady-perýat etdim: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Gahar-gazabyňy Iýerusalimiň üstünden döküp, Ysraýylyň aman galan halkynyň hem baryny gyraýjakmy?».
9 Ol maňa: «Ysraýyl bilen ýahuda halkynyň ýazygy juda çökder, ýurt gandan, şäher adalatsyzlykdan doly. Olar: „Reb ýurdy terk etdi, Reb görmeýär“ diýýärler.
10 Munuň üçin Meniň hem gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, eden işlerini öz başlaryndan indererin» diýdi.
11 Ine, eginbaşy zygyr matadan edilen we bili ýazuw esbaply adam: «Buýruşyň ýaly etdim» diýip habar berdi.