Bap 30
Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Muny pygamberlik et-de, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Siz ‘Ol gün üçin waý!’ diýip perýat ediň.
3 Çünki ol gün indi ýakyn, Rebbiň güni golaýdyr. Bu gün apy-tupan güni, milletleriň kyýamat günüdir.
4 Müsüriň üstünden gylyç iner, müsürliler gylyçdan heläk bolanlarynda, Efiopiýa ilatyna gorky aralaşar. Müsüriň baýlygy äkidiler, binalary kül-peýekun ediler.
5 Müsür bilen birlikde Efiopiýa, Put, Lut we beýleki halklardan gelen goşunlaryň bary, Kub we ylalaşyk baglaşan ýurdunyň ilaty gylyçdan geçiriler“».
6 Reb şeýle diýýär: «Müsüre arka duranlar heläk bolarlar, onuň kuwwatynyň buýsanjy öçer. Migdoldan Sewene çenli olaryň bary bilelikde gylyçdan geçiriler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
7 Olar haraba öwrülen ýurtlardan hem beter haraba öwrüler, onuň şäherleri weýran edilen şäherleriň hem iň weýrany bolar.
8 Müsüre ot berip, ony goldaýanlaryň baryny ýok edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler.
9 Ol gün gaýgy-gamsyz ýaşaýan efioplary gorkuzmak üçin gämiler bilen habarçylar ýollaryn. Müsüriň kyýamat gününde bolşy ýaly, olara howp aralaşar, ine, ol gün ýetip gelýär».
10 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eli bilen Müsüriň beýik goşunynyň soňuna çykaryn.
11 Milletleriň iň gorkunjy bolan bu Müsür ýurduny weýran etmek üçin Nebukadnesar goşuny bilen birlikde geler. Olar Müsürde gylyçlaryny ýalaňaçlap, ýurdy jesetden doldurarlar.
12 Men derýalary guradaryn, ýurdy ýaramaz adamlara sataryn; ýurdy we onuň içindäkileriň baryny gelmişekleriň eli bilen weýran ederin. Muny Men-Reb aýtdym».
13 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men butlary-da ýok ederin, Nopdaky biderek heýkelleri aýryp taşlaryn. Gaýdyp Müsür ýurdunda hökümdar bolmaz. Müsür ýurduna gorky salaryn.
14 Patrosy weýran ederin, Zogan galasyna ot bererin, Tebes galasynda hökümler çykararyn.
15 Gazabymy Müsüriň güýji bolan Siniň üstüne döküp, Tebesiň köp ilatlylygynyň soňuna çykaryn.
16 Müsüre ot bererin, Sin soňsuz jebir çeker, Tebes galasynyň diwary jaýryk atar we Nop galasy her gün duşman hüjümine sezewar bolar.
17 Heliýopolysyň we Pibesediň ýaş ýigitleri gylyçdan heläk bolarlar; galadaky halk sürgün ediler.
18 Müsüriň boýuntyrygyny döwen günüm Tahpanhesde gündiz gijä öwrüler. Onuň kuwwatynyň buýsanjy tamamlanar; ony bir gara bulut gaplar we şäheriň halky sürgüne gider.
19 Men Müsüre hökümler çykararyn; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».
20 Sürgünde bolýan wagtymyzyň on birinji ýylynyň birinji aýynyň ýedisine maňa Rebbiň sözi geldi:
21 «Eý, ynsan ogly! Men Müsür patyşasy fyrownyň goluny döwdüm. Ol şypa tapar ýaly daňylmady ýa-da gylyç tutmak üçin güýje geler ýaly oňa sargy saralmady.
22 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Müsür patyşasy fyrowna garşydyryn. Men onuň iki elini hem: sagdyn elini-de, döwük elini-de syndyryp taşlaryn, elindäki gylyjyny gaçyraryn.
23 Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, olary ýurtlaryň arasyna dargadaryn.
24 Babyl patyşasynyň gollaryny güýçlendirip, gylyjymy onuň eline bererin; emma fyrownyň gollaryny döwerin. Fyrown Babyl patyşasynyň öňünde agyr ýaraly adamyň iňňildeýşi kimin iňňildär.
25 Babyl patyşasynyň goluny güýçlendirerin, emma fyrownyň gollaryny syndyraryn. Gylyjymy Babyl patyşasynyň eline bererin, ol hem ony Müsüriň garşysyna uzadar, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler.
26 Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň arasyna dargadaryn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».