Bap 26
Sürgünde bolýan wagtymyzyň on birinji ýylynyň birinji aýynyň birine maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Sur galasy Iýerusalim hakda: „Baý-baý-ow, halklaryň gapysy bolan şäher ýykyldy, derwezeleri meniň üçin açyldy. Ol weýran boldy, indi men baýlykdan dolaryn“ diýdi».
3 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý Sur! Men saňa garşydyryn. Deňiz tolkunlarynyň ýokary galşy ýaly, Men hem milletleri seniň garşyňa aýaga galdyraryn.
4 Olar Soruň diwarlaryny weýran ederler, onuň diňlerini ýykarlar. Men onuň topragyny syryp-süpürip, ýalaňaç gaýa öwrerin.
5 Ol deňiz ortasynda tor ýazylýan ýer bolar. Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär. Sur galasy milletlere olja bolar.
6 Olar Sur galasyna garaşly şäherlerde ýaşaýanlary gylyçdan geçirerler; onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».
7 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men patyşalaryň patyşasy bolan Babyl patyşasy Nebukadnesary atlar, söweş arabalary, atlylar, köp halklardan ybarat äpet goşun bilen birlikde demirgazykdan Sur galasynyň üstüne getirerin.
8 Eý, Sur galasy, olar saňa garaşly şäherlerde ýaşaýanlary gylyçdan geçirerler, garşyňa berkitmeler salyp, diwaryňa çykmak üçin ýapgytlar gurarlar we galkanlaryny seniň garşyňa goýarlar.
9 Pürsler bilen diwarlaryňy oýarlar, demir gurallary bilen diňleriňi ýykarlar.
10 Atlarynyň köplüginden ýaňa seni tozan gapar; diwarlary ýumrulan bir gala girilişi ýaly, seniň derwezeleriňden girende atlylaryň, tigirleriň we söweş arabalarynyň sesinden ýaňa diwarlaryň sarsar.
11 Ähli köçeleriňi atlarynyň toýnagy bilen basalarlar; halkyňy gylyç bilen öldürerler, güýçli sütünleriňi ýer bilen ýegsan ederler.
12 Baýlygyňy talap, mal-mülküňi basyp alarlar, diwarlaryňy ýykyp, gözel jaýlaryňy weýran ederler. Daşlaryňy, agaçlaryňy we topragyňy deňze taşlarlar.
13 Men seniň aýdymlaryňyň sesini keserin, arfalaryňyň sesi gaýdyp eşidilmez.
14 Seni ýalaňaç gaýa öwrerin, tor ýazylýan ýer bolarsyň. Indi sen hiç haçan täzeden bejerilmersiň, çünki Hökmürowan Reb: „Muny Men-Reb aýtdym“ diýýär».
15 Hökmürowan Reb Sur galasyna şeýle diýýär: «Ýykylyşyňyň gürpüldisinden, ýaralylaryň iňňildisinden, başyňdan inen elhenç mergiden kenarlardaky halklar titreşmezmi?
16 Şonda deňiz boýundaky ähli hökümdarlar tagtlaryndan düşüp, donlaryny çykararlar, keşdeli eşiklerini sypyrarlar. Gorky lybasyna girip, ýerde oturarlar we dynuwsyz sandyraşyp, saňa aňk-taňk bolarlar.
17 Soňra olar sen hakda agy aýdarlar: „Eý, deňizçileriň ýaşaýan şäheri, deňizde iň güýçli meşhur şäher! Wah, sen we sende ýaşaýanlaryň barysy nähili heläk boldy! Sen deňziň ýakasynda ýaşaýanlara howp saldyň!“
18 Seniň ýykylan günüň kenarlardaky halklar titreşerler, deňiz kenaryndakylar seniň heläk bolşuňa howsala düşerler».
19 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Seni ilatsyz galan şäherler ýaly harabaçylyga öwrenimden soň, çuňlugy üstüňe getirip, köp suwlar bilen büränimden soň,
20 seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde gadymy halkyň ýanyna indererin. Ilatsyz bolar ýaly, seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýinde, gadymdan bäri harabaçylyga öwrülen ýerlerde ornaşdyraryn; sen gaýdyp ilatly bolmarsyň ýa-da dirileriň ýaşaýan ýurduny eýelemersiň.
21 Men seni elhenç howpa duçar ederin, sen ýok bolarsyň. Seni gözlärler, emma hiç haçan tapmazlar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.