Bap 39
Eý, ynsan ogly, Goguň garşysyna pygamberlik et we oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Eý, Meşegiň we Tubalyň hökümdary Gog! Men saňa garşydyryn.
2 Seni arkan agdaryp süýrärin, demirgazygyň aňry uçlaryndan çykaryp, Ysraýyl daglarynyň üstüne getirerin.
3 Sol eliňden ýaýyňy, sag eliňden okuňy urup gaçyraryn.
4 Sen ähli goşunlaryň we ýanyňdaky halklar bilen birlikde Ysraýyl dagynyň üstünde heläk bolarsyň. Seni her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara iýmit edip bererin.
5 Sen açyk meýdanda heläk bolarsyň, çünki Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär.
6 Magogyň we kenar ýakalarynda howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne ot ibererin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler.
7 Halkym Ysraýylyň içinde mukaddes adymy aýan ederin; mundan beýläk mukaddes adymyň harlanmagyna ýol bermerin; onsoň milletler Ysraýylda mukaddes bolan Rebbiň Mendigimi bilerler.
8 Ine, ol gün geler we amala aşar, Hökmürowan Reb diýýär; Meniň gürrüňini eden günüm bu gündür.
9 Ysraýyl galalarynyň ilaty daşary çykyp ot ýakar, ähli ýaraglary, kiçi hem uly galkanlary, ýaýlary we oklary, serdesseleri we naýzalary ýakyp-ýandyrarlar; bular ýedi ýyllap oda ýakylar.
10 Oduny meýdandan daşamazlar, tokaýlary çapmazlar. Olar ody ýaraglar bilen ýakarlar; özlerini talanlary talarlar, soýanlary soýarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
11 Şol gün Men Ysraýylda, deňziň gündogaryndaky Ötegçiler deresinde Goga gabrystanlyk bererin. Gogy we onuň ähli goşunyny ol ýerde gömerler we oňa „Goguň beýik goşunynyň deresi“ diýerler.
12 Ýurdy tämizlemek üçin ysraýyl halky ýedi aýlap olary gömmegini dowam etdirer.
13 Ýurduň halky olary gömer. Meniň şöhratlanan günüm bu ysraýyl halky üçin at-abraý bolar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
14 Ýurdy tämizlemek üçin adamlar bellener. Olar hemişe ýurduň içinde gezip, her bir ýerde galan basybalyjynyň jesedini gömerler, şeýdip, ýurdy tämizlärler. Bu tämizleýiş işi ýedi aýyň dowamynda geçirilmelidir.
15 Ýurduň içinde gezýän gözlegçiler adam süňküni görse, ony tä Gog goşunynyň deresinde gömýänçäler, onuň ýanynda bir nyşan dikerler.
16 Galanyň ady-da Hamona bolar. Şeýdip, olar ýurdy tämizlärler».
17 Eý, ynsan ogly, Hökmürowan Reb her hili guşlara we ähli ýyrtyjy haýwanlara şeýle diýýär diý: «Üýşüň-de, geliň; siziň üçin kesjek gurbanlygyma, Ysraýyl daglarynyň üstündäki uly gurbanlyga dumly-duşdan ýygnanyň, et iýersiňiz, gan içersiňiz.
18 Başanyň semiz haýwanlarynyň: goçlaryň, guzularyň, erkeçleriň we öküzleriň eti we gany ýaly, güýçli adamlaryň we dünýäniň hökümdarlarynyň etini iýersiňiz, ganyny içersiňiz.
19 Siziň üçin kesen gurbanlygymdan doýýançaňyz ýag iýersiňiz, serhoş bolýançaňyz gan içersiňiz.
20 Saçagymyň başynda atlardan, söweş arabalaryndan, güýçli urşujylardan hem esgerlerden doýarsyňyz. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
21 Men milletleriň arasynda şöhratymy aýan ederin; çykaran hökümlerimi, üstlerine goýan elimi milletler görerler.
22 Şeýlelikde, ysraýyl halky şol günden başlap, Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi biler.
23 Milletler ysraýyl halkynyň Maňa dönüklik edendigi üçin, öz ýazygy sebäpli ýesir edip äkidilendigini bilerler. Men ýüzümi olardan gizledim, olary duşmanlarynyň eline berdim, ählisi gylyçdan heläk boldular.
24 Olara öz haramlyklaryna we günälerine laýyk jeza berdim; ýüzümi olardan gizledim».
25 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi Men Ýakubyň öňki abadançylygyny dikelderin, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin we mukaddes adym sebäpli gabanjaň bolaryn.
26 Olara hiç kim howp salman, öz ýurtlarynda howpsuz ýaşanlarynda, özleriniň masgaraçylykly hereketlerine we Maňa garşy eden dönükliklerine utanarlar.
27 Men olary halklaryň arasyndan yzlaryna getirenimde we duşmanlarynyň ýurdundan ýygnanymda, olaryň üsti bilen köp milletleriň gözleriniň alnynda Öz mukaddesligimi görkezerin.
28 Sürgün eden ýerlerimden halky yzyna getirenimde, olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler; ol ýerde olaryň birini-de galdyrman öz ýurtlaryna ýygnaryn.
29 Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.