Bap 16
Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Iýerusalime öz nejis işlerini bildir.
3 Hökmürowan Reb Iýerusalime şeýle diýýär diý: „Seniň aslyň, doglan ýeriň Kengan ýurdudyr. Seniň kakaň amor, ejeň het tiresindendir.
4 Göbegiň doglan günüň kesilmedi, arassalamak üçin suw bilen ýuwulmadyň, duz bilen sürtülmediň we gundalmadyň.
5 Hiç kimiň haýpy gelip, saňa bulardan birini hem etmedi, rehim-şepagat görkezmedi. Gaýtam, dünýä inen günüň seni ýigrenip, meýdana taşladylar.
6 Men gapdalyňdan geçenimde, seniň öz ganyňa bulaşyp ýatanyňy görüp: ‘Diri gal!’ diýdim.
7 Seni meýdan ösümligi kimin ösdürdim, sen ösüp, kemala geldiň, aňrybaş gözellige ýetdiň, göwüsleriň tözlenip, saçyň uzyn boldy, ýöne sen alaň-açyk we ýalaňaçdyň.
8 Onsoň ýene gapdalyňdan geçip, saňa seretdim. Seniň tüýs söýgi çagyňdy; etegimi üstüňe ýazyp, ýalaňaçlygyňy örtdüm. Saňa ant içip, seniň bilen äht baglaşdym, sen-de Meniňki bolduň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
9 Seni suwa düşürdim, ganyňy ýuwup arassaladym we zeýtun ýagyny çaldym.
10 Saňa keşdeli eşikler geýdirdim, aýagyňa gaýyşdan çaryk, başyňa nepis matadan ýaglyk daňyp, gymmatbaha geýimler geýdirdim.
11 Seni şaý-sepler bilen bezedim, bilegiňe bilezikler, boýnuňa zynjyr dakdym.
12 Burnuňa ysyrga, gulaklaryňa gulakhalkalar dakyp, başyňa gözellik täjini geýdirdim.
13 Sen altyn, kümüş bilen bezeldiň, eşigiň zygyr, gymmatbahaly we keşdeli matady. Höregiňe oňat un, bal we ýag iýdiň, owadanlygyňyň çeni-çaky bolman, şa aýalynyň derejesine ýetdiň.
14 Owadanlygyň sebäpli şöhratyň milletleriň arasyna ýaýrady, saňa bagyşlan şöwketim sebäpli, owadanlygyň kämildi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
15 Ýöne sen owadanlygyňa bil bagladyň, şöhratyňdan peýdalanyp, zynagärlik etdiň. Her geçene köňül berdiň, owadanlygyň onuňky boldy.
16 Sen nepis geýimleriňden özüňe owadan sežde edilýän ýerler salyp, olaryň üstünde zynagärlik etdiň, beýle zat öň bolan däldir we indi hem bolmaz.
17 Meniň beren altyn-kümüş bezeg şaýlarymy alyp, erkekleriň heýkellerini ýasandyň we olar bilen zyna etdiň.
18 Keşdeli eşikleriňi alyp, olara geýdirdiň. Meniň zeýtun ýagymy we ýakymly ysly tütetgimi olaryň öňünde goýduň.
19 Saňa beren çöregimi, iýdiren oňat unumy, zeýtun ýagyny we baly hoşboý yslar hökmünde olaryň öňünde goýduň, hawa, şeýle etdiň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
20 Meniň üçin dogran ogullaryňy we gyzlaryňy alyp, iýmit hökmünde butlara gurban etdiň. Hamala, zynagärligiň az ýalydy!
21 Çagalarymy öldürdiň, olary oda ýakyp, butlara gurban berdiň.
22 Ähli nejis işleriňde, zynagärligiňde ýaşlyk günleriňi, alaň-açyk we ýalaňaç bolup, ganyňa bulaşan wagtyňy ýatlamadyň“».
23 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Waý halyňa! Seniň halyňa waý! Ähli pislikleriňden soň, her bir açyk meýdanda özüňe çadyr we sežde edilýän ýer saldyň.
24
25 Her köçäniň başynda sežde edilýän ýer gurup, owadanlygyňy harladyň, her bir ötegçä özüňi hödürläp, zynagärligiňi artdyrdyň.
26 Daýaw bedenli goňşularyň müsürliler bilen zynagärlik etdiň we Meniň gaharymy getirmek üçin zynagärligiňi artdyrdyň.
27 Şonuň üçin hem, Men saňa garşy el göterdim, rysgalyňy kemeltdim we seni özüňi ýigrenýänlere, seniň zynagärligiňden utanýan piliştli gyzlaryň erkine berdim.
28 Sen aşurlylar bilen-de zynagärlik etdiň, sebäbi sen doýmaz-dolmazdyň, olar bilen-de zynagärlik etdiň, şonda-da ganmadyň.
29 Zynagärligiňi söwdagärleriň ýurdy bolan babyllylaryň ýurduna çenli artdyrdyň; ýöne munuň bilen-de doýmadyň.
30 Bu işleriň ählisini, utançsyz lolynyň işlerini edeniňde, ýüregiň nähili mejalsyz boldy. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
31 Her köçäniň başynda sen özüňe çadyr gurduň, her bir açyk meýdanda sežde edilýän ýer saldyň. Sen beýleki lolular ýaly bolmadyň, sebäbi muzdy äsgermediň.
32 Sen zynagär, äriniň ýerine kesekileri kabul edýän aýalsyň!
33 Ähli lolulara sowgatlar berilýär, sen bolsa ähli oýnaşlaryňa özüň sowgat berýärsiň, zynagärligiň üçin her tarapdan gelsinler diýip para berýärsiň.
34 Zynagärligiňde beýleki aýallara meňzemeýärsiň, sebäbi zynagärlik etmek üçin hiç kim seniň yzyňa düşmeýär. Saňa muzd tölenmän, özüň olara muzd töleýärsiň, munuň üçin beýlekilere meňzemeýärsiň».
35 Munuň üçin, eý, azgyn aýal, Rebbiň sözüni diňle:
36 «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Seniň haýasyzlygyň äşgär bolup, oýnaşlaryň we ähli nejis butlaryň bilen zynagärlik edýärkäň, ýalaňaçlygyň üsti açyldy. Olara beren ogullaryňyň gany üçin
37 keýpi-sapa eden ähli oýnaşlaryňy, ähli söýenleriňi bütin ýigrenenleriň bilen birlikde üýşürerin. Olary tutuşlaýyn garşyňa üýşürip, olaryň öňünde seni ýalaňaçlaryn. Şeýdip, seniň tutuş ýalaňaçlygyňy görerler.
38 Men saňa zyna eden we gan döken aýallara degişli hökümler çykararyn. Öçli gahar-gazabym we gabanjaňlygym bilen seniň ganyňy akdyraryn.
39 Seni olaryň eline bererin, olar seniň çadyryňy ýykarlar, sežde edilýän ýerleriňi kül-peýekun ederler, egniňden eşigiňi sypyrarlar, şaý-sepleriňi alyp, seni ýalaňaç we alaň-açyk galdyrarlar.
40 Olar jemagaty seniň garşyňa küşgürerler, seni daşlarlar, gylyçdan geçirerler.
41 Öýleriňi oda ýakyp, köp aýallaryň gözleriniň alnynda saňa höküm çykararlar. Men zynagärligiňi bes etdirerin, indi gaýdyp oýnaşlaryňa muzd tölemersiň.
42 Şeýlelikde, saňa bolan gahar-gazabymy öçürerin, saňa bolan gabanjaňlygym aýrylar, onsoň Men köşeşerin we mundan soň gaharlanmaryn.
43 Sen ýaşlyk günleriňi ýatlaman, eden ähli hereketleriň bilen Meni gazaplandyrdyň. Ine, Men-de eden işleriňi öz başyňdan indererin“. Muny Hökmürowan Reb diýýär. „Näme üçin sen ähli nejis işleriňiň üstüne bu haýasyzlygyňy-da goşduň?
44 Ine, hemmeler seniň garşyňa ‘Enesini gör-de, gyzyny al’ diýen nakyly aýdarlar.
45 Sen öz ärini we ogluny kemsidýän enäniň gyzysyň, öz ärlerini we ogullaryny kemsidýän uýalaryň uýasysyň, siziň ejeňiz hetli, kakaňyz bolsa amorlydy.
46 Gyzlary bilen birlikde seniň demirgazyk tarapyňda ýaşaýan uly uýaň Samarýadyr, gyzlary bilen seniň günorta tarapyňda mesgen tutan kiçi uýaň Sodomdyr.
47 Sen olaryň ýollaryndan ýöräp, olaryň nejis işlerini etmediňmi? Bu hem az ýaly, öz ýollaryňda olardan hem beter bozuldyň.
48 Öz barlygymdan ant içýärin Hökmürowan Reb diýýär uýaň Sodom öz gyzlary bilen seniň özüňiň we gyzlaryňyň edenini etmedi.
49 Ine, seniň uýaň Sodomyň etmişi şudy: Onuň özünde we gyzlarynda tekepbirlik, bol nan we doly rahatlyk bardy, emma ol garyby we mätäji goldamady.
50 Olar özlerine guwandylar we Meniň gözümiň alnynda nejis işler etdiler. Şonuň üçin hem muny görenimde, olary öňümden süpürip taşladym.
51 Samarýa seniň eden günäleriňiň ýarysyny-da etmedi, emma nejis işleriňde sen olardan geçirdiň, eden ähli nejis işleriň bilen uýalaryňy akladyň.
52 Sen-de utanjyňyň ýüküni çek. Nejislik bilen eden günäleriň uýalaryňkydan köpdügi sebäpli olara ýeňil höküm çykartdyň. Olar senden has dogry saýyldylar. Munuň üçin utan we öz utanjyňyň ýüküni çek, çünki sen uýalaryňy akladyň.
53 Sodomyň, Samarýanyň we olaryň gyzlarynyň, olar bilen birlikde seniň öňki abadançylygyňyzy dikelderin.
54 Şonda sen öz utanjyňy çekersiň, eden ähli işleriňe utanyp, olara teselli bolarsyň.
55 Seniň uýalaryň Sodom we Samarýa öz gyzlary bilen birlikde öňki ýagdaýlaryna dönenlerinde, sen hem gyzlaryň bilen öňki ýagdaýlaryňa dönersiň.
56 Tekepbir wagtyňda uýaň Sodomyň adyny dile almaýardyň.
57 Indi bolsa seniň pisligiňiň üsti açyldy. Indi sen Edom, pilişt gyzlary we seni ýigrenýän başga halklar tarapyndan masgaralanýarsyň.
58 Sen öz haýasyzlygyň we nejis işleriňiň jezasyny çekýärsiň“». Muny Reb diýýär.
59 Hawa, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen eden ähtiňi bozup, içen antyňy harladyň. Men-de seni edil öz edişiň ýaly ederin.
60 Ýöne ýaşlygyňda seniň bilen baglaşan ähtimi ýatlap, seniň üçin baky äht berkarar ederin.
61 Özüňden uly we kiçi uýalaryňy ýanyňa alanyňda, eden etmişleriňi ýatlap utanarsyň. Men olary saňa gyzlyga bererin, emma bu seniň ähtiň boýunça däldir.
62 Men seni ähli eden erbet işleriňden saplanymda, sen muny ýatlap utanar ýaly, utanjyňdan ýaňa agzyňy açmaz ýaly, seniň bilen ähtimi berkarar ederin, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».
63 Muny Hökmürowan Reb diýýär.