Bap 11
Ruh meni ýokary galdyryp, Rebbiň öýüniň gündogar tarapdaky derwezesine getirdi. Derwezäniň girelgesinde ýigrimi bäş adam bardy. Men olaryň arasynda halkyň ýolbaşçylaryndan Azuryň ogly Ýazanýa bilen Benaýanyň ogly Pelatýany gördüm.
2 Reb maňa: «Eý, ynsan ogly! Päliýamanlar, şäherde erbet öwütler berýänler şu adamlardyr.
3 Bular: „Öýleri gurmagyň wagty basym gelmezmi? Bu şäher bir gazandyr, biz bolsa onuň içinde abat saklanýan etdiris“ diýýärler.
4 Munuň üçin sen olaryň garşysyna pygamberlik et. Hawa, pygamberlik et, eý, ynsan ogly!» diýdi.
5 Onsoň Rebbiň ruhy üstüme inip, maňa şulary aýtmagymy buýurdy: «Reb şeýle diýýär: „Eý, ysraýyl halky, Men siziň agzyňyzdan çykýan her bir sözi, kelläňizdäki pikiri bilýärin.
6 Bu şäherde siz köp adamy öldürdiňiz, onuň köçelerini gylyçdan geçirilenlerden doldurdyňyz“».
7 Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siziň gylyçdan geçirip taşlanlaryňyz et, bu şäher bolsa gazandyr, emma siz onuň içinden çykarylarsyňyz.
8 Siz gylyçdan gorkýarsyňyz, emma Men üstüňizden gylyjy salaryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
9 Sizi onuň içinden çykaryp, gelmişekleriň eline bererin, garşyňyza hökümler çykararyn.
10 Siz gylyçdan heläk bolarsyňyz, size Ysraýyl serhedinde höküm ederin, onsoň Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
11 Bu şäher siziň üçin gazan bolmaz, sizem onda et bolmarsyňyz. Men Ysraýyl serhedinde size höküm çykararyn.
12 Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Siz Meniň parzlarymy berjaý etmediňiz, hökümlerimi ýerine ýetirmediňiz, gaýtam töweregiňizdäki milletleriň hökümlerine görä hereket etdiňiz».
13 Onsoň şeýle boldy: men pygamberlik edip ýörkäm, Benaýanyň ogly Pelatýa öldi. Men ýüzin ýykyldym, gaty ses bilen: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Sen Ysraýylyň aman galan adamlarynyň hem soňuna çykaýjakmy?» diýip perýat etdim.
14 Onsoň maňa Rebbiň sözi geldi:
15 «Eý, ynsan ogly! Iýerusalim ilaty seniň doganlaryň hakynda sürgünde ýören hossarlaryň we bütin ysraýyl halkyň hakynda „Olar Rebden daşlaşdylar, bu ýurt mülk hökmünde bize berildi“ diýdiler.
16 Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olary uzakdaky milletleriň arasyna iberdim, ýurtlara dargatdym. Şonda-da giden ýurtlarynda gysga möhlet üçin olara mukaddes öý bolan Mendirin“».
17 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men sizi halklaryň arasyndan ýygnaryn, dargadylan ýurtlaryňyzdan bir ýere jemlärin we Ysraýyl topragyny size bererin.
18 Ýurda dolanyp, ähli ýigrenji we nejis zatlaryny ol ýerden aýryp zyňarlar.
19 Olaryň ýüregini bir ederin, täze ruh bererin. Içlerindäki daş ýüregi aýryp, olara etden bolan ýürek bererin.
20 Şonda olar parzlarymy berjaý edip, hökümlerimi saklap, olary doly berjaý ederler. Şeýle hem olar-a Meniň halkym, Menem olaryň Hudaýy bolaryn.
21 Emma ýürekleri ýigrenji we nejis zatlaryň yzyna eýeren adamlary jezalandyraryn, olaryň eden işlerini öz başlaryndan indererin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
22 Onsoň keruplar ganatlaryny galdyrdylar, tigirler-de olaryň gapdalyndady. Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty bolsa olaryň üstündedi.
23 Rebbiň şöhraty şäherden çykyp, şäheriň gündogaryndaky dagyň üstünde durdy.
24 Görnüşde Hudaýyň ruhy meni ýokary galdyryp, babyllylaryň ýurdundaky sürgün edilenleriň ýanyna getirdi. Onsoň gören görnüşim gözümden gaýyp boldy.
25 Men Rebbiň özüme görkezen ähli zatlaryny sürgün edilenlere gürrüň berdim.