Bap 45
Ýurdy mülk hökmünde bije atyp paýlanyňyzda, ýurtdan mukaddes bir bölek ýeri sadaka hökmünde Rebbe beriň. Onuň uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek we ini ýigrimi müň tirsek bolsun; bu bölek tutuş töwerekleýin mukaddes bolar.
2 Mukaddes öý üçin uzynlygy we ini bäş ýüz tirsek bolan inedördül meýdan we onuň töwereginde bolsa elli tirseklik açyk meýdan bolar.
3 Mukaddes bölekden uzynlygyny ýigrimi bäş müň tirsek, inini on müň tirsek edip bir bölegi ölçe; bu mukaddes öý, ýagny örän mukaddes ýer bolar.
4 Ýurduň bu mukaddes paýy mukaddes öýde Rebbe hyzmat etmek üçin ýakynlaşan ruhanylar üçindir. Bu bölekde olaryň öýleri bolar we mukaddes öý üçin mukaddes ýer bolar.
5 Uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek, ini on müň tirsek ýer bolan beýleki bölüm Hudaýyň öýünde hyzmat edýän lewilere ýaşaýyş şäherlerini gurmak üçin mülk bolar.
6 Mukaddes bölegiň gapdalynda şäher mülküni belläň; onuň uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek, ini bäş müň tirsek bolsun. Bu tutuş ysraýyl halkyna degişli bolar.
7 Mukaddes bölege düşen paý bilen şähere düşen paýyň iki tarapyndaky ýerler hökümdara berler. Ol günbatar tarapdan günbatara, gündogar tarapdan gündogara tarap uzalyp gidýär. Onuň uzynlygy günbatar serhetden gündogar serhede çenli ysraýyl tireleriniň hersiniň paýy bilen deňdir.
8 Bu Ysraýylda hökümdaryň mülki bolar. Mundan beýläk Meniň hökümdarlarym halkyma zulum etmezler, ýeri ysraýyl halkyna tirelerine görä paýlarlar.
9 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, ysraýyl hökümdarlary, indi bes ediň! Zorluk we zulumy aradan aýryp, adalaty we dogruçyllygy berjaý ediň; halkymy öz topragyndan kowmaň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
10 Tereziňiz dogry bolsun, dogry agyrlyk daşyny we ölçeg küýzesini ulanyň.
11 Agyrlyk daşy we ölçeg küýzesi birmeňzeş bolsun. Agyrlyk daşy batmanyň ondan birine, ölçeg küýzesi hem batmanyň ondan birine deň bolup, bularyň ölçegi bir bolsun; ikisiniň-de ölçegi resmi ölçege görä bolsun.
12 Bir şekel ýigrimi gera deň bolsun; bir mina ýigrimi şekele, ýigrimi bäş şekele we on bäş şekele deň bolsun.
13 Bermeli sadakalaryňyz şulardyr: bir batman bugdaýyň altydan biri, bir batman arpanyň altydan biri.
14 Resmi ölçege görä, ýag baradaky düzgün şudur: her kordan iki küýze ýag bersinler. Bir kor üç ýüz elli küýzä ýa-da on batmana deňdir.
15 Özlerini günäden saplamak üçin Ysraýylyň örülerinde bakylýan sürüden iki ýüzden bir goýny galla sadakasy, ýakma we salamatlyk gurbanlyklary hökmünde bersinler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
16 Ýurduň ähli halky bu sadakalary Ysraýyldaky hökümdara bermelidir.
17 Emma Ysraýylda ähli baýramlarda Täze Aý baýramynda, dabaralarda, Sabat günlerinde ýakma gurbanlygyny, galla we içgi sadakalaryny bermek hökümdaryň borjudyr. Ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin günä gurbanlygyny, galla sadakasyny, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny getirjek oldur».
18 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Birinji aýyň birine şikessiz bir öküzçe al-da, mukaddes öýi tämizle.
19 Ruhany bolsa günä gurbanlygynyň ganyndan alyp, öýüň gapylarynyň söýelerine, gurbanlyk sypasynyň diwarynyň dört burçuna we içki howlynyň derwezeleriniň söýelerine çalsyn.
20 Ýalňyşlyk bilen ýa-da bilmän günä eden adam üçin-de aýyň ýedisine şeýle edersiňiz; şunlukda, öýi-de murdarlykdan saplarsyňyz.
21 Birinji aýyň on dördüne siziň üçin Pesah baýramy ýedi günlük baýram bolar; onda petir iýilmelidir.
22 Şol gün hökümdar özi üçin we ýurduň halky üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçe hödürlär.
23 Ol baýramyň tutuş ýedi gününde Rebbe ýakma gurbanlygy hökmünde her gün şikessiz ýedi öküzçe bilen ýedi goç we günä gurbanlygy üçin her gün bir erkeç hödürlär.
24 Galla sadakasy hökmünde berlen öküz üçin hem, goç üçin hem bir batman bugdaý we her batman üçin hem dört küýze ýag taýýarlar.
25 Ýedinji aýyň on bäşine baýramyň başyndan tä ahyryna çenli ýedi günläp hökümdar günä we ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny we zeýtun ýagyny şol bir mukdarda hödür etmelidir».