Bap 21
Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Iýerusalime tarap öwür-de, mukaddes ýerlere garşy wagyz et, Ysraýyl ýurdy barada pygamberlik edip,
3 oňa Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men saňa garşydyryn, gylyjymy gynyndan çykaryp, ýagşyny-da, ýamany-da senden kesip taşlaryn.
4 Ýagşyny-da, ýamany-da senden kesip taşlamak üçin günortadan demirgazyga çenli ähli ynsana garşy gylyjymy gynyndan çykararyn.
5 Şonda tutuş adamzat gylyjyny gynyndan çykaranyň Men-Rebdigimi biler; indi gylyjy gynyna salmaryn“».
6 «Eý, ynsan ogly, ah çek, olaryň gözleriniň alnynda ýüregiňi paralap, ajy gözýaş dök.
7 Olar saňa: „Näme beýle gam-gussa batýaň?“ diýenlerinde, sen olara: „Gelen erbet habar zerarly gama batýaryn. Muňa her bir ýürek erär, ähli eller gowşar, her bir ruh tapdan düşer, her bir dyz epiler. Ine, habar gelýär, ol amala aşar“ diý». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
8 Maňa Rebbiň sözi geldi:
9 «Eý, ynsan ogly! Pygamberlik et we Reb şeýle diýýär diý: „Gylyç! Gylyç! ol ýiteldildi, çarhlandy!
10 Bu öldürmek üçin ýiteldildi, ýyldyrym kimin çaksyn diýip çarhlandy. Biz nädip şatlanyp bileris? Oglum, sen taýagy we temmini harladyň ahyryn.
11 Gylyç ulanmak üçin çarhlanmaga berildi; gylyç ganhoruň eline berilsin diýip ýiteldildi, çarhlandy.
12 Eý, ynsan ogly! Perýat et, bagyr! Çünki bu gylyç Meniň halkymyň, ähli Ysraýyl ýolbaşçylarynyň üstünden inýär. Ysraýyl ýolbaşçylary Meniň halkym bilen birlikde gylyçdan geçiriler; munuň üçin döşüňi ýumrukla.
13 Bu bir synagdyr; taýak äsgerilmese, soňy näme bolar?“». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
14 «Eý, ynsan ogly, pygamberlik et we maňlaýyňa ur. Gyrýan gylyç iki-üç gezek ursun. Bu öldürýän gylyçdyr, köp sanly ynsanlary gyran, olary her ýandan gurşan gylyçdyr.
15 Şeýdip, olaryň gorkudan ýaňa ýüregi bükgüldesin, büdremeleri artsyn diýip, Men ähli derwezelerinde howp salýan gylyjy goýdum. Pah-pah, gylyç ýyldyrym kimin parlady, gyrmak üçin çykaryldy.
16 Eý, gylyç, sagyňa çoz, soluňy çap, ugruň nirä bolsa, şoňa-da git.
17 Men-de maňlaýyma uraryn, gahar-gazabym ýatyşar, muny Men-Reb diýdim».
18 Maňa Rebbiň sözi geldi:
19 «Eý, ynsan ogly, Babyl patyşasynyň gylyjy geler ýaly, özüňe iki ýol belle, ikisi-de bir ýurtdan çyksyn. Gala barýan ýoluň başynda bir belgi ýasap goý.
20 Ammonlaryň Raba galasyna ýa-da Ýahudadaky berk diwarly Iýerusalime girer ýaly, gylyç üçin ýol ýasa.
21 Çünki Babyl patyşasy iki ýoluň başynda durup jogap agtarýar. Ol oklary silkeleýär we butlara maslahat salyp, gurbanlyk malynyň bagryna seredýär.
22 Onuň sag elinde Iýerusalimi görkezýän pal bar. Onda diwar ýykýan pürsleri ýerleşdirmek, ölüm buýrugyny bermek, söweş nagralaryny çekmek, derwezeleri ýumrujy gurallary goýmak, berkitmeler we diwara çykmak üçin ýapgytlar gurmak barada aýdylýar.
23 Babyl patyşasyna ant içip, kasam edenleriň nazarynda bu boş pal bolar; emma olar ele salnanda, pal bulara ýazygy ýatladar».
24 Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz jenaýatlaryňyzyň üstüni açmak bilen ýazygyňyzy ýatlatdyňyz. Ähli işleriňizde günäleriňizi görkezmek bilen ýazygyňyzy ýatlatdyňyz. Şonuň üçin zorluk bilen ele düşersiňiz.
25 Eý, Ysraýylyň dereksiz, pis hökümdary, soňky günüň ýakynlaşdy, soňky jeza günüň ýetip geldi!».
26 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Selläňi aýyr, täjiňi çykar. Indi bu beýle bolmaz. Pes bolan beýgeler, beýik bolan peseler.
27 Weýran! Weýran! Şäheri weýran ederin! Höküm çykarýan gelýänçä, bu başa barmaz. Soňra Men şäheri oňa bererin».
28 «Sen bolsa, eý, ynsan ogly, pygamberlik et we masgaralaýjy sözler aýdýan ammonlar barada Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gylyç, gylyç! Öldürmek üçin gyndan çykaryldy, ýuwutsyn we ýyldyrym kimin çaksyn diýip ýiteldilip çarhlandy.
29 Eý, ammon halky, sen hakda görülýän görnüşler biderek, atylýan pallar ýalandyr. Eý, gylyç, ol zalym pisleriň boýnuny çapyp taşla, çünki olaryň soňky güni geldi, ahyrky jezasynyň wagty ýetdi.
30 Gylyjy gynyňa sal! Ýaradylan ýeriňde, dogduk mekanyňda Men saňa höküm çykararyn.
31 Üstüňize gaharymy döküp, gazap odumy üflärin, seni öldürmäge ussat wagşylaryň eline bererin.
32 Sen oda ýangyç bolarsyň. Ganyň tutuş ýurtda akar, indi sen hiç haçan ýatlanmarsyň; çünki muny Men-Reb aýtdym“».