Bap 31
Sürgünde bolýan wagtymyzyň on birinji ýylynyň üçünji aýynyň birine maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Fyrowna we onuň halkyna şeýle diý: „Sen beýikligiň boýunça kime meňzeýärsiň?
3 Ine, Aşur Liwanda owadan şahaly, tokaý saýaly kedr agajydy. Onuň boýy uzyndy, başy bulutlarda ýerleşýärdi.
4 Suwlar ony ösdürdi, ýerasty bulaklar ony belent etdi; daş-töweregini derýalar gurşap, akar çeşmeleri bilen uzakdaky ähli agaçlary gandyrýardy.
5 Munuň üçin onuň boýy beýleki agaçlaryň baryndan uzyndy, baldaklary güreldi; suwuň bollugyndan şahalary uzady.
6 Pudaklarynyň üstünde gögüň ähli guşlary höwürtgelediler; şahalarynyň astynda ähli ýyrtyjy haýwanlar guzladylar we kölegesinde ähli uly milletler mesgen tutdular.
7 Ol belentligi bilen, şahalarynyň uzynlygy bilen gözeldi, köki-de çuň suwlara ýetipdi.
8 Hudaýyň bagyndaky kedr agaçlary onuň boýuna, serwiler onuň pudaklaryna-da taý gelmeýärdi, çynarlar onuň şahalaryna deň däldi, Hudaýyň bagyndaky hiç bir agaç gözellikde oňa taý gelmeýärdi.
9 Men ony gür şahalar bilen bezäpdim; Hudaýyň Erem bagyndaky ähli agaçlar oňa göriplik etdiler“».
10 Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Onuň boýy ösüp, başy bulutlara ýetende, bu beýiklik onuň ýüreginde tekepbirlik döretdi.
11 Şonuň üçin Men ony milletleriň hökümdarynyň eline berdim, oňa öz erbetligine laýyk daraşdylar. Men ondan ýüz öwürdim,
12 gelmişek milletleriň iň rehimsizi ony kesip taşlap ret etdi. Şahalary daglaryň üstüne we tutuş derelere düşüp, pudaklary çapylyp, ýurduň ähli jülgelerine taşlandy. Dünýäniň ähli halklary onuň kölegesinden gitdiler, ony terk etdiler.
13 Gögüň ähli guşlary onuň döwlen böleklerinde mesgen tutýarlar, meýdanyň ähli haýwanlary onuň şahalarynyň arasynda ýerleşýärler.
14 Şeýlelikde, suwlaryň ýakasynda ýetişen hiç bir agaç boý alyp, belende çykmaz ýa-da başlary buluda ýetmez we bol suw içip ösen hiç bir agaç beýle belentlige ýetmez. Olaryň bary gabra inýän ähli ynsanlar bilen birlikde ölüler dünýäsine ýeriň teýine inderildiler».
15 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ölüler dünýäsine inen güni, Men ol agaç üçin ýas tutsunlar diýip, ony düýpsüz çuňluk bilen örtdüm, onuň derýalaryny togtatdym; äpet suwlary sakladym. Bu agaç üçin tutuş Liwany tümlüge gapladym, onuň ähli agaçlaryny soldurdym.
16 Ony gabra inýänler bilen birlikde ölüler dünýäsine inderenimde, ýykylyşynyň gürpüldisinden milletleri titretdim; onsoň Erem bagynyň ähli agaçlary, Liwanyň iň owadan we iň saýlama agaçlary, bol suw içip ösenleriň bary ýeriň teýinde teselli tapdylar.
17 Kölegesinde ýaşanlar, ýagny milletleriň arasynda onuň bilen ylalaşyk baglaşanlar hem onuň bilen birlikde ölüler dünýäsine gylyçdan geçirilenleriň ýanyna indiler.
18 Erem bagynyň agaçlarynyň haýsysy şan-şöhratda we beýiklikde saňa meňzeýär? Ýöne sen Erem agaçlary bilen birlikde ýeriň teýine inderilersiň. Sen gylyçdan geçirilenler bilen birlikde sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Fyrownyň we onuň ähli beýik goşunynyň soňy şeýle bolar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.