Bap 13

Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Pygamberlik edýän Ysraýyl pygamberlerine garşy pygamberlik et. Öz-özlerinden pygamberlik edýän ol pygamberlere Rebbiň sözüni diňlemegi tabşyr.
3 Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Akmak pygamberleriň dat gününe! Olar hiç bir zat görmän, öz hyýallarynyň yzyna eýerýärler.
4 Eý, Ysraýyl, seniň pygamberleriň harabalykda gezýän şagallar kimindir.
5 Rebbiň gününde ysraýyl halkynyň söweşde berk durmagy üçin, diwaryň opurylan ýerlerini täzeden bejermediňiz.
6 Olar ‘Rebbiň sözi’ diýip, boş görnüşlere we ýalan pallara uýdular. Olary Reb ýollamady, emma şonda-da sözleriniň amala aşmagyna umyt baglaýarlar.
7 Men aýtmadyk hem bolsam, ‘Rebbiň sözi’ diýeniňizde, boş görnüşler görüp, ýalandan pal atmadyňyzmy?“.
8 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siz ýalan sözlediňiz, boş görnüşler gördüňiz, munuň üçin Men size garşydyryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
9 Boş görnüşler görýän, ýalandan pal atýan pygamberleriň garşysyna el galdyraryn. Olar Meniň halkymyň maslahatyna gatnaşmazlar, ysraýyl halkynyň sanawyna ýazylmazlar we Ysraýyl ýurduna girmezler. Onsoň siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz.
10 Bu pygamberler parahatçylyk ýok ýere ‘parahatçylyk’ diýip, Meniň halkymy azdyrýarlar; biri diwar salanda, olar muňa hek çalýarlar.
11 Hek çalýanlara diwar ýykylar diý; güýçli ýagyş bilen daşly dolular ýagar; diwary tupanly ýel ýumrar.
12 Diwar ýykylanda, sizden çalan hekiňiziň nirededigini soramazlarmy?!“.
13 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men gazaplanyp, tupanly ýel bilen diwary ýumraryn, gaharym bilen güýçli ýagyş we daşly doly ýagdyryp, diwary ýer bilen ýegsan ederin.
14 Hek çalan diwaryňyzy ýykaryn, ony ýer bilen ýegsan ederin, onuň düýbi görner. Diwar ýykylyp, siz içinde heläk bolarsyňyz. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“.
15
16 Men diwara we oňa hek çalanlara gazabymy döküp, size şeýle diýerin: „Diwar-da, oňa hek çalanlar-da ýok boldular. Iýerusalimde parahatçylyk ýok ýere ‘parahatçylyk’ barada aýanlyk alan Ysraýyl pygamberleri-de ýok boldy“. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
17 Ýöne sen, eý, ynsan ogly, öz-özlerinden pygamberlik edýän halkyň gyzlaryna tarap ýüzüňi öwür-de, olara garşy pygamberlik et.
18 Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Her bir ynsanyň janyny awlajak bolup, her kimiň bilegine bilezik dakýan, dürli boýdaky adamlaryň başyna bürenjek tikýän aýallaryň dat gününe! Siz Meniň halkymyň janyny awlamak bilen öz janyňyzy halas edýändiris öýdýärsiňizmi?
19 Bir gysym arpa we bir döwüm çörek üçin halkymyň arasynda Maňa ysnat getirdiňiz. Ýalana gulak asýan halkyma ýalan sözlemek bilen ölüme laýyk däl janlary öldürdiňiz, ölüme laýyk janlara bolsa ýaşajakdyklaryny yglan etdiňiz“.
20 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ine, Men siziň ynsan janyny guş kimin awlaýan jadygöý bilezikleriňize garşydyryn. Men olary gollaryňyzdan sypyraryn. Guş kimin awlaýan janlaryňyzy boşadyp goýbererin.
21 Bürenjekleriňizi-de ýyrtyp, halkymy eliňizden halas ederin, indi olar siziň eliňizde ýesir bolmazlar. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
22 Meniň ynjatmak islemedik dogruçyl kişimiň ýüregini ýalan zatlar bilen ynjatdyňyz we erbet adam öz erbet ýolundan dönüp, diri galmaz ýaly, onuň goluna kuwwat berdiňiz.
23 Munuň üçin siz indi ýalan görnüşler görmersiňiz we palmançylyk etmersiňiz. Men halkymy siziň eliňizden halas ederin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“».