Bap 43
Onsoň ol adam meni gündogar tarapa bakyp duran derwezä getirdi.
2 Ine, gündogar tarapdan Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty geldi. Onuň sesi güýçli akýan suwlaryň şaggyldysy ýalydy. Onuň şöhratyndan ýer nur saçýardy.
3 Bu görnüş Hudaýyň Iýerusalimi heläk etmäge gelendäki we Kebar kanalynyň ýakasyndaky gören görnüşlerime meňzeşdi; men ýere ýüzin ýykyldym.
4 Rebbiň şöhraty gündogara tarap bakýan derwezeden öýe girdi.
5 Onsoň Ruh meni alyp, içki howla getirdi; Rebbiň şöhraty öýi doldurdy.
6 Ýaňky adam ýanymda durka, men öýden biriniň özüme söz gatýandygyny eşitdim.
7 Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň tagtymyň we aýak dabanymyň ýeri, ysraýyl halkynyň arasynda ebedilik oturjak ýerim bu ýerdir. Mundan beýläk ysraýyl halky-da, olaryň patyşalary-da zyna edip, sežde edilýän ýerlerinde patyşalarynyň heýkellerini oturtmak bilen Meniň mukaddes adymy haram etmezler.
8 Olar bosagasyny bosagamyň, gapylarynyň söýesini gapymyň söýesiniň ýanynda gurdular, Men bilen olaryň arasynda diňe bir diwar bardy; olar nejis işleri bilen Meniň mukaddes adymy haram etdiler; Men gahar-gazabym bilen olary heläk etdim.
9 Indi zynalaryny we patyşalarynyň heýkellerini Menden uzaklaşdyrsynlar, Men hem ebedilik olaryň arasynda mesgen tutaryn.
10 Sen, eý, ynsan ogly, ysraýyl halkyny bu öýden habarly et, goý, onuň nusgasyny ölçesinler we etmişlerinden ýaňa utansynlar.
11 Eger eden ähli işleri üçin utansalar, öýüň gurluşyny, onuň ýerbe-ýerdigini, girelgelerini we çykalgalaryny, tutuş taslamasyny we düzgünlerini, ähli meýilnamalaryny we kanunlaryny olara aýan et, gözleriniň alnynda şuny ýaz. Şeýdip, onuň tutuş meýilnamasyny we ähli düzgünlerini saklasynlar, olary berjaý etsinler.
12 Hudaýyň öýüniň kanuny şeýledir: Dagyň başynda onuň ähli töwereginiň araçägi örän mukaddes ýer bolar. Ine, Hudaýyň öýüniň kanuny şudur».
13 Bir tirsek we bir sere bolan uzyn tirsek boýunça gurbanlyk sypasynyň ölçegi şeýledir: onuň ýapjagazynyň çuňlugy-da, ini-de bir tirsek, ýabyň gyrasy töwerekleýin bir garyş. Gurbanlyk sypasynyň esasy düýbi budur.
14 Arykdan aşaky diwara çenli beýikligi iki, ini bir tirsekdir; kiçi diwardan uly diwara çenli beýikligi dört, ini bir tirsekdir.
15 Gurbanlyk sypasynyň beýikligi dört tirsek. Onuň üstünden ýokarlygyna dört şah bolar.
16 Gurbanlyk sypasynyň üst böleginiň ojagynyň boýy on iki tirsek, ini on iki tirsek bolup, her dört tarapdan inedördül bolar.
17 Uly diwaryň her dört tarapynyň uzynlygy we ini on dört tirsek bolar. Onuň her dört gapdalyndaky ýabyň gyrasy ýarym tirsek, töwerekleýin ýapjagazy bir tirsek bolup, basgançaklary gündogar tarapda bolar.
18 Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Gurbanlyk sypasyny dikeniňizde, onuň üstünde ýakma gurbanlyklary hödür etmek we oňa gan serpmek üçin düzgünler şulardyr:
19 Maňa hyzmat etmek üçin huzuryma gelen ýakynlaşan Sadok neslinden bolan ruhanylara günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçe ber. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
20 Onuň ganyndan al-da, gurbanlyk sypasynyň dört şahyna, diwaryň dört burçuna we töwerekleýin ýabyň gyrasyna çal; bu ony tämizläp, haramlygyndan sapladygyň bolar.
21 Günä gurbanlygy bolan öküzçäni al-da, Hudaýyň öýüniň bellenen ýerinde, mukaddes ýeriň daşynda ýak.
22 Ikinji gün günä gurbanlygy hökmünde şikessiz bir erkeji hödür et we gurbanlyk sypasyny öküzçe bilen nähili tämizlän bolsaň, ýene-de şeýdip tämizle.
23 Tämizleme işini tamamlanyňdan soň, şikessiz bir öküzçe bilen sürüden şikessiz bir goç hödür et.
24 Olary Rebbiň huzuryna getir, ruhanylar üstüne duz sepip, ýakma gurbanlygy hökmünde olary Rebbe hödür ederler.
25 Ýedi günläp günä gurbanlygy hökmünde her gün bir erkeç taýýarla; şikessiz bir öküzçe bilen sürüden bir goç taýýarla.
26 Olar gurbanlyk sypasyny ýedi günläp murdarlygyndan saplarlar, ony tämizläp, mukaddes ederler.
27 Ýedi gün tamamlanandan soň, sekizinji günden başlap, ruhanylar gurbanlyk sypasynda ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryňyzy hödür ederler. Onsoň Men sizden razy bolaryn“». Muny Hökmürowan Reb diýýär.