Bap 33
Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Men bir ýurduň üstünden gylyç inderenimde, ol ýurduň halky öz arasyndan bir adamy saýlap, özlerine gözegçi goýjakdygyny halkyňa aýt.
3 Gözegçi ýurduň üstüne gylyjyň gelýändigini görende, halka duýduryş bermek üçin surnaý çalar.
4 Şonda kim surnaý sesini eşidibem, ägä bolmasa we gylyç gelip, ony öldürse, onuň gany öz boýnuna bolar.
5 Ol surnaý sesini eşidibem, ägä bolmady; onuň gany öz boýnuna bolar; ýöne ägä bolan öz janyny halas eder.
6 Gözegçi gylyjyň gelýändigini görübem, surnaý çalmasa, halka duýduryş bermese we gylyç gelip, olardan biriniň janyny alsa, bu adam öz etmişi üçin öldüriler. Emma onuň gany üçin Men gözegçi bilen haklaşaryn.
7 Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi goýdum; sen Menden söz eşidip, olara Meniň tarapdan duýduryş berersiň.
8 Men erbet adama: „Eý, erbet adam, sen hökman ölersiň!“ diýenimde, öz ýolundan ägä bolar ýaly, erbede duýdurmasaň we erbet adam öz etmişi üçin ölse, onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn.
9 Dogry ýola düşer ýaly, erbet adamy öz ýolundan habardar etseň, emma ol şonda-da öz ýolundan dönmese, ol etmişi sebäpli öler, emma sen öz janyňy halas edersiň.
10 Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halkyna: „Siz: Jenaýatlarymyz we günälerimiz bizi çökerýär, olardan ýaňa eräp ýok bolup barýarys. Bu ýagdaýda biz nähili diri galarys? diýýärsiňiz“ diý.
11 Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.
12 Eý, ynsan ogly, öz halkyňa şeýle diý: „Günä eden güni dogruçyl adamyň dogruçyllygy ony halas etmez we erbetliginden dönen güni erbet adamyň erbetligi onuň heläk bolmagyna sebäp bolmaz. Dogruçyl adam günä eden güni öňki dogruçyllygy sebäpli diri galmaz“.
13 Men dogruçyl adam hakda „Elbetde, ol diri galar“ diýenimde, ol öz dogruçyllygyna bil baglap, erbetlik etse, onuň ähli dogry işleri ýatlanman, gaýtam ol öz eden erbetliginde öler.
14 Men erbet adama „Sen hökman ölersiň“ diýenimde, ol öz günäsinden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse,
15 girewi yzyna berse, ogurlan zadyny tölese we erbetlik etmän, ýaşaýşyň düzgünlerinde ýörese, ol hökman ýaşar, ölmez.
16 Eden günäleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirendir, ol hökman diri galar.
17 Ýöne seniň halkyň „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýär; olaryň öz ýollary dogry däl.
18 Dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlik etse, munuň üçin ol öler.
19 Erbet adam erbetliginden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse, olar arkaly diri galar.
20 Eý, ysraýyl halky, siz „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýärsiňiz. Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjekdirin!».
21 Sürgünde bolýan wagtymyzyň on ikinji ýylynyň onunjy aýynyň bäşine Iýerusalimden gaçyp gutulan bir adam meniň ýanyma gelip: «Şäher basylyp alyndy» diýdi.
22 Ýaňky adam gelmezinden öň, agşam Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ertesi irden ýaňky adam ýanyma gelmänkä, Reb maňa dil bitirdi. Dilim açyldy, indi men lal däldim.
23 Maňa Rebbiň sözi geldi:
24 «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýurdundaky harabaçylyklarda ýaşaýan ilat: „Ybraýym ýeke adamdy, ol bu ýurdy miras aldy; emma biz köp; indi bu ýurt mülk hökmünde bize berlendir“ diýýärler».
25 Şonuň üçin olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz eti gany bilen iýýärsiňiz, gözleriňizi butlaryňyza dikýärsiňiz, gan dökýärsiňiz; onsoň ýurdy siz miras alarmysyňyz?
26 Siz gylyjyňyza daýanýarsyňyz, nejis işler edýärsiňiz, her kes öz goňşusynyň aýalyny haram edýär; onsoň ýurdy siz miras alarmysyňyz?»
27 Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Öz barlygymdan ant içýärin, harabalykdakylar gylyçdan heläk bolarlar; çöldäkileri iýmit bolar ýaly, ýyrtyjy haýwanlara bererin; galadakylar we gowakdakylar bolsa mergiden ölerler.
28 Men ýurdy harabaçylyga öwrerin we weýran ederin, onuň kuwwatynyň buýsanjy tamam bolar; Ysraýylyň daglary çolaryp galar, olardan geçen bolmaz.
29 Eden nejis işleri sebäpli ýurdy weýran edenimden we harabaçylyga öwrenimden soň, olar Meniň Rebdigimi bilerler».
30 «Sen, eý, ynsan ogly, diwarlaryň gapdalynda, öýleriň gapysynda halkyň sen barada gürrüň edýär we biri-birine, her kim öz doganyna: „Gel, Rebden gelen sözüň nämedigini eşideli!“ diýýär.
31 Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.
32 Ine, sen olar üçin oňat saz çalyp, mahmal owazyň bilen söýgi aýdymlaryny aýdýan bagşysyň. Olar seniň sözleriňi diňleýärler, emma olary berjaý etmeýärler.
33 Ine, bu sözler dogry çykanda dogry çykyp hem gelýär olar öz aralarynda bir pygamberiň bolandygyny bilerler».