Bap 7
Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Soňy geldi! Ýurduň dört künjeginiň soňy geldi!
3 Ine, siziň soňuňyz geldi! Men siziň üstüňizden gazabymy indererin. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda üstüňizden höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin.
4 Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin, Men sizi öz ýollaryňyza görä jezalandyraryn. Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“».
5 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Betbagtlyk! Ine, öň görlüp-eşidilmedik betbagtlyk gelýär!
6 Soňuňyz geldi; hawa, soňuňyz geldi! Ol siziň garşyňyza oýandy; ine, gelýär!
7 Nobat size ýetdi, eý, ýurduň ilaty! Wagt geldi, ol gün ýakynlaşdy. Daglarda şowhunly baýramçylyk deregine howsala güni geldi.
8 Indi Men gazabymy basym üstüňize dökerin, size bolan gaharymy tamamlaryn. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin.
9 Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin, öz tutan ýollaryňyza görä jezalandyraryn. Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Şonda özüňizi jezalandyranyň Men-Rebdigimi bilersiňiz.
10 Ine, ol gün! Ine, ol gün ýetip gelýär! Nobatyňyz ýetdi, taýak gunçalady, tekepbirlik gülledi.
11 Zulum güýjäp, heläkçilik taýagyna öwrüldi. Olardan hiç zat galmaz, olaryň bolçulygyndan, baýlygyndan zat galmaz, aralarynda şan-şöhratlylyk bolmaz.
12 Wagt geldi, ol gün golaýlaşdy; müşderi şatlanmasyn, satyjy ýas tutmasyn, çünki gazap ähli jemagatyň üstünden inýär.
13 Bu aýanlyk onuň ähli jemagatyna degişlidigi üçin satyjy dirikä, satan ýerini yzyna almaz. Ýazykly her bir adamyň ýaşaýşy berk bolmaz.
14 Surnaý çalyndy, ähli zat taýýar; ýöne hiç kim söweşe gitmeýär, çünki gazabym ähli jemagatyň üstündedir.
15 Daşarda gylyç, içerde mergi we açlyk bar; şäheriň daşyndakylar gylyçdan ölerler; içindäkiler açlykdan we mergiden heläk bolarlar.
16 Aman galanlaryň ählisi gaçyp, öz etmişleri zerarly dere gögerçinleri kimin daglarda ahy-nala çekerler.
17 Hiç kimiň golunda kuwwat galmaz, ähli kişiniň dyzlary titrär.
18 Olar jul geýerler, olary howsala gaplar. Hemmäniň ýüzi utançly bolar, ähli başlaryň saçy syrylar.
19 Kümüşleri köçelere taşlanar, altynlary murdar hasaplanar. Altyn-kümüş olara günä etdirýän büdreme daşyna öwrüldi. Şonuň üçin Rebbiň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez, açlykdan gutarmaz ýa-da garynlaryny doýurmaz.
20 Olar Meniň öýümiň şaý-sepleriniň gözelligi bilen özlerini gopbamsy tutdular we olardan nejis butlary we ýigrenji zatlary ýasadylar. Şonuň üçin hem Men bu şaý-sepleri olar üçin murdar zada öwürdim.
21 Men ony olja hökmünde gelmişekleriň eline, talaň hökmünde dünýädäki ýaramazlaryň eline bererin, ony murdar ederler.
22 Olardan ýüz öwrenimde, olar Meniň hazynamy harlarlar, talaňçylar girip, ony harlarlar.
23 Zynjyrlar ýasa! Ýurt ganly jenaýatdan, şäher zorlukdan doly.
24 Ysraýyllaryň öýlerini eýelär ýaly, Men milletleriň iň ýamanyny getirerin. Men güýçlüleriň tekepbirliginiň soňuna çykaryn, olaryň mukaddes ýerleri murdar bolar.
25 Gorky gaplanda, olar parahatçylyk agtararlar, ýöne tapmazlar.
26 Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geler, erbet habar üstüne erbet habar çykar. Pygamberden boş ýere aýanlyk tama ederler; ruhany kanun öwretmez, ýaşuly öwüt bermez.
27 Patyşa ýas tutar, hökümdary aljyraňňylyk gaplar, ýurduň halkynyň gorkudan elleri titrär. Men olaryň tutan ýollaryna görä hasaplaşaryn, öz hökümlerine laýyklykda höküm çykararyn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».