Bap 42
Onsoň ol adam meni demirgazyk tarapdan daşky howla çykardy. Hudaýyň öýüniň meýdançasynyň we ymaratyň gapdalyndaky demirgazyk otaglara getirdi.
2 Gapysy demirgazyga bakýan bu ymaratyň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsekdi.
3 Içki howlynyň ini ýigrimi tirseklik boş aralygynyň we daşky howlynyň daş ýolunyň arasynda üç gatly biri-birinden beýgelýän eýwanlar bardy.
4 Bu iki hatar otaglaryň arasynda gezer ýaly ini on tirsek, uzynlygy ýüz tirsek bolan däliz bardy; onuň gapylary demirgazyga bakýardy.
5 Ýokarky otaglar dardy, sebäbi jaýyň aşaky we ortaky otaglaryna garanda, eýwanlar olardan köpräk ýer tutýardy.
6 Olar üç gatdan ybaratdy, howlynyň sütünleri ýaly sütünleri ýokdy; şonuň üçin ýokarky eýwan aşaky we ortaky eýwandan darrak edilipdi.
7 Otaglaryň öňünde otaglara we daşky howla tarap uzalýan diwar bardy, onuň uzynlygy elli tirsekdi.
8 Daşky howludaky otaglaryň uzynlygy elli tirsekdi; ybadathananyň garşysyndaky gapdal otaglaryň uzynlygy bolsa ýüz tirsekdi.
9 Bu otaglara daşky howludan girjek bolsaň, gündogar tarapdaky aşaky geçelgeden bir girelge bardy.
10 Içki howlynyň gündogar tarapynda meýdança we ymarata bakýan başga otaglar hem bardy.
11 Demirgazyk tarapdaky otaglarda bolşy ýaly, bu otaglaryň hem deňinde bir geçelge bardy. Otaglaryň uzynlygy we ini birmeňzeşdi; olaryň ähli çykalgalary, gurluşy we gapylary edil şolar ýalydy.
12 Şeýdip, günbatardaky otaglara edil demirgazykdaky ýaly diwaryň ýanyndaky gündogar tarapdan uzalýan aşaky geçelgeden girilýärdi.
13 Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.
14 Ruhanylar mukaddes ýere girenlerinde, hyzmat edýän wagty geýýän geýimlerini bu otaglarda çykaryp goýmazdan daşky howla çykmasynlar, sebäbi bu geýimler mukaddesdir. Halkyň ýanyna çykmazdan öň, olar başga geýimler geýmelidirler».
15 Ol adam mukaddes ýeri ölçäp bolanyndan soň, meni gündogara tarap bakýan derwezeden çykaryp, diwaryň töwereginiň uzynlygyny ölçedi.
16 Ölçeg taýagy bilen mukaddes ýeriň gündogar tarapyny ölçedi: bu ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy.
17 Onuň demirgazyk tarapyny ölçedi, ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsekdi.
18 Onuň günorta tarapyny ölçedi: ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy.
19 Onuň günbatar tarapyny ölçedi: ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy.
20 Ony dört tarapyndan hem ölçedi. Mukaddes zady ýönekeý zatdan aýyrmak üçin onuň daş-töwereginde bir diwar bardy. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş ýüz tirsege deňdi.