Bap 20
Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýedinji ýylynyň bäşinji aýynyň onuna Ysraýyl ýaşulularyndan birnäçesi Rebden maslahat soramak üçin gelip, meniň garşymda oturdy.
2 Maňa Rebbiň sözi geldi:
3 «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşululary bilen gepleş we olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Siz Menden maslahat soramaga geldiňizmi? Öz barlygymdan ant içýärin, Men size Özüme maslahat saldyrtmaryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
4 Olary höküm et, eý, ynsan ogly, olary höküm et! Olara ata-babalarynyň nejis işlerini aýdyp ber“».
5 Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ysraýyly saýlan günüm Ýakubyň nesline kasam eden günümdir we Müsür ýurdunda Özümi olara aýan edip: „Men siziň Hudaýyňyz Rebdirin!“ diýip ant içen günümdir.
6 Hawa, şol gün Men olary Müsür ýurdundan çykaryp, olar üçin gözlän ýurduma, ähli ýurtlardan gözel bolan süýt we bal akýan ýurda getirjekdigime söz berdim.
7 Onsoň Men olara: „Her kim göz dikýän nejis zatlaryny taşlasyn, özüňizi Müsür butlary bilen haram etmäň; siziň Hudaýyňyz Reb Mendirin“ diýdim.
8 Ýöne olar Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar, Meni diňlemek islemediler; olaryň hiç biri gözlerine ýakymly görünýän nejis zatlaryny taşlamady, Müsür butlaryny-da terk etmedi. Onsoň Men gahar-gazabymy Müsürde olaryň başyndan inderjekdigimi aýtdym.
9 Ýöne olaryň arasynda ýaşaýan milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat getirmezlik üçin, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim. Men ol milletleriň gözüniň alnynda ysraýyl halkyny Müsürden çykarmak bilen, Özümi olara aýan etdim.
10 Şeýlelikde, olary Müsür ýurdundan çykaryp, çöle getirdim.
11 Men olara parzlarymy we hökümlerimi berdim. Bu hökümleri berjaý eden her bir adam ýaşar.
12 Olary mukaddes halk eden Rebbiň Mendigimi bilsinler diýip, Özüm bilen olaryň arasynda alamat bolar ýaly, mukaddes Sabat kanunlarymy hem olar üçin belledim.
13 Ýöne ysraýyl halky çölde Meniň garşyma gozgalaň turuzdy. Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý eden adam aman galsa-da, olar kanunlarymy ýerine ýetirmediler. Hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat kanunlarymy bütinleý harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.
14 Emma ysraýyllary Müsürden çykarandygymy gören milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat gelmesin diýip, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim.
15 Olary özlerine berjek iň gözel ýurduma, süýt we bal akýan ýurda getirmejekdigime çölde ant içdim.
16 Olaryň ýüregi butlarynyň yzyna eýerendigi üçin, Meniň hökümlerimi ret etdiler, parzlarymy berjaý etmediler we mukaddes Sabat kanunlarymy harladylar.
17 Ýöne Meniň ýene-de olara ýüregim awady, olary heläk etmedim, çölde olaryň soňuna çykmadym.
18 Çölde olaryň perzentlerine şeýle diýdim: „Ata-babalaryňyzyň parzlaryna eýermäň, hökümlerini berjaý etmäň, özüňizi olaryň butlary bilen haram etmäň.
19 Men siziň Hudaýyňyz Rebdirin. Meniň parzlarymy tutuň, hökümlerimi doly berjaý ediň, olary ýerine ýetiriň.
20 Mukaddes Sabat kanunlarymy ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilmegiňiz üçin Meniň bilen siziň araňyzda alamat bolarlar“.
21 Ýöne perzentler Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar; Meniň parzlarymy doly berjaý etmediler, bulary ýerine ýetiren adam aman galsa-da, hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat kanunlarymy harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.
22 Muňa garamazdan, ysraýyllary Müsürden çykaranymy gören milletleriň nazarynda adyma ysnat gelmesin diýip, ýene elimi yza çekdim we Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim.
23 Mundan başga-da, Men olary milletler arasyna pytradyp, başga ýurtlara dargatjakdygyma çölde ant içdim.
24 Olaryň gözleri ata-babalarynyň butlarynyň yzyndadygy üçin, hökümlerimi ýerine ýetirmediler, parzlarymy ret etdiler we mukaddes Sabat kanunlarymy harladylar.
25 Munuň üçin Men olara ýagşy bolmadyk parzlary we ýerine ýetiren adam aman galmaz ýaly hökümleri berdim.
26 Her bir ilkinji doglan çagany ot üsti bilen gurban eden gurbanlyklary bilen haram etdim. Şeýdip, Men olary ýok etdim we Özümiň Rebdigimi bilsinler diýdim».
27 Munuň üçin, eý, ynsan ogly, ysraýyl halky bilen gepleş we olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ata-babalaryňyz dönüklik etmek bilen birlikde Maňa dil-de ýetirdiler.
28 Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören belent depesinde, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».
29 Onsoň Men olardan: «Siziň bu gidip, sežde edýän ýeriňiz nähili ýer?» diýip soradym. Şonuň üçin hem bu ýerlere şu güne çenli hem sežde edilýän ýerler diýilýär.
30 Muňa görä ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Näme üçin siz özüňizi ata-babalaryňyzyň ýol-ýörelgeleri bilen haram edip, olaryň ýigrenji zatlary bilen zynahorluk edýärsiňiz?
31 Siz bu güne çenli ogullaryňyzy otda gurbanlyk hökmünde hödür edip, ähli butlaryňyz bilen özüňizi haram edýärsiňiz. Şundan soň, eý, ysraýyl halky, Men size Özüme maslahat saldyrarynmy? Öz barlygymdan ant içýärin Hökmürowan Reb diýýär Men size maslahat bermerin.
32 Siz: „Agaja we daşa sygynyp, biz-de beýleki milletler ýaly, başga ýurtlardaky taýpalar ýaly bolarys“ diýýärsiňiz, emma akylyňyzda aýlaýan bu zatlaryňyz amala aşmaz.
33 Öz barlygymdan ant içýärin Hökmürowan Reb diýýär Men güýç-gudratym we gahar-gazabym bilen üstüňizden höküm sürerin.
34 Güýç-gudratym hem gahar-gazabym bilen sizi halklaryň arasyndan çykararyn we dargadylan ýurtlaryňyzdan yzyňyza ýygnaryn.
35 Onsoň sizi halklaryň çölüne getirip, ýüzbe-ýüzleşip, size höküm çykararyn.
36 Müsür çölünde ata-babalaryňyza nähili höküm çykaran bolsam, size hem şeýle höküm çykararyn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
37 Men sizi gözden geçirip, ähte boýun bolmaga mejbur ederin.
38 Pitneçileri we Meniň garşyma jenaýat edenleri siziň araňyzdan aýraryn, olary gelmişek bolup ýaşaýan ýurtlaryndan çykararyn, ýöne olar Ysraýyl ýurduna girmezler. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz».
39 «Eý, ysraýyl halky, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Meni diňlemejek bolsaňyz, gidiň, mundan beýläk her kim öz butlaryna gulluk etsin; ýöne sadakalaryňyzdyr butlaryňyz bilen Meniň mukaddes adyma ysnat getirmäň.
40 Ysraýyl halky, ýurtdakylaryň ählisi Maňa mukaddes dagymda, Ysraýylyň belent dagynda gulluk eder. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Men olardan şol ýerde razy bolaryn. Men ähli mukaddes zatlaryňyz bilen birlikde sadakalaryňyzy we gymmatly sowgatlaryňyzy şol ýerde talap ederin.
41 Sizi halklaryň arasyndan çykaryp, dargadylan ýurtlaryňyzdan ýygnanymda, sizi hoşboý ys hökmünde kabul ederin we milletleriň gözleriniň alnynda Öz mukaddesligimi ykrar ederin.
42 Sizi ata-babalaryňyza bermeklige ant içen ýurduma, Ysraýyl ýurduna getirenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
43 Onsoň siz erbet ýollaryňyzy, özüňizi haram eden ähli işleriňizi ol ýerde ýatlarsyňyz we eden ähli pislikleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.
44 Eý, ysraýyl halky! Men siziň öz tutan ýollaryňyza we ýaramaz işleriňize görä däl-de, Öz adymyň hatyrasyna hereket edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
45 Maňa Rebbiň sözi geldi:
46 «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Teýmana öwür-de, Daroma wagyz et, Negep tokaýyna garşy pygamberlik et.
47 Oňa Rebbiň sözüni eşit, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men içiňde ot tutaşdyraryn, ol sendäki her bir ösüp oturan agajy hem, guran agajy hem köýdürer. Lowlaýan ýalyn söndürilmez we günortadan demirgazyga çenli ähli ýüzler onuň bilen birlikde ýanar.
48 Ähli adamzat ody Men-Rebbiň tutaşdyrandygymy görer; ot söndürilmez“».
49 Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Olar men hakda „Aý, ol özünden toslap tapýar-laý!“ diýişýärler» diýdim.