Bap 32
Sürgünde bolýan wagtymyzyň on ikinji ýylynyň on ikinji aýynyň birine maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Müsür patyşasy fyrown üçin agy aýt we oňa şeýle diý: „Özüňi milletleriň ýaş arslanyna meňzetdiň, ýöne sen deňizlerdäki aždarha kiminsiň. Derýalaryňda eýläk-beýläk okduryldyň; aýaklaryň bilen suwlary çaýkadyň, derýalary bulandyrdyň“».
3 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Birtopar halklaryň öňünde torumy seniň üstüňe taşlaryn; olar seni Meniň torum bilen tutarlar.
4 Onsoň seni gury ýere taşlaryn, meýdana zyňaryn, gögüň ähli guşlaryny seniň üstüňe gonduraryn, tutuş dünýäniň ýyrtyjy haýwanlaryny senden doýraryn.
5 Etiňi daglaryň üstüne serip, dereleri çüýrän läşiňden dolduraryn.
6 Topragyňy daglara çenli ganyň bilen suwararyn; jülgeler seniň läşiňden dolar.
7 Seni gümlän mahalym gökleri bürärin, ýyldyzlary garaldaryn; Güni bulut bilen örterin, Aý-da öz yşygyny bermez.
8 Depäňdäki gökleriň ähli parlak yşyklaryny garaldaryn, ýurduňa garaňky düşürerin, muny Hökmürowan Reb diýýär.
9 Seniň tanamaýan ýurtlaryňa, başga milletleriň arasyna dargadylan bölegiňi getirenimde, köp halklaryň ýüreklerini howsala salaryn.
10 Köp halklary saňa aňkardaryn, öňlerinde gylyjymy bulaýlanymda, olaryň patyşalary sen sebäpli gaty gorkarlar; seniň agdarylan günüň olaryň ählisi öz janlary üçin her pursatda titrär».
11 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Babyl patyşasynyň gylyjy seniň depäňden iner.
12 Babyl gerçekleri milletleriň iň elhenjidir, olaryň gylyjy bilen goşunyňy heläk ederin. Olar Müsüriň buýsanjynyň ýoguna ýanarlar, onuň bütin goşuny heläk bolar.
13 Onuň ähli mal-garalaryny bol suwlaryň başyndan ýok ederin; mundan beýläk ynsan aýagy-da, haýwan toýnagy-da suwlary bulandyrmaz.
14 Onsoň suwlaryny durlap, derýalaryny asuda akdyraryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
15 Müsür ýurduny harabaçylyga öwrenimde, ony ähli zatdan mahrum edenimde we onuň ilatyny gylyç bilen gyranymda, olar Meniň Rebdigimi bilerler.
16 Agy budur, olar muny aýdarlar; bu agyny milletleriň gyzlary aýdarlar. Müsür we onuň goşuny barada bu agyny aýdarlar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
17 Sürgünde bolýan wagtymyzyň on ikinji ýylynyň birinji aýynyň on bäşine maňa Rebbiň sözi geldi:
18 «Eý, ynsan ogly! Müsür goşuny hakda dady-perýat et, ony we güýçli milletleriň gyzlaryny ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýine inder.
19 Olara şeýle diý: „Sen kimden görmegeý? Aşak in-de, sünnetsizler bilen bir gabyrda ýat“.
20 Olar gylyçdan geçirilenleriň arasyna ýykylarlar. Gylyç syryldy; Müsüri we onuň bütin goşunyny ýere çalyp süýräň.
21 Ölüler dünýäsinde Müsür we onuň tarapdarlary hakda iň batyr ýolbaşçylar: „Olar aşak indiler, gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar!“ diýerler.
22 Aşur we onuň tutuş goşuny ol ýerde. Gylyçdan geçirilip, heläk bolan esgerleriniň gabyrlary onuň daşyny gurşap alypdyr.
23 Onuň gabyrlaryna ölüler dünýäsiniň iň düýbünden ýer berildi, goşuny gabrynyň töwerek-daşyny tutup dur. Dirileriň ýurduna howp salanlaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilendirler.
24 Eýlam ýurdy ol ýerde we ähli goşuny onuň gabrynyň töwerek-daşynda; olaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilenler; dirileriň ýurduna howp salan bu sünnetsizler ýeriň teýine indiler. Ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar.
25 Eýlam ýurduna we onuň tutuş goşunyna gylyçdan geçirilenleriň arasyndan düşek saldylar; bütin halky onuň gabrynyň töwerek-daşyndady; ählisi hem sünnetsizdi we gylyç bilen öldürilendi; olar dirileriň ýurduna howp salypdylar, indi ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar, olar gylyçdan geçirilenleriň arasynda ýerleşdirildiler.
26 Meşek, Tubal ol ýerdedi. Olaryň ähli goşuny olaryň gabyrlarynyň töwerek-daşyndady; dirileriň ýurduna howp salandyklary üçin, olaryň ählisi hem sünnetsizdi we gylyç bilen öldürilendi;
27 Olar ölüler dünýäsine söweş ýaraglary bilen inen, gylyçlaryny başlaryna ölüm ýassygy edinen, beýleki heläk bolan sünnetsiz batyrlar bilen bile ýatmaýarlar. Olaryň günäleriniň jezasy süňklerine ornar, sebäbi olar dirileriň ýurdunda batyrlara howp salýardylar.
28 Sen hem, eý, fyrown, heläk bolarsyň we gylyçdan geçirilenler bilen bile sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň.
29 Edom hem öz patyşalary we ähli hökümdarlary bilen ol ýerdedi. Güýçlüdigine garamazdan, olaryň bary gylyçdan geçirilenler bilen bile ýatyrlar. Olar sünnetsizler we ölüler dünýäsine inýänler bilen bile ýatyrlar.
30 Ähli demirgazyk ýolbaşçylary we sidonlylar hem ol ýerdedi. Güýçli bolup howp salandyklaryna garamazdan, olar utanç içinde gylyçdan geçirilenler bilen birlikde aşak indiler. Olar gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar we ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde utanja galdylar.
31 Fyrown we onuň tutuş goşuny olary görüp, özleriniň gylyçdan geçirilen ähli goşuny üçin teselli taparlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
32 Men dirileriň ýurduny gorkudan sandyramaga mejbur ederin! Fyrown we onuň tutuş goşuny bolsa gylyçdan geçirilip, sünnetsizleriň arasynda ýatar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.