Bap 35
Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Segir dagyna tarap öwür-de, onuň garşysyna pygamberlik et.
3 Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Segir dagy, Men saňa garşydyryn; elimi saňa tarap uzadyp, seni weýran edip, harabaçylyga öwrerin.
4 Galalaryňy weýran ederin, sen harabaçylyga öwrülersiň; onsoň sen Meniň Rebdigimi bilersiň.
5 Sende ebedi duşmançylyk bar. Sen ysraýyl halkynyň başyna bela gelen güni, soňky jezasy döwründe olary gylyja tabşyrdyň.
6 Şonuň üçin hem Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär: ganyňy akdyraryn we gan seni kowalar. Gan dökmekligi ýigrenmändigiň üçin, gan seni kowalar.
7 Segir dagyny weýran edip, harabaçylyga öwrerin; ol ýere gelip-gidýäni kesip taşlaryn.
8 Daglaryňy jesetden dolduraryn; gylyçdan geçirilenler seniň depeleriňde, dereleriňde we jülgeleriňde ýatarlar.
9 Seni ebedilik harabaçylyga öwrerin, galalaryň ilatsyz bolar. Onsoň sen Meniň Rebdigimi bilersiň“».
10 «Men-Reb ol ýerde bolsam-da, sen „Bu iki millet, bu iki ýurt biziňki bolar, biz ony eýeläris“ diýdiň.
11 Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: Öz barlygymdan ant içýärin, Men hem seniň halkyma bolan ýigrenjiň sebäpli görkezen gahar we göripligiňe laýyk iş keserin. Seniň üstüňden höküm çykaranymda, ysraýyllaryň arasynda Özümi aýan ederin.
12 Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Men seniň Ysraýyl daglaryna: „Harabaçylyk! Bular bize iýmäge berildi!“ diýip aýdan ähli sögünçleriňi eşitdim.
13 Sen diliň bilen Maňa garşy gedemlik etdiň, Meniň garşyma biderek ýaňradyň, Men muny eşitdim».
14 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bütin dünýäniň şatlanýan mahaly Men seni harabaçylyga öwrerin.
15 Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».