Bap 3
Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Özüňe berleni iý, şu kagyzy iýeniňden soň bolsa git-de, ysraýyl halky bilen gepleş» diýdi.
2 Onsoň men agzymy açdym we Ol bu kagyzy maňa iýmäge berdi.
3 Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Garnyňy doýur, bu kagyzdan içiňi doldur; muny saňa berýärin» diýdi. Onsoň men ony iýdim, ol agzymda bal ýaly süýjüdi.
4 Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bar, git-de, ysraýyl halkyna Meniň sözlerimi aýt.
5 Men seni düşnüksiz gepleýän we dili kyn millete däl-de, ysraýyl halkynyň arasyna iberýärin.
6 Hawa, seni düşnüksiz gepleýän, dili kyn we sözlerine düşünip bolmaýan beýleki köp milletleriň arasyna iberemok. Olara ibersedim, olar seni hökman diňlärdiler.
7 Emma ysraýyl halky seni diňlemek islemez, olar hatda Meni-de diňlemek islemeýärler; çünki bütin ysraýyl halky keçjal we doňýürekdir.
8 Seret, Men seni edil olar ýaly keçjal we doňýürek etdim.
9 Seniň maňlaýyňy almaz ýaly çakmakdaşyndan hem gaty etdim. Olar pitneçi halkdyr, olardan gorkma, ýüzlerinden heder etme».
10 Ol maňa ýene-de şulary diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň saňa aýdýan ähli sözlerime gowuja gulak goý we ýüregiňe ornaşdyr.
11 Onsoň sürgün edilen halkyňyň ýanyna git-de, olara aýt. Isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diý».
12 Ruh meni ýokary galdyrdy, men ýeňsämden: «Rebbiň şöhratyna Öz mekanynda alkyş bolsun!» diýen äpet gopgunly sesi eşitdim.
13 Bu jandarlaryň biri-birlerine degýän ganatlarynyň we olaryň gapdallaryndaky tigirleriň äpet gopgunly sesidi.
14 Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.
15 Onsoň men Kebar kanalynyň ýakasyndaky Telabypda ýaşaýan sürgündäkileriň ýanyna bardym. Men olaryň ýaşaýan ýerinde, olaryň arasynda ýedi günläp aňk-taňk bolup oturdym.
16 Ýedi gün geçenden soň, maňa Rebbiň sözi geldi:
17 «Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi belledim. Meniň her bir aýdýan sözümi diňle-de, Menden olara duýduryş ber.
18 Men erbet adama: „Sen hökman ölersiň“ diýsem, sen hem oňa duýduryş bermeseň ýa-da onuň ömrüni halas etmek üçin erbet ýollaryndan el çekmek barada onuň bilen gepleşmeseň, ol erbet adam öz günäsi zerarly öler, emma onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn.
19 Emma sen erbede duýduryş berseň, ol-da erbetlikden el çekmese, ýaramaz gylyklaryny üýtgetmese, ol öz günäsi zerarly öler, emma sen öz janyňy halas edersiň.
20 Eger dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlige ýüz ursa, Men ony agyr güne salaryn, ol hem öler. Sen ol adama duýduryş bermeseň, ol öz günäsi zerarly öler we onuň eden dogry işleri ýatlanmaz. Men onuň ganyny bolsa senden talap ederin.
21 Ýöne dogruçyl adam günä etmez ýaly, oňa duýduryş berseň, ol-da günä etmese, elbetde, ol diri galar, sebäbi oňa duýduryş berildi; sen hem öz janyňy halas edersiň».
22 Ol ýerde Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol maňa: «Tur, düzlüge git, ol ýerde Men seniň bilen gepleşjek» diýdi.
23 Şeýlelikde, men turup, düzlüge gitdim. Ol ýerde Rebbiň şöhraty Kebar kanalynyň ýakasynda gören şöhratym ýalydy, men ýüzin ýykyldym.
24 Ruh içime girip, meni aýak üstüne galdyrdy. Ol meniň bilen gepleşip, şeýle diýdi: «Git-de, öýüňde gapyny içinden gulpla.
25 Ýöne sen, eý, ynsan ogly, boýnuňa tanap atylyp baglanarsyň. Şeýdip, sen halkyň arasyna gidip bilmersiň.
26 Olaryň pitneçi halkdygy üçin Men diliňi damagyňa ýapyşdyraryn, sen lal bolarsyň we olara öwüt berip bilmersiň.
27 Emma Men seniň bilen gepleşip, diliňi açaryn we sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär!“ diýersiň. Goý, diňlän diňlesin, diňlemedik ýüz öwürsin, çünki olar bir pitneçi halkdyr».