Bap 14
Ysraýyl ýaşulularyndan birnäçesi meniň alnyma gelip oturdy.
2 Onsoň maňa Rebbiň sözi geldi:
3 «Eý, ynsan ogly! Bu adamlaryň ýüregi butlara baglandy. Günä edip, büdreme daşyny öz öňlerinde goýdular. Heý, şundan soň hem Men bulara Özüme maslahat saldyrarynmy?
4 Şonuň üçin hem olar bilen gepleş-de, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ýüregini butlara baglan, etmişlerini büdreme daşy hökmünde öz öňünde goýan, soň hem pygamberiň ýanyna baran her bir ysraýylla, Men-Reb butlarynyň köplügine laýyklykda Özüm jogap bererin.
5 Şeýdip, butlary zerarly Maňa keseki bolan bütin ysraýyl halkynyň ýüregini täzeden Özüme tarap öwrerin“».
6 Munuň üçin ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Toba ediň we butlaryňyzdan el çekiň, ähli nejis işleriňizden ýüz öwrüň.
7 Aýdalyň, ysraýyl halkyndan bolan ýa-da Ysraýylda gelmişek bolup ýaşaýan biri Meni terk edip, ýüregini butlara baglap, etmişini büdreme daşy hökmünde öz öňünde goýupdyr. Onsoň ol Maňa maslahat salyp, pygamberlere ýüz tutsa-da, Men-Reb oňa öz etmişlerine görä jogap bererin.
8 Ol adamdan ýüzümi öwrüp, ony alamata we tymsala öwrerin, ony halkymyň içinden sogrup taşlaryn. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
9 Eger bir pygamber aldanyp, bir söz aýtsa, ol pygamberi aldawa salan Men-Rebdirin. Men oňa garşy elimi uzadyp, ony halkym Ysraýylyň içinden sogrup taşlaryn.
10 Olar öz etmişleriniň jezasyny çekerler. Pygamber-de, ondan maslahat soran-da bir meňzeş jezalandyrylar.
11 Şeýdip, ysraýyl halky indi Menden aýrylmaz, günäleri bilen özlerini haram etmezler. Olar Meniň halkym, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
12 Maňa Rebbiň sözi geldi:
13 «Eý, ynsan ogly! Bir ýurt dönüklik edip, Maňa garşy günä edende, oňa garşy elimi uzadyp, olary bir döwüm çörege zar ederin. Üstüne açlyk iberip, ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlaryn.
14 Eger şu üç adam Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
15 Eger Men ol ýurda ýyrtyjy haýwanlary ýollasam, olar-da ony adamsyz goýsalar, ýurt haraba dönüp, ýaňky haýwanlardan ýaňa onuň içinden hiç kim geçmese,
16 Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär, bu üç adam ol ýurtda ýaşasa-da, olar ne ogullaryny, ne-de gyzlaryny halas ederler. Diňe öz janlaryny halas edip bilerler. Ýurt bolsa haraba döner.
17 Ýa-da ol ýurduň üstüne gylyç getirip: „Eý, gylyç, ýurduň içinden geç!“ diýsem, ondaky ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlasam,
18 Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär, bu üç adam ol ýerde bolsalar-da, ne ogullaryny, ne-de gyzlaryny halas ederler. Diňe öz janlaryny halas edip bilerler.
19 Ýa-da ol ýurda mergi ýollap, gan dökmek üçin üstüne gazabymy döküp, ynsany we haýwany gyryp taşlasam,
20 Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär, Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, ne ogullaryny, ne-de gyzlaryny halas ederler. Olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler».
21 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar.
22 Muňa garamazdan, ol ýerde gaçyp gutulan ogullaryňyz we gyzlaryňyz galdyrylyp, ol ýerden çykarylar. Olar siziň ýanyňyza bararlar, siz olaryň erbet ýollaryny we işlerini görüp, Meniň Iýerusalimiň başyna salan ýamanlygymdan, başyndan inderen zatlarymdan teselli taparsyňyz.
23 Olaryň erbet ýollaryny we işlerini göreniňizde, size teselli bererler we siz Meniň Iýerusalimde eden ähli işlerimi biderek ýere etmändigimi bilersiňiz». Muny Hökmürowan Reb diýýär.