Bap 24

Sürgünde bolýan wagtymyzyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Özüňe şu günüň, hut şu günüň senesini ýazyp goý. Babyl patyşasy hut şu gün Iýerusalimi gabamaga başlady.
3 Pitneçi halka bir tymsal aýdyp, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gazan atar, gazan atar-da, içine suw guý.
4 Et böleklerini, ýagny but we döşüň oňat böleklerini onuň içine at. Ony saýlama omaçalardan doldur.
5 Süriniň iň saýlamasyndan al. Gazanyň aşagyndaky odunlary üýşür, gazany mazaly gaýnat, içindäki omaçalar bişsin“».
6 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ganhor şäheriň halyna waý! Kesmek tutan, kesmeginden arassalanmadyk bu gazanyň halyna waý! Saýlamazdan eti gazandan bölek-bölek edip çykaryp zyňyň.
7 Şäheriň gany onuň ortasyndadyr; ol ony ýalaňaç gaýanyň üstüne dökdi; ony gum bilen örter ýaly ýere dökmedi.
8 Men hem gazabymy tutaşdyryp, öç alar ýaly onuň ganyny ýalaňaç gaýanyň üstüne dökdüm, onuň üsti örtülmez».
9 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ganhor şäheriň halyna waý! Men-de odun üýşmegini has belent ederin.
10 Odunlary üýşür, ody tutaşdyr, eti gowuja bişir, çorbany gaýnat, goý, omaçalar-da ýanyp köýsün!
11 Onsoň boş gazany onuň közleriniň üstünde goý. Şeýdip, ol gyzar, misi ýanar, pisligi içinde eräp, kesmegi aýrylar.
12 Onuň bar zähmeti biderek boldy, galyň kesmegi ondan aýrylmaýar; kesmegiň aýrylmagyna hatda ot hem ýardam etmez.
13 Haýasyzlygyň seni haram etdi. Men seni tämizlejek boldum, emma sen tämizlenmek islemediň. Saňa garşy tutaşan gazabym ýatyşýança, sen haramlygyňdan tämizlenmersiň.
14 Muny Men-Reb aýtdym, bu berjaý bolar, Men ony ederin. Jezaňy geçmerin, gaýgyrmaryn we haýpym gelmez. Öz tutan ýollaryňa we işleriňe laýyklykda saňa höküm çykarylar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
15 Maňa Rebbiň sözi geldi:
16 «Eý, ynsan ogly! Ine, Men gözleriňe iň gymmatly bolan kişini bir zarbada senden alaryn, ýöne sen zeýrenme, aglama, gözýaş dökme.
17 Dymyp ah çek; öliň üçin ýas tutma; selläňi geý, çarygyňy geý, sakgalyňy örtme; ýas çöregini iýme».
18 Şeýlelikde, men daňdan halka bu sözleri aýtdym; agşam bolsa aýalym öldi. Ertesi daňdan men ähli zady özüme buýrulyşy ýaly berjaý etdim.
19 Halk maňa: «Seniň edýän bu zatlaryňyň bize näme dahyly bar? Muny bize aýtjak dälmi?» diýdi.
20 Onsoň men olara özüme Rebbiň sözüniň gelendigini aýtdym:
21 «Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.
22 „Siz-de meniň edişim ýaly edersiňiz; sakgalyňyzy örtmersiňiz we ýas çöregini iýmersiňiz.
23 Selläňiz başyňyzda, çarygyňyz aýagyňyzda bolar. Ýas tutmarsyňyz, aglamarsyňyz, emma etmişleriňiz zerarly gurap ýok bolarsyňyz, biri-biriňiz üçin ah çekersiňiz“.
24 „Ezekiýel siziň üçin bir alamat bolar, ol näme eden bolsa, sizem şony edersiňiz. Bu hadysalar ýüze çykanda, siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz“».
25 «Eý, ynsan ogly! Men olaryň güýjüni, gözellik şatlygyny, göz guwanjyny, janlarynyň perwaz urýan zadyny, ogul-gyzlaryny olardan alan günüm bu beladan gaçyp gutulan biri gelip, muny saňa habar berer.
26
27 Şol gün beladan gaçyp gutulan adam bilen gepleşmek üçin saňa täzeden dil biter, sen geplärsiň, gaýdyp diliň tutulmaz. Sen olar üçin bir alamat bolarsyň, onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».