Bap 28
Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň.
3 Sen Danyýelden has akyldarsyň, hiç bir syr senden gizlin däldir.
4 Sen danalygyň we düşünjäň bilen baýlyk edindiň, hazynalaryňda altyn, kümüş topladyň.
5 Söwdada çuň danalygyň bilen baýlygyňy köpeltdiň, baýlygyňdan ýaňa ýüregiňi gedem tutdyň“».
6 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen ýüregiňi hudaý ýaly tutdyň.
7 Munuň üçin Men gelmişekleri, milletleriň iň rehimsizini seniň üstüňe getirerin; olar seniň ajaýyp danalygyňy gylyç bilen kesip, şan-şöhratyňy harlarlar.
8 Seni gabra indererler; sen deňizleriň goýnunda wagşy ölüme duçar bolarsyň.
9 Sen özüňi öldürenleriň huzurynda-da: „Men hudaý“ diýersiňmi? Özüňi öldürenleriň elinde sen hudaý dälsiň, ynsansyň.
10 Sen gelmişekleriň elinde sünnetsizleriň ölümi bilen heläk bolarsyň. Çünki Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär».
11 Maňa Rebbiň sözi geldi:
12 «Eý, ynsan ogly! Sur patyşasy üçin agy aýt, oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Kämilligiň möhüri, danalygyň, gözelligiň aňrybaşy sendiň.
13 Sen Eremde Hudaýyň bagyndadyň; lagyl, topaz, göwher, sary ýakut, hakyk, ýaşyl gaşlar, ýakut, pöwrize we zümerret ýaly ähli gymmatbaha daşlara we altyna gaplanypdyň; gaş öýeleriňdir oýma nakgaşçylyk işleriň hem altyndandy, bularyň ählisi seniň ýaradylan günüň taýýarlanypdy.
14 Sen goragçy kerup bolar ýaly ganatlaryňy ýaýyp oturdyň, seni Men belläpdim. Sen Hudaýyň mukaddes dagyndadyň, otly daşlaryň arasynda gezdiň.
15 Ýaradylan günüňden tä senden ýazyk tapylýança, ýollaryňda aýypsyzdyň.
16 Söwdaňyň köplügi zerarly seni zulumdan doldurdylar, sen günä etdiň. Şeýlelikde, Men seni haram hökmünde Hudaýyň dagyndan aşak taşladym. Men seni, eý, goragçy kerup, otly daşlaryň arasyndan kowup ýok etdim.
17 Owadanlygyň zerarly ýüregiňi tekepbir tutdyň, şöhratparazlygyňdan ýaňa danalygyňy harladyň; Men seni ýere çaldym; görsünler diýip, patyşalaryň öňüne zyňdym.
18 Sen köp etmişleriň bilen, erbet söwdagärligiň bilen mukaddes ýerleriňi haram etdiň; onsoň Men içiňden ot berdim; ol seni ýandyrdy. Men seni ähli görýänleriň gözleriniň alnynda ýakyp, ýer ýüzünde kül etdim.
19 Halklar arasynda seni tanaýanlaryň bary saňa aňkarylyşarlar; sen elhenç howpa uçrap, ebedilik ýok bolarsyň“».
20 Maňa Rebbiň sözi geldi:
21 «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Sidona tarap öwür-de, oňa garşy pygamberlik et.
22 Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ynha, Sidon, Men saňa garşydyryn; Men seniň içiňde şöhrat gazanaryn. Saňa hökümler çykaryp, Öz mukaddesligimi ykrar edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
23 Men onuň içine mergi iberip, köçelerinden gan akdyraryn; dumly-duşdan üstüne inýän gylyçdan içindäki ýaralylar heläk bolarlar. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler.
24 Ysraýyl halkyny ýigrenýänleriň hiç biri indi gaýdyp Ysraýyla çümýän ýandak we awuly tiken bolmaz, şonda olar Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilerler“».
25 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkyny dargadylan halklaryň arasyndan yzyna ýygnap, milletleriň gözleriniň alnynda mukaddesligimi ykrar ederin. Şundan soň olar öz ýurtlarynda, ýagny Meniň gulum bolan Ýakuba beren ýurdumda mesgen tutarlar.
26 Ol ýerde howpsuz ýaşap, öýler gurarlar, üzüm baglaryny oturdarlar. Daş-töwerekdäki olary ýigrenýänlere hökümler çykaranymdan soň, olar howpsuz ýaşarlar. Şonda olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler».