Bap 27
Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly, Sur galasy hakda agy aýt.
3 Deňiz girelgelerinde mesgen tutan we her bir kenar ýakasyndaky halklar bilen söwdagärlik eden Sur galasyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Sur, sen ‘Gözellik kämilligi mendirin!’ diýdiň.
4 Seniň hökümdarlygyň beýik deňizlerdedir; seni bina edenler gözelligiňi aňrybaş derejesine ýetirdiler.
5 Sen Senir dagynyň serwilerinden ýasalan uly gämi ýalydyň; saňa bogaldak etmek üçin Liwandan kedr agajyny getirdiler.
6 Kürekleriňi Başan dublaryndan etdiler; tagtalaryňy Kipr adasynyň serwi agajyndan ýasap, piliň dişi bilen bezediler.
7 Saňa baýdak bolar ýaly, Müsüriň keşdeli zygyr matasy seniň ýelkeniňdi; Elişa kenarynyň mawy we gyrmyzy matasy seniň ýapynjaňdy.
8 Sidon we Arwat ilaty seniň kürekçileriňdi. Eý, Sur, sende akyldarlar bardy, olar seniň gämiçileriňdi.
9 Gebalyň garrylary we akyldarlary sende bolup, jaýryklaryňy suwaýardylar. Harytlaryňy alyş-çalyş etmek üçin ähli gämiler deňizçileri bilen sendediler.
10 Pars, Lut we Put seniň urşujylaryňdy; olar galkanlary bilen demir tuwulgalaryny diwaryňdan asardylar; olar saňa şöhrat getirerdiler.
11 Arwatlylar we heýlekliler töwerek-daşyňdaky diwarlaryňyň, gammatlylar bolsa diňleriňiň üstündediler. Olar galkanlaryny diwarlaryňyň töwerek-daşyndan asyp, gözelligiňi aňrybaşa ýetirerdiler.
12 Baýlygyňyň köpdügi üçin Tarşyş seniň bilen söwda etdi; harytlaryňyň deregine kümüş, demir, galaýy we gurşun bererdi.
13 Ýawan, Tubal we Meşek seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine gullar we bürünç gaplar bererdiler.
14 Togarma halky seniň harytlaryňyň deregine ýabylary, uruş atlaryny we gatyrlary bererdi.
15 Dedanlylar seniň söwdagäriňdiler; köp kenarlaryň söwda gatnaşygy seniň eliňdedi; olar senden alan harytlarynyň deregine piliň dişi we eben agajy bilen hasaplaşardylar.
16 Söwdaňyň köpdügi üçin Aram seniň bilen söwda etdi; olar seniň harytlaryňyň deregine zümerret, gyrmyzy we keşdeli matalar, nepis zygyr mata, merjen we ýakut bererdiler.
17 Ýahuda bilen Ysraýyl ýurdy seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine Minnit bugdaýyny, un, bal, ýag we melhem bererdiler.
18 Söwdaňyň we baýlygyňyň köpdügi üçin Damask hem seniň bilen söwda etdi; ol Helbon şerabyny we ak ýüň getirerdi.
19 Uzal ýurdundan gelen Dan we Ýawan harytlaryňyň deregine ýüplük bererdiler; alyş-çalyş harytlaryňyň arasynda bolsa işlenen demir, dalçyn we hoşboý ysly gamyş bardy.
20 Dedan at münmäge gerekli bolan eýerlik atkeçeleri bilen söwda ederdi.
21 Arabystan we bütin Kedar hökümdarlary seniň iň gadyrly müşderileriňdi; olar guzular, goçlar we erkeçler getirip, seniň bilen söwda etdiler.
22 Sabanyň we Ramanyň täjirleri seniň söwdagäriňdiler; olar harytlaryňyň deregine ähli atyrlaryň seresini, her hili gymmatbaha daşlar we altyn bererdiler.
23 Haran, Kanne, Eden, Saba täjirleri, Aşur we Kilmat seniň söwdagäriňdiler.
24 Olar seniň bazaryňdaky harytlaryňy saýlama zatlar bilen, mawy we reňbe-reň keşdeli matalar we ýüp bilen berk daňlan reňkli halylar bilen alyş-çalyş ederdiler.
25 Seniň harytlaryňyň kerweni Tarşyşyň gämileridi; sen dolup-daşyp, deňizler ummanynda agyr ýük bilen ýüklenerdiň.
26 Kürekçileriň seni açyk deňizlere alyp çykarlar, emma gündogar şemaly deňizler ummanynda seni kül-peýekun eder.
27 Ýykylan günüň seniň baýlygyň, harytlaryň, mallaryň, deňizçileriň, gämiçileriň, jaýryklaryňy suwaýanlar, harytlaryňy alyş-çalyş edýänler, sendäki ähli urşujylar we içiňdäki ähli jemagat deňizler ummanyna gark bolarlar.
28 Gämiçileriň ahy-nalasyndan öri meýdanlar lerzana geler.
29 Ähli kürekçiler, deňizçiler we ähli deňiz gämiçileri gämilerinden düşüp, gury ýerde durarlar.
30 Seslerini gataldyp, seniň üçin perýat ederler, başlaryndan gum sowrarlar, küle togalanarlar.
31 Seniň üçin saçlaryny syryp, jul geýnerler, janhowluna hasrat bilen zar-zar aglap, dady-perýat ederler.
32 Seniň üçin agy aýdyp, ýas tutarlar, ahy-nala çekip, şeýle diýerler: ‘Deňiz ortasynda Sur ýaly dym-dyrs bolan gala barmy?
33 Harytlaryň deňizden çykanda, sen köp halklary doýurdyň, baýlygyň we harytlaryň köplügi bilen patyşalary baýatdyň.
34 Ine, deňizde, suwlaryň düýbünde kül-peýekun bolanyňda, içiňdäki harytlaryň we ähli jemagatyň özüň bilen bile gark boldy’.
35 Kenarlardaky ähli ilatlar saňa aňkaryşdylar; patyşalary gaty gorkdular, ýüzleriniň reňki öçdi.
36 Halklar arasyndaky täjirler saňa sykylyk atdylar; sen elhenç howpa uçrap, ebedilik ýok bolarsyň“».