Bap 47
Soňra ol adam meni öwrüp, Hudaýyň öýüniň girelgesine getirdi. Öýüň bosagasynyň aşagyndan gündogara tarap suw akýardy. Öý gündogara tarap bakýardy. Suw öýüň sag tarapyndan, gurbanlyk sypasynyň günortasyndan inýärdi.
2 Soňra ol meni demirgazyk derwezesiniň ýoly bilen ýüzi gündogara bakyp duran daşky derwezä alyp geldi, suwlar daşky derwezäniň günorta tarapyna akýardy.
3 Ýaňky adam eli ölçeg ýüpli gündogara tarap çykanda, müň tirsek ölçäp, meni suwdan geçirdi; suw topuga çykýardy.
4 Ýene müň tirsek ölçäp, meni suwdan geçirdi; suw dyza çykýardy; ýene müň tirsek ölçäp, meni suwdan geçirdi; suw bile çykýardy.
5 Ol ýene müň tirsek ölçedi; suw bir derýa boldy. Suw ýokary göterilendigi sebäpli men onuň içinden geçip bilmedim. Ondan ýüzüp geçäýmeseň, ýöräp geçip boljak däldi.
6 Ol maňa: «Gördüňmi, eý, ynsan ogly?» diýdi. Onsoň meni derýanyň kenaryna öwrüp getirdi.
7 Öwrülip gelenimde, ine, derýanyň kenarynyň her ýan tarapynda köp agaçlar bardy.
8 Ol maňa şeýle diýdi: «Bu suwlar gündogardaky ülkelere tarap akýar we Iordan deresine inip, deňze guýanda, deňziň ýata suwlary süýji suwa öwrüler.
9 Bu şeýle bolar: derýanyň akyp baran ýerlerinde dürli-dümen suw jandarlarynyň ählisi diri galar. Ol ýerde balyk köp bolar, bu suwlar ol ýere akyp barar. Olar tämizlenip, derýanyň akyp baran ýerindäkileriň bary diri galar.
10 Deňziň kenarynda balykçylar durarlar; tor taşlanan ýer Eýngediden Eýneglaýyma çenli bolar. Olaryň balyklary dürli-dürlülikde Ortaýer deňziniň balyklary kimin gaty köp bolar.
11 Ýöne onuň palçyk we batgalyk ýerleri tämizlenmez; olar duz üçin galdyrylar.
12 Derýanyň boýunda, onuň ýakasynyň ikiýan tarapynda her hili miweli agaçlar gögerer. Suwlaryň mukaddes öýden çykýandygy sebäpli olaryň ýapraklary solmaz, miweleri tükenmez; her aý täze miwe bererler. Olaryň miweleri iýmit, ýapraklary derman bolar». Ýurduň täze araçäkleri
13 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýurdy mülk hökmünde Ysraýylyň on iki tiresine görä böleniňizde, araçäk şu bolmalydyr: Ýusubyň nesli iki paý alar.
14 Ýurdy siz on iki tiräniň arasynda deň paýlaň. Men ony ata-babalaryňyza bermegi ant içdim. Bu ýurt size mülk edilip berler.
15 Ýurduň araçägi şu bolar: Demirgazyk tarapy Ortaýer deňzinden Hetlon ýoly bilen Lebohamada we Sedada çenli gelýär.
16 Ol Berota we Damask bilen Hamadyň araçäginde ýerleşýän Sibraýyma, şeýle-de Hawranyň araçägindäki Haserhattikona çenli uzalýar.
17 Araçäk deňizden Damask araçägindäki Hasareýnona çenli baryp, Hamadyň araçägi bilen demirgazyga tarap uzalýar. Bu demirgazyk tarapydyr.
18 Gündogar tarapy Hawran bilen Damaskyň arasyndaky Gilgady Ysraýyldan aýyrýan Iordan derýasy boýunça uzalyp gidýär. Mundan gündogar deňzine gelip, Tamara çenli ölçäň. Bu gündogar tarapydyr.
19 Günorta tarapy Tamardan Meribakadeş çeşmesine çenli bolup, Müsür derýasyndan Ortaýer deňzine baryp ýeter. Bu günorta tarapydyr.
20 Günbatar tarapy Lebohamadyň garşysyndaky nokada çenli bolan Ortaýer deňzi bolar. Bu günbatar tarapydyr.
21 Bu ýurdy öz araňyzda Ysraýyl tirelerine görä paýlap beriň.
22 Siz bije boýunça ýurdy özüňize, içiňizde ýaşaýan gelmişeklere we olaryň araňyzda doglan çagalaryna mülk hökmünde paýlaň. Ol gelmişekler siziň üçin asly ysraýylly hasaplanmalydyrlar. Olar hem bije boýunça ysraýyl tireleriniň arasynda siziň bilen deň mülk edinerler.
23 Gelmişekler haýsy tiräniň arasynda ýaşaýan bolsa, şol tire hem olara mülk hökmünde paý bölüp berer». Muny Hökmürowan Reb diýýär.