Bap 5
Eý, ynsan ogly, özüňe bir kesgir gylyç al, ony dellek päkisi hökmünde ulanyp, saç-sakgalyňy syr. Soň ölçär ýaly bir terezi al-da, saç-sakgalyňy böleklere böl.
2 Şäheriň gabaw günleri tamamlananda, onuň üçden birini şäheriň ortasynda ýak. Beýleki üçden birini al-da, gylyç bilen urup, tutuş şäheriň töweregine pytrat. Galan üçünji bölegini bolsa ýele sowur, Men-de gylyjymy ýalaňaçlap, olaryň yzyndan kowalaryn.
3 Sen saç-sakgaldan birazajyk alyp, donuňyň etegine daň.
4 Olardan ýene-de alyp, oda taşla-da ýak, ondan bütin ysraýyl halkyna garşy ot çykar.
5 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bu Iýerusalimdir; Men ony milletleriň merkezinde goýdum, ýurtlary onuň töwereginde ýerleşdirdim.
6 Emma Iýerusalim töweregindäki ähli milletlerden we ýurtlardan has beter erbetlik edip, Meniň hökümlerime we parzlaryma garşy baş galdyrdy, Meniň hökümlerimi ret etdi we parzlarymy tutmady».
7 Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz töweregiňizdäki milletlere garanda has beter pitneçi bolduňyz, parzlarymy berjaý etmediňiz, hökümlerimi ýerine ýetirmediňiz, hatda siz tutuş daş-töweregiňizdäki milletleriň hökümlerine görä-de hereket etmediňiz».
8 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men, hut Meniň Özüm size garşy çykaryn, milletleriň gözleriniň alnynda size höküm çykararyn.
9 Ähli nejis işleriňiz üçin Men size öň etmedik, indem etmejek zatlarymy ederin.
10 Munuň üçin siziň araňyzda ata-eneler çagalaryny, çagalar bolsa ata-enelerini iýerler. Men siziň garşyňyza hökümler çykararyn we sizden diri galanlaryň ählisini ýeliň çar tarapyna dargadaryn».
11 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, ähli ýigrenji zatlaryňyz we nejis işleriňiz bilen mukaddes öýümi murdar edendigiňiz üçin, Men-de sizi gylyç bilen gyryp taşlaryn; gözüm gaýgyrmaz we haýpym gelmez.
12 Siziň üçden bir bölegiňiz mergiden, ýene üçden bir bölegiňiz daş-töweregiňizdäki gylyçdan öler; beýleki üçden bir bölegiňizi bolsa ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzyňyzdan kowalaryn.
13 Gazabymy olaryň üstüne döküp, gaharym ýatyşandan soň, Men köşeşerin. Olara gahar-gazabymy dökenimde, olar Men-Rebbiň gabanjaňlyk bilen gepländigimi bilerler.
14 Töweregiňizdäki milletleriň arasynda we ähli ötegçileriň gözleriniň alnynda, sizi weýrançylyga we masgaraçylyga sezewar ederin.
15 Gahar-gazap we agyr jezalar bilen size hökümler çykaranymda, siz töweregiňizdäki milletlere masgara, sögünç, duýduryş hem gorky bolarsyňyz. Muny Men-Reb aýtdym.
16 Açlygyň ölüm oklaryny ýollanymda, olar sizi weýran etsinler diýip ýollaryn. Üstüňizdäki açlygy has-da artdyraryn, bir döwüm çörege zar ederin.
17 Üstüňize açlyk we ýyrtyjy haýwanlary ýollaryn; olar sizi perzentsiz goýarlar; mergi we uruş sizi ýok edip taşlar, başyňyzdan gylyç salaryn. Muny Men-Reb aýtdym».