Bap 2
Gepleýän ses maňa: «Eý, ynsan ogly, aýak üstüne gal, seniň bilen gepleşjek» diýdi.
2 Ol geplände, Ruh içime girip, meni aýak üstüne galdyrdy. Men Onuň özüme ýüzlenip gepleýänini eşitdim.
3 Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, Men seni garşyma baş göteren pitneçi millet bolan ysraýyl halkynyň arasyna iberýärin. Şu güne çenli olar we olaryň ata-babalary Maňa garşy bolup geldiler.
4 Bu halk dikdüşdi we tekepbirdir. Men seni olaryň ýanyna iberýärin. Sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diý.
5 Bu pitneçi halk seni islese diňlesin, islemese diňlemesin, ýöne olar öz aralarynda bir pygamberiň bardygyny bilsinler.
6 Eý, ynsan ogly, sen olardan we olaryň sözlerinden gorkma. Daşyňy çalydyr tikenekler gurşasa-da, içýanlar arasynda ýaşasaň-da gorkma. Olaryň sözlerinden gorkma, ýüzlerinden heder etme, olar pitneçi halkdyr.
7 Olar seni isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara sözlerimi aýt, çünki olar pitneçi halkdyr.
8 Ýöne sen, eý, ynsan ogly, özüňe aýdýanlarymy diňle. Bu pitneçi halk ýaly dikdüşdi bolma, agzyňy aç-da, saňa berjek zadymy iý».
9 Onsoň men özüme tarap uzalýan bir el gördüm; ol elde düýrlenen bir kagyz bardy.
10 Ony meniň öňümde açyp goýdy, onuň iki tarapy hem ýazylgydy, onda agylar, iňňildiler we nalyş sözleri ýazylgydy.