Bap 31
Massa patyşasy Lemuwala ejesiniň öwreden wajyp sözleri:
2 Näme, oglum? Göwrämden önen zürýadym! Näme diýeýin, Hudaýdan diläp alan oglum?
3 Güýjüňi hem ýollaryňy patyşalary heläkleýän aýallara berme.
4 Eý, Lemuwal, şerap içmek patyşalara ýaraşmaz, meý-içgi hökümdarlara gelişmez.
5 Olar içip, düzgüni unudaýmasynlar, ähli ezilenleriň hakyny ýoýaýmasynlar.
6 Meýi heläk bolup barýana, şeraby ajy hasrat çekýäne bergin.
7 Olar içip, garyplygyny unutsyn, azabyny ýada salmasyn.
8 Agzyňy dilsizler üçin, hossarsyzlaryň haky üçin açgyn.
9 Geple, dogruçyllyk bilen höküm çykar, garybyň we mätäjiň hakyny alyp ber.
10 Başarjaň aýaly kim tapyp bilýär? Onuň gadyr-gymmaty jöwherden ýokarydyr.
11 Äri oňa ýürekden bil baglaýandyr, hiç zada mätäç bolmaz.
12 Ol ärine ýamanlyk däl-de, bütin ömrüne ýagşylyk edýändir.
13 Ýüňi we zygyry saýlaýandyr, elleri höwes bilen işleýändir.
14 Ol söwda gämileri ýaly, içerisiniň iýjegini uzakdan getirýändir.
15 Entek garaňkyka turup, içerisine nahar, hyzmatkärlerine tabşyryk berýändir.
16 Oýlanyp, ekin meýdanyny satyn alýandyr, eliniň gazanjy bilen üzümleri oturdýandyr.
17 Bilini berk guşap, gollaryna güýjüni toplaýandyr.
18 Harydynyň peýdasyny bilýändir, çyrasy gijesine-de sönýän däldir.
19 Elini çarha goýýandyr, barmaklary igi tutýandyr.
20 Garyba eli açykdyr, mätäje elini uzadýandyr.
21 Içerisi üçin gardan gorkýan däldir, çünki bütin içerisi galyň geýinýändir.
22 Özi ýorgan köpeýändir, lybasy nepis keteni we gyrmyzydyr.
23 Äri şäher derwezesiniň alnynda tanalýar, ýurduň ýaşulularynyň arasynda oturýandyr.
24 Keteniden lybaslar tikip satýandyr, söwdagärlere guşaklar eltip berýändir.
25 Güýç hem hormat onuň lybasydyr. Geljege seredip guwanýandyr.
26 Danalyk bilen sözleýändir, dilinde dogry öwütler bardyr.
27 Içerisiniň işlerine oňat seredýändir, ýaltalyk çöregini iýýän däldir.
28 Çagalary turup, oňa alkyş aýdýandyr, äri hem turup, ony taryplaýandyr:
29 «Başarjaňlyk bilen işleýän zenan köpdür, ýöne sen olaryň baryndan ýokarysyň».
30 Görmegeýlik aldawçydyr, owadanlyk puçdur, diňe Rebden gorkýan aýal taryplanýandyr.
31 Elleriniň miwesini oňa beriň, goý, şäher derwezesinde ony işleri öwsün.