Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 29

Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.
2 Dogruçyllar güýçlenende, halk begenýändir. Ýaramazlar höküm sürende, halk ahy-nala çekýändir.
3 Danalygy söýýän ogul atasyny şatlandyrýandyr, emma lolulara ýaran bolan mal-mülküni ýoklaýandyr.
4 Patyşa ýurdy adalat bilen berkidýändir, para alýan bolsa ony tozdurýandyr.
5 Ýakynyna ýaranjaňlyk edýän adam onuň aýagyna tor gurýandyr.
6 Ýaman adamyň ýazygy özüne gapandyr, dogruçyl bolsa aýdym aýdyp şatlanýandyr.
7 Dogruçyl adam ejizleriň hakyna üns berýändir, ýaramaz bolsa şu meselä düşünýänem däldir.
8 Masgaralaýjy adamlar şäherde ot gorsaýandyrlar, akyldarlar bolsa gahar-gazaby köşeşdirýändirler.
9 Akylly adam akmak bilen kazyýetde dawalaşanda, akmak gyzanda-da, gülende-de rahatlyk bermez.
10 Ganhor aýypsyz adamlary ýigrenýändir, hatda dogry adamlaryň janyny almakçy bolýandyr.
11 Akmak bar gaharyny daşyna çykarýandyr, akylly adam bolsa gaharyna basalyk berýändir.
12 Hökümdar ýalan söze gulak salsa, onuň ähli emeldarlary ýaramaz bolar.
13 Garyp bilen zalymyň bir meňzeşligi bar, ikisiniň gözüne-de Reb ýagtylyk berýär.
14 Patyşa ejizlere adalatly höküm çykarsa, onuň tagty ebedi berkarar bolar.
15 Taýak we käýinç danalyk getirýändir, başyna goýberilen çaga bolsa enesini utanja goýýandyr.
16 Ýaramazlar güýçlenende, ýazyk hem köpelýändir, dogruçyllar bolsa olaryň ýykylýanyny görerler.
17 Ogluňy terbiýele, ol saňa rahatlyk berer, özüňe ýakymly bolar.
18 Gökden aýanlyk bolmasa, halk jylawsyz bolýandyr. Kanuny berjaý edýän bolsa bagtlydyr.
19 Gul diňe söz bilen terbiýelenýän däldir, çünki düşünse-de gulak asmaz.
20 Oýlanman gepleýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.
21 Kim guluny ýaşlykdan läliksireden bolsa, soňunda ony mirasdary etmeli bolar.
22 Gaharjaň adam jenjel turuzýandyr, gazaply adam ýazyk etdirýändir.
23 Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir, pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr.
24 Ogry bilen şärik bolýan özüni ýigrenýändir, ol günälenmegi eşitse-de, hiç gepläp bilmeýär.
25 Adamdan gorkmak duzakdyr, Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr.
26 Hökümdaryň gözüne ilmek isleýän köpdür, ýöne adam adalaty Rebden alýandyr.
27 Adalatsyz adam dogruçyllara ýigrenjidir, dogry adam hem ýaramazlara ýigrenjidir. ‎