Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 9

Danalyk özüne jaý gurdy, onuň ýedi sütünini ýondy.
2 Gurbanlyk soýdy, şerabyny häzirläp, saçagyny ýazdy.
3 Kenizlerini ýollap, şäheriň belent ýerinden jar çekdiler:
4 «Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!» Kemakyla bolsa şeýle diýýär:
5 «Gel, meniň nanymdan iý. Taýýarlan şerabymdan iç.
6 Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň. Paýhas ýolundan ýöre».
7 Masgaralaýja käýän özüne uýat getirer, ýaramazlyk edýäni ýazgaran özüne zyýan ýetirer.
8 Masgaralaýja käýeme, ýogsa seni ýigrener. Akyldara käýe, ol seni söýer.
9 Akyldara öwretseň, akyldarlygy artar, dogruçyla öwretseň, bilimi artar.
10 Danalygyň başlangyjy – Rebden gorkmakdyr. Mukaddesligi tanamak bolsa pähim-paýhasdyr.
11 Çünki meniň üstümden seniň günleriň uzalar, ömrüň ýyllary artar.
12 Akylly bolsaň, özüňe peýda. Masgaralasaň-da, ony özüň çekersiň.
13 Akmak aýal şermendedir, nadandyr, hiç zat bilýän däldir.
14 Öýüniň gapysynyň alnynda, şäheriň belent ýerinde oturyp, ýoldan geçip barýanlary çagyrmak üçin jar çekýär:
16 «Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!» Kemakyla bolsa:
17 «Ogurlyk suw süýjüdir, gizlin iýilýän nan tagamly» diýýändir.
18 Emma ol ýerde ölümiň bardygyny, onuň ýanyna baranlaryň ölüler dünýäsiniň düýbündedigini bilmeýärler. ‎