Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 28

Ýaramaz adam hiç kim kowalamasa-da gaçýandyr, dogruçyl bolsa arslan kimin batyrdyr.
2 Ýurt gozgalaň etse, serdary köpelýändir, aň-düşünjeli adam arkaly bolsa, abadanlyk dowam edýändir.
3 Ejizleri ezýän garyp hasyly süpürip äkidýän çabga ýalydyr.
4 Kanuny bozýanlar ýaramazlary öwýändir, kanuny saklaýanlar bolsa olar bilen göreşýändir.
5 Ýaman adamlar adalata düşünýän däldir, Rebbi agtarýanlar bolsa oňa doly düşünýändir.
6 Sadyk ýolda gezýän garyp egri ýoldan ýöreýän baýdan ýagşydyr.
7 Düşünjeli ogul kanuny saklaýar, horanlar bilen ýoldaş bolan atasyna ysnat getirer.
8 Peýda we göterim bilen baýlygyny artdyrýan ony garyplara sahawat edýän adam üçin ýygnaýandyr.
9 Kim kanuny diňlemezlik üçin gulagyny dykýan bolsa, onuň Hudaýdan dilegi-de ýigrenjidir.
10 Kim dogruçyllary ýaman ýola çekýän bolsa, öz gazan gorpuna özi ýykylar. Sadyklar bolsa ýagşy miras alarlar.
11 Baý öz gözüne akyllydyr, düşünjeli garyp bolsa ony synlap tanaýandyr.
12 Dogrular üstün çykanda, uly dabara bolýandyr, emma erbetler güýje eýe bolsa, adamlar bukulýandyr.
13 Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.
14 Mydama Rebden gorkýan adam nähili bagtly! Ýüregini gataldýanlar bolsa bela uçraýar.
15 Ejiz halkyň ýaramaz hökümdary arlaýan arslan, topulýan aýy ýalydyr.
16 Düşünjesiz hökümdar juda zalymdyr, adalatsyz gazanjy ýigrenýän bolsa ömrüni uzaldýandyr.
17 Biriniň ganyna galan adam gabra çenli gaçar, ony hiç kim goldamasyn.
18 Sadyk gezýänler halas bolar, egri ýolly adamlar bolsa duýdansyz ýykylar.
19 Öz ýerini bejerýäniň nany bol bolar, boş işlere kowalaşýan garyplykdan bol bolar.
20 Sadyk adamyň ýalkawy köp bolar, baýlygyň yzynda hars urýan bolsa jezasyz galmaz.
21 Tarapgöý bolmak ýagşy däldir, bir döwüm nan diýip ynsan ýazykly bolar.
22 Gysganç adam baýlygyň yzynda hars urup, başyna garyplygyň geljegini bilýän däldir.
23 Dili bilen ýaranjaňlyk edýänden, birine käýeýän köp göwün awlar.
24 Ata-enesini talap, ýene «Bu ýazyk däldir» diýýän garakçynyň şärigidir.
25 Açgöz adam jenjelçidir, Rebbe bil baglaýan bolsa doklukda ýaşar.
26 Özüne ynanýan akmakdyr, parasatly gezýän bolsa gutular.
27 Ýoksula ýardam edýän mätäç bolmaz, görmezlige salýan bolsa, näletsiz galmaz.
28 Erbetler güýje eýe bolanda, adamlar bukulýandyr, olar heläk bolanda bolsa, dogruçyllar güýçlenýändir. ‎