Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 25

Bular hem Süleýmanyň pähimleridir. Olary Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň emeldarlary göçürip alypdyrlar.
2 Ýaşyryn iş Hudaýyň şöhratydyr, işi derňemek bolsa patyşanyň şöhratydyr.
3 Asman belent, ýeriň aşagy çuň; patyşanyň ýüregi hem şeýledir, ony derňäp bolýan däldir.
4 Kümüşden hapany aýyr, zergäre bir gap bolar.
5 Ýaramaz adamy patyşanyň huzuryndan aýyr, şonda tagt dogruçyllyk bilen berkarar bolar.
6 Patyşanyň huzurynda özüňi ýokary tutma, beýikleriň ornunda durma.
7 Çünki asylzadalaryň öňünde kiçelmegiňden, emeldaryň saňa: «Töre geç» diýmegi gowudyr. Gözüň gören zadyny
8 derrew kaza getirme. Soňra ýakynyň seni utandyranda näme edersiň?
9 Dawany ýakynyň özi bilen et, başganyň syryny paş etme.
10 Ýogsa eşiden adam seni uýada goýar, hemişe ýaman atly bolarsyň.
11 Ýerinde aýdylan söz kümüş mejimäniň içinde goýlan altyn alma ýalydyr.
12 Diňleýän gulaga akyldaryň käýinji tylla ysyrga we altyn bezeg ýalydyr.
13 Sadyk ilçi özüni iberenler üçin, orak wagtynda garyň salkynlygy ýalydyr. Ol öz hojaýynynyň nepesini janlandyrar.
14 Berilmedik sowgat bilen öwünýän adam ýagmyrsyz bulut we boş ýel ýalydyr.
15 Hökümdar sabyr bilen yrylýandyr, mylaýym söz iň kütegiň hem aňyna ýetýändir.
16 Bal tapdyňmy? Ýeterlik iý, aşa düşüp gusaýma.
17 Ýakynyň öýüne ýygy-ýygy barmakdan aýagyňy kes, senden irip, seni ýigrenäýmesin.
18 Ýakynyna garşy ýalan şaýatlyk edýän adam gürzüdir, gylyçdyr, ýiti okdur.
19 Aladaly günde wepasyz adama ynanmak, çüýrük dişe we maýyp aýaga ynanan ýalydyr.
20 Gamly ýürege aýdym aýtmak sowuk howada geýim çykarmak we ýara sirke guýmak ýalydyr.
21 Eger duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa suw ber.
22 Şonda onuň başyna köz goýarsyň, Reb seni sylaglar.
23 Demirgazyk ýeli ýagyş getirýändir, gybatkeş dil ýüzleri gaharly edýändir.
24 Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan, üçegiň bir burçunda ýaşamak gowudyr.
25 Uzak ýurtdan gelen hoş habar teşne bokurdaga sowuk suw ýalydyr.
26 Ýaramazlaryň öňünde ýan beren dogruçyl adam bulandyrylan çeşme, hapalanan bulak mysalydyr.
27 Baly köp iýmek ýagşy däldir, şöhratparazlykdan şöhrat gözlemek gowy däldir.
28 Özüne buýrup bilmeýän kişi diwardyr galasy ýykylan şäher kimindir. ‎