Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 20

Şerap biabraý edýändir, içgi dawa-jenjel turuzýandyr. Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr.
2 Patyşanyň gazaby arslanyň nagrasy kimindir, onuň gaharyny getirýän öz janyna töwekgellik edýändir.
3 Dawadan gaçmak adama abraý getirýär, bar akmak jedele taýýar.
4 Ýalta ýer sürmän, orak wagtynda hasyl gözlär, ýöne tapmaz.
5 Ynsanyň ýüregindäki pikir çuň suw kimindir, düşünjeli adam ony çekip çykarar.
6 Köp adam özüne «Men wepaly» diýýändir, ýöne ynamdar birini kim tapyp biler?
7 Dogruçyl sadyklykda ýöreýär, onuň yzynda çagalary nähili bagtly bolar!
8 Hökmürowan tagtynda oturýan patyşa ähli ýamanlygy gözleri bilen saýgarýar.
9 «Ýüregimi tämizledim, günäden päklendim» diýip, kim aýdyp biler?
10 Iki dürli terezi daşynyň, iki dürli ölçegiň ikisi hem Rebbe ýigrenjidir.
11 Hatda çaga hem eden işiniň päkdigini ýa dogrudygyny öz hereketi bilen aýan edýär.
12 Diňleýän gulagy, görýän gözi – ikisinem Reb ýaradandyr.
13 Garyp bolmazyň ýaly, ukyny söýme, gözüňi aç, nanyň bol bolar.
14 Satyn alýan: «Erbet, erbet» diýýändir, aňyrrak baryp bolsa öwýändir.
15 Altyn bar, jöwherem köpdür, ýöne bilimli dil tapylgysyz zatdyr.
16 Nätanşa kepil bolanyň geýimini al, kesekä kepil bolandan girew al.
17 Hile bilen gazanylan nan süýjüdir, soňra agzy çagyldan dolar.
18 Maksatlar maslahat bilen berkarar bolýandyr; sagdyn maslahatlar bilen urşa git.
19 Gybatkeş syry paş edýändir, agzyboş bilen gatnaşyk açma.
20 Ata-enesini näletleýäniň tüm garaňkylykda çyrasy söner.
21 Başda basym alnan miras soňunda bereketli bolmaz.
22 «Ýamanlygy ýerine salaryn» diýme, Rebbe garaş, Ol seni halas eder.
23 Galp terezi daşy Rebbe ýigrenjidir, hileli terezi hem gowy däldir.
24 Adamyň her ätjek ädimi Rebdendir. Şeýle bolansoň, adam öz ýoluna nädip düşünsin?
25 Zadyny pähimsiz bagyş edýän adam duzaga düşer, ol äht edenden soň oýlanar.
26 Akylly patyşa ýaramazlary sowrup, olaryň üstünde döwek döwýär.
27 Adamyň ruhy – Rebbiň çyrasydyr, ol ynsan kalbynyň bütin jümmüşini barlaýar.
28 Sadyklyk we ynamdarlyk patyşany goraýar, onuň tagty sadyklykdan berkarar bolýar.
29 Ýigitlik kuwwaty – olaryň şöhratydyr, çal saçlar bolsa garrylaryň abraýydyr.
30 Yz galdyrýan urgy ýamanlykdan tämizleýär, kötekler bolsa kalbyň jümmüşini päkleýär. ‎