Bap 19
Egri dilli akmakdan, sadyklykda gezýän garyp gowudyr.
2 Bilimsiz gaýrat ýagşy däldir, Aşa howlugýan ýoluny ýitirýär.
3 Adamy öz akmaklygy ýykýar, ýüreginden bolsa Rebbe gaharlanýar.
4 Baýlyk tanyşlary beter köpeldýär, garyp bolsa öz ýakynyndanam aýrylýar.
5 Galp şaýat jezasyz galmaz, ýalan sözleýänem gaçyp gutulmaz.
6 Jomardyň ýüzüni küýseýänler köp, hemmeler eli açyga dost.
7 Garyby hemme doganlary ýigrenýän bolsa, dostlary ondanam beter terk edýär, ýalbaryp yzyndan ylgasa, olar eýýäm ýokdur.
8 Pähim-paýhas gazanýan özüni söýýär, düşünjeliligi saklaýan bolsa rowaçlyk tapýar.
9 Galp şaýat jezasyz galmaz, ýalan sözleýän hem heläk bolar.
10 Akmaga aýşy-eşretde ýaşamagyň gelişmeýşi ýaly, gula hem begiň üstünden höküm sürmek has beter gelişýän däldir.
11 Paýhasly adam giň göwünli bolar, ýazyk geçmek onuň şöhratydyr.
12 Patyşanyň gazaby arslan nagrasy kimindir, onuň razylygy bolsa otlaryň üstüniň çygy ýalydyr.
13 Akmak ogul atasyna beladyr, aýalyň igenji üznüksiz damja ýalydyr.
14 Öý we mal-mülk atalardan miras, ýöne paýhasly aýal Rebdendir.
15 Ýaltalyk gaflat ukusyna batyrýar, ýalta adam açlyk çekýär.
16 Hudaýyň buýrugyny amal edýän öz janyny goraýar, ýollaryna üns bermeýän bolsa öler.
17 Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär, Reb onuň öwezini gaýtarar.
18 Umyt barka ogluňa temmi ber, ýöne gaharyň gelip, ony heläk etme.
19 Gaty gaharjaň adam jeza çeker, eger ony halas etseň, muny ýene gaýtalamaly bolarsyň.
20 Ahyr akylly bolaryň ýaly, nesihata gulak goý, öwüdi kabul et.
21 Adamyň ýüreginde niýet köpdür, emma Rebbiň maksady amala aşýar.
22 Adamdan garaşylýany wepalylykdyr, Garyp adam ýalançydan ýagşydyr.
23 Kim Rebden gorkýan bolsa ýaşar! Ol kanagatly hem kynçylyksyz ýaşar.
24 Ýalta tabaga uzadan elini hatda agzyna ýetirmez.
25 Masgaralaýjyny ur, nadanlar paýhaslylyk öwrener, düşünjelini terbiýele, ol bilim alar.
26 Atasyna zulum edýän we enesini kowýan ogul masgaralyk hem ysnat getirýär.
27 Oglum, eger bilimli sözlerden azaşsaň, öwüdi diňlemekden saklanarsyň.
28 Nämynasyp şaýat adalatyň üstünden gülýär, ýaramazlaryň agzy ýamanlyk iýýär.
29 Masgaralaýjy üçin jeza, akmagyň ýagyrnysyna urgy taýýardyr.