Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 6

Oglum, karz aljaga kepil geçip, oňa derek el beren bolsaň,
2 Öz diliňden duzaga düşensiň, öz sözleriň bilen tutulansyň.
3 Ondan halas bolmak üçin şeýle etmeli, oglum. Ýakynyň penjesine düşeniňe görä, bar-da, onuň öňünde özüňi kiçelt. Ýalbar.
4 Gözüňe uky berme, gabagyňy ýumma.
5 Awçydan gaçan jeren kimin, Guşbazyň elinden sypan guş kimin özüňi gutar.
6 Eý, ýalta, garynjanyň ýanyna bar; olaryň işleýşine seret-de, akyl al!
7 Olaryň ne baştutany, ne gözegçisi, ne-de hökümdary bar.
8 Tomusda öz iýmitini toplaýarlar, orakda öz azygyny ýygnaýarlar.
9 Eý, ýalta kişi, sen haçana çenli ýatjak? Ukudan haçan oýanjak?
10 Birazajyk uklamak, biraz irkilmek üçin, gyşaryp gol gowşuranyňda, garyplyk garakçy ýaly, mätäçlik ýaragly adam mysaly başyňdan iner.
12 Deýýus bilen ýamanyň ýalan ýaşaýar agzynda.
13 Ol gözlerini gypýar, aýaklary bilen yşarat edýär, barmagy bilen ümleýär.
14 Ýüreginde mekir niýet bar, mydama dawa-jenjel turuzýar.
15 Şonuň üçin oňa betbagtçylyk duýdansyz iner; pagyş-para bolar, şypa tapylmaz.
16 Reb alty zady, dogrusy, ýedi zady ýigrenýändir.
17 Tekepbir göz, ýalançy dil, bigünä gan dökýän el.
18 Ýaman niýetli ýürek, ýamanlyga ýortýan aýaklar,
19 Ýalan ýagdyrýan galp şaýat, doganlar arasynda dawa döredýän adam.
20 Oglum, ataň buýrugyny berjaý et, eneň öwütlerinden ýüz öwürme.
21 Olary mydam ýüregiňde sakla, boýnuňa bagla.
22 Ýolbelet bolarlar saňa ýörän mahalyň; gorarlar seni ýatan mahalyň; gürrüňdeş bolarlar oýa wagtyňda.
23 Ýaman aýaldan, süýji dilli zynahor aýaldan goramak üçin, buýruk – çyra, öwüt – nurdur. Käýinç-terbiýe – ýaşaýşa ýoldur.
25 Onuň gözelligine ýüregiňden höwes etme, kirpikleriniň ýesiri bolma.
26 Lolynyň bahasy bir döwüm çörege dursa-da, bu kemçin gymmatly jany awlaýandyr.
27 Kim eteginde ot göterer-de, eşigini ýakmaz?
28 Kim közüň üstünden ýörär-de, dabany köýmez?
29 Ýakynynyň aýalynyň ýanyna giren hem şeýle bolýar; oňa el degren jezasyz galmaz.
30 Açka garnyny doýurmak üçin ogurlan ogryny ýigrenýän däldirler ahyryn?
31 Ýöne ol tutulsa, ýedi esse edip gaýtarar; öýüniň bar baýlygyny bermeli bolar.
32 Zyna edýän adam kemakyldyr; ol öz janyny heläk edýär.
33 Ol tenine ýara alar, biabraýçylyga uçrar, päklenip bolmajak uýada galar.
34 Çünki gabanjaňlyk erkek kişini gazaplandyrýar, ol öç alanda, hiç rehim etmez.
35 Ol seniň para-peşgeşiňe bakmaz, näçe töleseň-de, hiç razy bolmaz. ‎