Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 22

Ýagşy at-abraý köp baýlykdan artyk, sylag-hormat hem kümüşden-altyndan ýagşydyr.
2 Baý bilen garybyň bir meňzeşligi bar, olaryň ikisini-de ýaradan Rebdir.
3 Paýhasly adam howpy görüp gizlenýändir, nadan göni gidip jeza alýandyr.
4 Kiçigöwünliligiň, Rebden gorkmagyň sylagy – baýlyk, abraý we ýaşaýyşdyr.
5 Egri adamyň ýolunda tikenler we duzaklar bardyr. Öz janyna haýpy gelýän olardan daş durar.
6 Çagany dogry ýol bilen terbiýele, ulalanda hem şondan sowulmaz.
7 Baýlar garyplaryň üstünden höküm sürýändir, bergili-de karz bereniň guludyr.
8 Adalatsyzlyk ekýän bela-beter orar, gazabyň taýagyndan heläk bolar.
9 Sahy adam ýalkanýandyr, çünki ol çöreginden ejizlere berýär.
10 Masgaralaýjyny kow, şonda jenjel ýok bolar, töhmetdir-dawanyň yzy kesiler.
11 Päk ýürekliligi söýýän, merhemetli sözleýän patyşanyň ýakyny bolar.
12 Rebbiň gözleri bilimi goraýandyr, wepasyzyň sözlerini bolsa ýalana çykarýandyr.
13 Ýalta diýýär: «Daşarda arslan bar, ýolda ol meni parçalar».
14 Azgyn aýalyň agzy düýpsüz gorpdur, Rebbiň gazabyna duşan oňa ýykylar.
15 Çaganyň ýüreginde akmaklyk kök urýandyr, ýöne terbiýe taýagy ony akmaklykdan uzaklaşdyrýandyr.
16 Baý bolmak üçin garyplary ezýän hem-de baýlara sowgat berýän diňe garyp düşer.
17 Gulak as-da, akyldarlaryň sözüni diňle, meniň öwretjek zatlaryma dykgat et.
18 Sen olary kalbyňda saklasaň, olaryň ählisi diliňde bolsa ýakymly bolar.
19 Seniň Rebbe ynanjyň bolary ýaly, men şu gün saňa, hut saňa öwredýärin.
20 Gaýdanyňda seni ýollanlara çyn söz hem ynamly jogap bereriň ýaly, men saňa maslahat hem bilim üçin otuz nesihat ýazyp bereýin.
22 Garyby garyplygy sebäpli talama, mätäji mejlisde ezme.
23 Çünki olaryň tarapyny Reb tutar, olary talany Ol talar.
24 Olaryň ýollaryna öwrenişip, janyňy duzaga düşürmeziň üçin, gaharjaň adam bilen tirkeşme, gyzma adam bilen gatnaşyk açma.
26 Biri bilen el berişme, birine kepil bolýanlardan bolma.
27 Tölemäge zadyň bolmasa, aşagyňdaky düşegiňi almazlarmy näme?
28 Ata-babaň goýan gadymy araçäk daşyny süýşürme.
29 Işine ökde adamlary görýäňmi? Olar garamaýagyň hyzmatyny etmez, patyşalaryň huzurynda durar. ‎