Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 24

Ýamanlara gözüň gitmesin, olar bilen bile bolmak isleme.
2 Çünki olaryň göwni zorluk barada pikir edýändir, dilleri içigaraçylygy gepleýändir.
3 Öý danalyk bilen gurulýandyr, düşünje bilenem berkarar edilýändir.
4 Bilim bilen öýüň içi gymmatly hem ýakymly baýlykdan dolýandyr.
5 Parasatly adam güýçlülerden güýçlüdir, bilimli adam öz güýjüni artdyrar.
6 Çünki sen urşuňy sagdyn maslahat bilen alyp barýarsyň, maslahatçynyň köp ýerinde ýeňiş bardyr.
7 Akmak üçin danalyk örän belentdedir, mejlisde ol agzyny açyp bilmeýär.
8 Niýetini ýamana dikýäne pitneçi diýilýändir.
9 Akmaklygy niýetlemek günädir, masgaralaýjy bolsa adamlara ýigrenjidir.
10 Agyr günde tapdan düşseň, seniň güýjüň azdyr.
11 Ölüme alnyp barylýanlary halas et, büdräp barýanlary yzyna çek.
12 Eger sen: «Biz bilmedik» diýseň, ýürekleri synaýan muny bilmezmi? Seniň janyňy goraýan ony aňmazmy? Ol her kime işine laýyk gaýtarmazmy?
13 Oglum, bal iý, çünki ol ýakymlydyr, bal damagyňa datlydyr.
14 Danalyk hem seniň janyňa bal ýalydyr, ony tapsaň, geljegiňi taparsyň. Umydyň üzülmez.
15 Ýaramaz adam ýaly dogruçylyň mesgenine garşy bukuda ýatma, onuň ýurduny ýykma.
16 Çünki dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerden galýandyr, ýaramazy betbagtlyk ýykýandyr.
17 Duşmanyň ýykylanda şatlanma, büdrese ýüregiň begenmesin.
18 Ýogsa ony Reb görüp, Ol senden närazy bolar, gaharyny duşmanyňdan sowar.
19 Ýamanlyk edýänler üçin gaharyňy getirme, ýaramazlara gözüň gitmesin.
20 Çünki olaryň geljegi bolmaz, ýaramazlaryň çyrasy öçer.
21 Oglum, Rebden hem patyşadan gork. Olara garşy pitneçiler bilen gatnaşyk etme.
22 Çünki olaryň betbagtlygy duýdansyz geler, Reb hem patyşadan ýetjek weýrançylygy kim biler?
23 Şular hem akyldarlaryň sözleridir: Hökümde tarapgöýlük etmek ýagşy däldir.
24 Ýaramaza: «Sen dogrusyň» diýeni halklar näletlär, ony milletler ýigrener.
25 Karar çykarýanlaryň şähdi şat bolar, olara ýagşy alkyşlar geler.
26 Dogry jogap dodagyňdan ogşalýan ýalydyr.
27 Daşardaky işleriňi bitir, ekin meýdanyňy tertibe sal, soňra öýüňi gur.
28 Ýakynyňa sebäpsiz ýere şaýatlyk etme, diliň bilen aldama.
29 «Maňa näme eden bolsa, menem şony ederin, etmişine görä gaýtararyn» diýme.
30 Men ýalta adamyň meýdanyndan, kemakylyň üzüm bagynyň gapdalyndan geçdim.
31 Ine, bar ýeri haşal ot basan eken, üstüni bürmek örten eken, daşyndaky diwary ýykylan eken.
32 Nazar saldym hem oýa batdym, görenimden sapak aldym.
33 Birazajyk uklamak, biraz irkilmek üçin, gyşaryp gol gowşuranyňda, garyplyk galtaman ýaly, mätäçlik ýaragly adam mysaly başyňdan iner. ‎