Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 3

Oglum, unutma öwredenlerimi, buýruklarymy kalbyňda sakla.
2 Çünki olar ömrüň ýyllaryny uzaldar, abadanlygyňy köpelder.
3 Wepaly söýgiňi terk etme. Bagla olary boýnuňa. Ýüregiň gatyna ýazyp goý.
4 Şonda sen Hudaýyň hem adamlaryň nazarynda merhemet we abraý taparsyň.
5 Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla.
6 Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular.
7 Özüňi akylly saýma; Rebden gork, ýamandan çekil.
8 Şonda seniň janyňa sagdynlyk, bedeniňe şypa berler.
9 Rebbi bütin baýlygyň hem ilkinji hasylyň bilen hormatla.
10 Şonda seniň ammaryň dolup-daşar, çelekleriň täze şerapdan joşar.
11 Rebbiň terbiýesini terk etme, oglum. Onuň käýinjine gysynma.
12 Çünki atanyň eý görýän ogluna temmi berşi ýaly, Reb hem söýenini terbiýeleýändir.
13 Danalyk tapan, düşünje gazanan adam bagtlydyr.
14 Çünki onuň girdejisi kümüşden, peýdasy altyndan artykdyr.
15 Danalyk jöwherden gymmat, hiç bir arzyly zat oňa taý gelmez.
16 Uzak ömür onuň sag elinde, baýlyk hem şöhrat sol elinde.
17 Onuň ýollary ýakymly ýoldur, barça ýodalary hem salamatlykdyr.
18 Ýapyşanlar üçin ol durmuş daragtydyr. Ony gaýym tutanlar bagtlydyr.
19 Reb danalyk bilen jahany bina etdi; düşünje bilen gökleri ýerleşdirdi.
20 Onuň biliminden çuňluklar böwsüldi, bulutlar çygyny pürkdi.
21 Oglum, danalygy, akyllylygy gorap sakla, gözüňden salma.
22 Şeýle etseň, olar janyňa ýaşaýyş, boýnuňa bezeg bolar.
23 Onsoň aman-esen gezersiň, büdremersiň.
24 Otursaň arkaýyn bolarsyň, ýatsaň süýji uka gidersiň.
25 Duýdansyz gelýän howpdan, ýaramazlaryň başyna inen weýrançylykdan gorkma.
26 Çünki Reb seniň ähtibaryň bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar.
27 Eliňden gelýärkä, mätäçlerden ýardamyňy aýama.
28 Eliňde barka, ýakynyňa: «Git, soň gel, ertir bererin» diýme.
29 Saňa ynanyp, arkaýyn ýaşaýan ýakynyňa garşy ýaman niýet etme.
30 Ýamanlyk etmedik adam bilen nähak jedelleşme.
31 Zalyma gözüň gitmesin, onuň ýollaryny saýlama.
32 Reb azgyn adamlary ýigrenýär, Ol dogruçyllara ýakyn bolýar.
33 Reb ýaramazlaryň öýüni näletleýär, dogruçyllaryň ýurduny bolsa ýalkaýar.
34 Reb ýaňsylaýjylary ýaňsylaýandyr, kiçigöwünli adamlara rehim edýändir.
35 Akyllylar şöhrata eýe bolarlar, akmaklar bolsa uýada galarlar. ‎