Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 5

Oglum, akyllylygy gorar ýaly, dodagyň bilimi gorar ýaly, meniň danalygyma üns ber; düşünjäme gulak as.
3 Çünki bozuk aýalyň dodagyndan bal damýandyr, sözleri ýagdan ýumşakdyr.
4 Emma soňunda ýowşan ýaly ajydyr, ikiýüzli gylyç ýaly ýitidir.
5 Onuň aýaklary ölüme, ädimleri ölüler dünýäsine tarapdyr.
6 Ol ýaşaýşa barýan ýol barada oýlanmaýar; Ugry bulaşyk, özi muny bilmeýär.
7 Şonuň üçin, ogullarym, meni diňläň, agzymyň sözlerinden çykmaň.
8 Ol aýaldan gaça duruň, onuň bosagasyna ýakynlaşmaň.
9 Ýogsa abraýdan düşersiň, zalyma bergidar bolarsyň.
10 Çeken azabyň hözirini başgalar görer, gazanjyň özgäniň öýüne gider.
11 Ah çekip nalarsyň ömrüň soňunda, teniň hem bedeniň guranda.
12 Diýersiň şonda: «Men näme üçin terbiýäni ýigrendim, ýüregim-de käýinji ret etdi?
13 Mugallymlarymy diňlemedim, öwredýänlere gulak asmadym.
14 Jemlenen jemagatyň öňünde, tas masgara bolupdym».
15 Suwy diňe öz guýyňdan, öz çeşmäň akaba suwundan iç.
16 Çeşmeleriň köçelere, bulaklaryň meýdançalara ýaýrasynmy?
17 Olary özge bilen paýlaşma, olar diňe özüňki bolsun.
18 Bulagyň suwlary ak pataly bolsun, ýaşlykda öýleneniňe guwan.
19 Ol bir söýgüli sugun, näzik maral ýalydyr, onuň göwüsleri seni gandyrsyn. Mydama keýpli joş.
20 Oglum, seni näme üçin başga aýal joşdurmaly? Näme üçin zynahor aýaly bagryňa basjak?
21 Ynsanyň ýollary Rebbiň gözüniň alnyndadyr, olaryň ähli ýodalaryny synlaýandyr.
22 Ýaramazlar öz etmişinde tutulyp, günälerine baglanýarlar.
23 Olar terbiýesizlikden ölerler, aşa akmaklygyndan azaşarlar. ‎