Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 11

Rebbiň ýigreneni galp terezidir, dogry ölçegden bolsa göwni hoş bolýandyr.
2 Tekepbirlik gelse, masgaraçylyk gelýändir, akyldarlyk bolsa kiçigöwünliler bilendir.
3 Dogry adamyň dogruçyllygy oňa ýol görkezýändir, dönügiň hilegärligi bolsa ony heläk edýändir.
4 Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir, dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar.
5 Sadyk adamyň dogrulygy onuň ýoluny gönelder, ýaramazlar bolsa öz ýaramazlygy zerarly ýykylar.
6 Dogry adamlary dogruçyllygy halas edýär, haýynlar öz nebsine çolaşýarlar.
7 Ýaramaz adam ölse, onuň umyt-niýetem ölýär, onuň baý bolmak tamasy puja çykýar.
8 Dogry adam muşakgatdan gutulýar, oňa derek ýaramazlar muşakgata uçraýar.
9 Imansyz ýakynyny dili bilen heläkleýär, dogruçyl bolsa bilim bilen gutulýar.
10 Dogrularyň işi rowaç alanda, şäher begenýär, ýaramazlar ölende toý-dabara bolýar.
11 Dogruçyllaryň dileginden şäher belende galýar, ýaramazlaryň dilinden ol weýran bolýar.
12 Ýakynyny kemsidýän kemakyldyr, düşünjeli adamyň agzyndan söz çykmaýar.
13 Gybatkeş başganyň syryny paş edýändir, ynamdar göwün syrdaş bolýandyr.
14 Maslahatsyz millet heläk bolýandyr, maslahatçy köp bolan ýerde ýeňiş bar.
15 Nätanşa kepil bolan köp zyýan çeker, kepil bolmakdan gaçan dynç gezer.
16 Mylakatly aýal hormat, zalymlar baýlyk gazanýandyr.
17 Merhemetli özüne peýda getirýär, zalym bolsa özüne zyýan edýär.
18 Ýaramazyň gazanjy galplykdyr, dogrulyk ekýän hökman hakyny alar.
19 Ýürekden dogruçyl ynsan – ýaşaýşa, ýamanlygy yzlaýan – ölüme barýar.
20 Gara ýürekliler Rebbe nejisdir, Reb sadyk ýoldan hoşaldyr.
21 Men söz berýän, elbetde, ýaman jezasyz galmaz, dogrularyň nesilleri gutular.
22 Salykatlylykdan ýüz öwren görmegeý aýalyň ýagdaýy doňzuň burnuna dakylan altyn ysyrga ýalydyr.
23 Dogrular diňe ýagşylygy arzuwlar, ýaramazlaryň garaşýany gahar-gazap.
24 Biri bar – paýlaýandyr, baýlygy bolsa artýar. Biri bar – gaty gysyk, diňe mätäçlige gowuşýar.
25 Sahy adamyň berekedi artar, suw berene suw berler.
26 Gallasyny gizleýäne halk gargaýar, galla satýanyň başyna bereket ýagýar.
27 Ýagşylyk gözleýän merhemet gazanýar, ýamanlyk gözleýän ýamanlyga ýeter.
28 Baýlygyna baýrynýan ýykylar, dogrular bolsa täze baldak ýaly öser.
29 Hojalygyna betbagtlyk getiren ýel gysymlan ýaly bolar, akmak akylly adamyň hyzmatkäri bolar.
30 Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr, akyldar adam ynsanlary gazanýar.
31 Dünýäde dogry adam jezalandyrylsa, ýaramaz bilen günäkäriň almyty, gör, näçe esse bolar! ‎