Bap 7
Oglum, meniň sözlerimi sakla, buýruklarymy unutma.
2 Buýruklarymy sakla, şonda ýaşarsyň, öwütlerimi gözüň göreji ýaly aýa.
3 Olary barmaklaryňa dak, ýüregiň gatyna ýazyp goý.
4 Özüňi zynahor aýaldan saklar ýaly, süýji dilli başga aýaldan gorar ýaly, danalyga: «Sen meniň uýam» diý. Paýhasa: «Garyndaşym» diý.
6 Bir gezek men öz öýümiň penjiresinden, gözenegiň arasyndan aşak seredýärdim.
7 Nadan jahyllaryň arasynda bir kemakyl ýaş ýigidi gördüm.
8 Alagaraňkyda, agşamara, gije aralaşyp, garaňky düşende, burçdaky ol aýalyň öýüne golaý köçeden geçip, onuň öýüne tarap barýar.
10 Seret, bir aýal öňünden çykdy, loly lybasyndaky gara ýürekli aýal ony garşy aldy.
11 Ol şermendedir hem hötjetdir, öz öýünde oturyp bilmez.
12 Bir görseň köçede, bir görseň bazarda, her burçda bir adama garaşýandyr.
13 Aýal ýigidi gujagyna garbap, ony ogşaýar, Ýüzüni galňadyp, şeýle diýýär:
14 «Men şu gün wadamy ýerine ýetirdim, salamatlyk gurbanlygyny berdim.
15 Şonuň üçin seni garşylamaga çykdym, gözlegiňe çykdym-da, indi tapdym.
16 Dürli gülli müsür matasyndan düşek ýazdym.
17 Düşegime hoşboý ysly mür, sarysabyr hem dalçyn sepdim.
18 Gel, ertire çenli yşkdan doýup-ganýançak, aýşy-eşretden lezzet alaly.
19 Çünki ärim öýde ýok; ol uzak ýola gitdi.
20 Ýanyna kümüşli horjunyny aldy. Aý dolýança, öýe dolanmaz».
21 Ençeme söz bilen özüne maýyl edýär, süýji dili bilen ýigidi yrýar.
22 Ýigit öldürilmäge alnyp barylýan öküz ýaly, bagryndan ok geçýänçä, duzaga howlugýan sugun ýaly, janynyň kastynadygyny bilmän tora barýan guş mysaly, aýalyň yzyna düşýär.
24 Şol sebäpli, ogullarym, maňa gulak goýuň, aýtjak sözüme üns beriň.
25 Ýüregiňiz onuň ýoluna yrylmasyn, onuň ýodalarynda azaşmaň.
26 Çünki ol köpleri ýaralap ýykdy, pidalary sansyz-sajaksyzdyr.
27 Onuň öýi – ölüler dünýäsiniň ýoludyr, ölüme inýändir.